Täze maksatnama: obasenagat toplumynda möhüm wezipeler

11-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi milli demokratiýanyň dabaralanmagynyň, raýat jemgyýetiniň barha kämilleşýändiginiň ýene bir aýdyň mysaly boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan özüniň milli demokratik däplerini pugtalandyrmak arkaly durnukly ösüşiň baý tejribesini toplady. Umumymilli forum döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy, medeni durmuşynda şanly, taryhy ähmiýetli waka boldy.
Halk Maslahatynyň mejlisinde Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaýyn wezipelerini amala aşyrmagyň meseleleri, milli Liderimiziň: «Biz döwletimiziň ykbaly, nesillerimiziň geljegi üçin uly jogapkärçilik çekýäris. Şoňa görä-de, indi biziň öňümizde şeýle uly wezipe durýar: biz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemelidiris hem-de düzmelidiris» diýen sözlerinden we bu babatda beren tabşyryklaryndan ugur alyp işlenip düzülen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.
Täze maksatnamada ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda, azyk howpsuzlygyny üpjün edýän oba hojalygyna hem aýratyn orun berildi. Bu möhüm pudagyň önümçilik-ykdysady gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi daýhanlara işlemäge, döretmäge, gurmaga we toprakdan bol hasyl öndürip, eşretli durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda daýhanlarymyz ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp, sungat derejesine ýetiren daýhançylyk kesbini ylmyň gazananlary bilen utgaşdyryp zähmet çekýärler.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda pagta, bugdaý, şaly bilen birlikde gök-bakja, ýeralma, halkyň isleg bildirýän beýleki gök ekinlerini, şeýle-de miweli baglary ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Ilaty ýylyň dowamynda gök önümler bilen üpjün eder ýaly, welaýatlarda ýyladyşhanalar hem-de sowadyjylar gurlup ulanmaga berilýär. Gyş paslynda-da bazarlarymyzdaky ter gök-bakja önümleriniň köpdürlüligi bu geçirilýän işleriň miwesidir.
Milli maksatnama laýyklykda, ýokary hilli, halkara ülňülere laýyk gelýän, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa döwrebap önümçilikleri döretmek arkaly Diýarymyzda azyk howpsuzlygy üpjün ediler. Şonuň bilen birlikde, oba hojalyk önümleriniň import edilýän möçberi azaldylyp, eksporty artdyrylar.
Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy, esasan-da, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýokary hilli geçirilmegi, seleksiýa we tohumçylyk işleriniň ylmy taýdan alnyp barylmagy we önümçilige dünýäniň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy arkaly amala aşyrylar. Ylmy-barlag edaralarynda gowaçanyň, däneli, kösükli-däneli we gök-bakja ekinleriniň, şalynyň, ýeralmanyň, miweli baglaryň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylly, ir ýetişýän we kesellere durnukly täze görnüşlerini döretmek hem-de olary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak, welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, ekinleri görnüşleri boýunça ýerleşdirmek işleri alnyp barlar.
Daýhanyň esasy daýanjy bolan oba hojalygynyň tehniki binýadyny berkitmek boýunça daşary ýurtlaryň ýokary öndürijilikli tehnikalaryny we gurallaryny satyn almaga gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi artdyrylar. Ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň gerimi giňär, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmagyň hasabyna meýdanlaryň suw bilen üpjünçiligi has-da gowulandyrylar. Suw tygşytlaýjy gurallar önümçilige yzygiderli ornaşdyrylar, suwarmagyň öňden hereket edýän usullary kämilleşdiriler. Maldarçylyk pudagyny ösdürmäge, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmaga, tohumçylyk işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda alnyp barylmagyna hem aýratyn üns berler.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeler agzybir halkymyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar, syýasatda, ykdysadyýetde we medeni-durmuş ugurlarynda gazanylýan uly üstünlikler döwlet Baştutanymyzyň ady hem-de beýik işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Il-günüň milli döwletlilik ýörelgelerine daýanyp, kämil döwlet gurmakda, jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda belent derejelere ýetip, Gahryman Arkadagymyz bilen XXI asyryň üçünji onýyllygynda täze döwre gadam basandygyny buýsançly bellemek gerek. Geljekde-de bu zamanada ýurdumyzy mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan ähli işleri giň halk köpçüligine düşündirmekde, wagyz-nesihat etmekde, kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde milli parlamentiň agzalary bolup, özümiziň mynasyp goşandymyzy goşarys.
Rejepgeldi MEREDOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, oba hojalyk ylymlarynyň doktory.