Sungatyň rowaçlanýan mekanynda

19-njy fewralda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Medeni çäre «Sungata sarpaňa sag bol, Arkadag!» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Ýaş, zehinli aýdymçylaryň, teatr artistleriniň hem-de ýurdumyzyň birleşen döredijilik tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde guralan bu çykyş dabaraly çärä özboluşly öwüşgin çaýdy. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň medeniýet işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda Permany esasynda olara sylaglaryň gowşurylmagy hem dabaraly çäräniň aýratyn täsirli, ýatda galyjy pursatlaryna beslendi. Bu ýerde guralan dabaraly konsertiň maksatnamasyny halkymyzyň Arkadagly zamanasynyň, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işleriň waspyny ýetirýän aýdymlar düzdi. Aýdym-sazly dabara bilen ugurdaşlykda guralan sergi hem bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi.
Dabaradan soň, habarçymyz «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolan medeniýet işgärleri bilen gürrüňdeş bolup, olaryň buýsançly ýürek sözlerini ýazga geçirdi.
 
Serdar HAÝDAROW,
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň «Türkmen äheňleri» estrada-simfoniki orkestriniň ýokary derejeli sazandasy:

— Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen milli mirasymyz yzygiderli ösdürilýär, täze döwrüň ruhunda baýlaşdyrylýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň has döredijilikli zähmet çekmekleri, halkymyzy täze sungat eserleri bilen begendirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Men 3-nji synpda okaýan döwürlerim Wekilbazar etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň oba Medeniýet öýünde Çerkez Suhanowdan dutar çalmagy öwrenip başladym. 1991-nji ýylda Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girdim. Meşhur sazanda Amannazar Ataýewiň dutarçylar ansamblyna gatnap, halypadan gadymy aýdym-saz sungatymyzyň inçe syrlaryny, okuwyň daşyndan Muhammet Saparowdan gargy tüýdükde saz çalmagy öwrendim. 1995-nji ýylda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa girdim. Bu bolsa sungat ýolunda has-da kämilleşmegime ýardam berdi. Bu günki gün 30-dan gowrak saz guralynda saz çalyp, dürli öwüşginli sazlary döredýärin.
«Şaýly gelin», «Ýalkamyş bagşy» ýaly kinofilmleriň, «Binýat», «Alpnama» ýaly spektakllaryň sazlaryny ýazdym. Begmyrat Gutlymyradow, Aman Agajykow, Akmyrat Çaryýew, Annageldi Jülgäýew, Aşyr Söýünow ýaly halypalar bilen işleşmek nesip etdi. Şeýle-de «Meňli», «Näzli» tans toparlary, bagşydyr sazandalar bilen ýakyndan işleşýärin. Şu günler «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly täze sazymy tamamlap barýaryn. Bu günki dabaraly çärede hem «Waspnama», «Durnalar» ýaly sazlary ýerine ýetirdim.
Arkadag Prezidentimiz zähmetimize ýokary baha berip, hormatly at bilen sylaglady. Bu bizi mundan beýläk-de joşgunly, döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar hem-de borçlandyrýar. Döredijilik işgärleri barada edýän bimöçber aladalary üçin milli Liderimize hoşallygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
 
Aly ALYÝEW,
Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň hünärmeni:

— Aýdym-saz sungatynyň özi giden bir dünýä. Men hem çagalygymdan aýdym-saza höwesli boldum. 2004-nji ýylda Bereket etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň dutarçylyk toparyna okuwa girdim. Ilkinji halypam Amanguly Baýramgulyýew sungatyň inçe syrlaryny öwretdi. Soňra Watan öňündäki gulluk borjumy ýerine ýetirip, 2009-njy ýylda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa girdim. 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bagty miýesser etdi.
Häzire çenli Meýlis Täşliýew, Begenç Saparlyýew, Annabaýram Aýdogdyýew ýaly kompozitorlar bilen işleşip gelýärin. Eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşleriniň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini, Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan paýtagtymyzyň gözelliklerini wasp edýän «Arkadag bilen», «Aşgabat agşamlary» ýaly aýdymlarymyz diňleýjiler tarapyndan has gyzgyn garşylandy.
2021-nji ýylda ikinji gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldum. Ynha, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bolsa hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, maňa-da «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakyldy. Şu günki dabarada hem täze döreden «Sungata sarpaňa sag bol, Arkadag!», «Arkadag» ýaly aýdymlarymyzy ýerine ýetirdik.
Nesip bolsa, mundan beýläk-de döredijilikli zähmet çekip, döwrüň sesine öz sesimizi goşarys. Döwrümize buýsanmak, toý toýlamak bagtyny peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
 
Azat ORAMADOW,
Mary welaýatynyň Mary şäher Bagşylar öýüniň akkompaniatory:

— Men aýdym-saz sungatyna çagalykdan imrindim. Sungat ýolunda ilkinji halypam agam Ýazmyrat Oramadow boldy. 2011-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutyna okuwa girip, 2016-njy ýylda ony üstünlikli tamamladym. Talyplyk ýyllarymda birnäçe halypa mugallymlaryň üns-aladasy bilen has-da kämilleşmäge uly mümkinçilikler döredi. Şol ýyllarda köp aýdymlary ýerine ýetirdim. Häzirki wagta çenli Ataş Jumaýew, Wepa Jumaýew, Berdimyrat Oramadow, Omar Igamow ýaly kompozitorlar bilen işleşýärin.
Ýurdumyzda zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şu günki dabarada ýerine ýetiren «Halkyň Arkadagly zamanasy», «Aşgabat», «Alkyşnama» ýaly aýdymlarym hem ýaş şahyrlardyr kompozitorlar bilen bilelikde döredilen eserler. Şeýle-de «Margiana» tans topary bilen ýerine ýetiren aýdymlarymyz hem dabarada şowhunly garşylandy.
«Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly adyň berilmegi durmuşymda aýratyn şatlykly, ýatda galyjy waka boldy. Bu waka tutuş maşgalamyzy, dost-ýarlarymyzy begendirdi. Mundan beýläk-de has döredijilikli işlemäge ruhlandyrdy.
Gahryman Arkadagymyz biz — ýaşlara uly ynam bildirýär. Biz hem şol ynama jogap edip, geljekde-de yhlasly zähmet çekeris. Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdymdyr sazlary döredip, diňleýjilerimizi begendirip durarys. Munuň üçin bize ähli mümkinçilikleri döredýän milli Liderimize hoşallygymyz egsilmezdir.
Ýazga geçiren Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.