Döwürler. Zamanalar. Eýýamlar. Heňňamyň gerdiş-gerdany... Türkmen muňa bir agyz «Çarhy-pelek» diýýär. Ine, şu oýnam sözde hem wagtyň dynuwsyz-dolanuwsyz akymy, nesilleriň üznüksiz zynjyry, adam oglunyň ykballary jemlenen. Wagt şol barşyna ähli zady ýerli-ýerinde goýýar...
Mundan 30 ýyl gowrak ozal türkmen topragynda Garaşsyzlyk daňy atyp, pelek öz çarhyny ýene biziň sary aýlady. Halkymyz ýene-de döwletliliginiň gadymy ýoluna gaýdyp geldi. Öz eli — öz ýakasy. Öz gözi — öz bahasy. Öz köki — öz şahasy...
Garaşsyzlygyň gazanylmagy, elbetde, milletiň taryhy üstünligi, emma welin, ol ahyrky sepgit däl. Gaýta, synly-synagly, deňli-derejeli menziller şondan soň başlanýar.
Arka atylan 30 ýyl. Ädimme-ädim, pelle-pelle geçilen ýollar...
Eýsem, biz bu ýollarda nämeleri gazandyk?! Ýetilen sepgitler öňde nähili gözýetimleri açýar?! Dogrusy, bular barada geçen ýubileý ýylymyzda hem kän söhbet edilipdi, gazanylanlara jikme-jik syn berlipdi...
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň geçen annada, 11-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlisi, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlän sözi, kabul edilen çözgütler hem-ä şol söhbedi özboluşly dowam etdi, hemem geljek üçin düýpgöter täze garaýyşlaryň, täze çemeleşmeleriň, oý-pikirleriň uşlybyny çözledi...
Maslahatyň ilkinji gezek Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi bilen bilelikde geçirilendigini-de aýtmaly. Munuň özi Hökümetiň halkdan aýry zadynyň ýokdugynyň, türkmen aýtmyşlaýyn, “gämiçiniň janynyň birdiginiň” mysaly dälmidir?!
Şeýlelikde, halkyň öňüne düşýän ýolbaşçylaryň 2021-nji ýylyň jemleri baradaky hasabatlary tutuş halk bolup diňlenildi. Geljek üçin wezipeler bilelikde kesgitlenildi.
Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde agzybir il, berkarar döwlet hökmünde, biz öz geljegimiziň 30 ýyllyk maksatnamasyny kabul etdik.
Şol maksatnama bilenem Türkmenistan garaşsyz ösüşiniň täze tapgyryna — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşyna gadam basýar.
Bat — badalgadan, ýol — ýörelgeden başlanýar.
Şeýlelikde, soňky 30 ýylda geçilen ýollar döwür-döwür göz öňüňde janlanýar:
Garaşsyzlygyň geçiş döwri.
Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasy.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri.
Olar bitewi kitabyň aýry-aýry baplary. Bir derýanyň gollary.
...Garaşsyz milli döwlet gurluşyň, milli syýasatyň, halkyň göwnünden turýan milli aňyýetiň, milli ykdysadyýetiň, milli medeniýetiň, milli goşunyň bolmasa, doly-düzgün garaşsyz döwlet bolup bolmaýar. Olary amal edere bolsa wagt gerek. Azyndan 10 — 20 ýyl. Üstesine, hakyky Garaşsyzlygyň adamlaryň bu arzyly gymmatlyga, onuň milli bähbitlerine düşünmegi, öz ykbalyny ýurduň ykbaly bilen baglanyşdyryp bilmegi netijesinde gazanylýandygy hakykat.
Şeýlelikde, garaşsyz ösüşiň ilkinji 15 ýyly döwletiň binýadynyň tutulan, onuň synalarynyň ýerbe-ýer edilen ýyllary boldy. Türkmenistan ýagşy niýetini hemra edinip, özüniň Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy, Konstitusiýasy, milli manady bilen ýola düşdi. Hemişelik Bitaraplygyna eýe boldy...
Dünýe ýaly gadymy halkymyzyň döwletlilik taryhyna ser salsaň, onuň zaman-zaman galkynyşlary, gülläp ösüşleri başdan geçirendigini, şol zamanalaryňam her biriniň, hökman, milli gahrymanyň — hökümdaryň, serkerdebaşynyň ýa-da akyldaryň ady bilen baglanyşyklydygyny görmek bolýar. Hut şolar aýgytlylygy, şahsy göreldesi bilen adamlary öz yzyna düşürip, beýik işlere ruhlandyrypdyrlar.
Garaşsyz Türkmenistanyň täzeden galkynmagy, binýadynyň berkidilip, boýunyň ýetirilmegi, at-abraýynyň dünýä ýaýylmagy, döwletiň berkararlygynyň, halkyň bagtyýarlygynyň doly derejede gazanylmagy taryhyň öňe çykaran Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen, parasatly baştutanlygy bilen aýrylmaz bagly boldy. Ykbal bu günki nesle şeýle giň gerimli taryhy özgertmelere hem şaýat bolmak, hem olary gönüden-göni amala aşyrmak bagtyny eçildi.
Ýeri gelende bellesek, Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň geçirilen senesiniň hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutanlygyna saýlanmagynyň 15 ýyllygy bilen gabat gelmegi ajaýyp sazlaşygy döredip, taryhyň bitewüligi hakdaky pikirlere ýol arçaýar.
2007 — 2022-nji ýyllar... Bu iki senäniň arasynda täze zawod-fabrikleriň, ymgyr uly senagat toplumlarynyň, mekdepleriň, hassahanalaryňdyr syrgyn-syrgyn, hatar-hatar ýaşaýyş jaýlarynyň, muzeýleriňdir kitaphanalaryň müňlerçesi, döwrebap awtomobil ýollarynyňdyr polat ýollaryň, energiýa geçirijileriň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň onlarça müň kilometri, Türkmenistanda öndürilen, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň ýüzlerçe, millionlarça tonnalary, iri halkara taslamalara goýlan milliardlarça amerikan dollarlyk maýa goýumlar... ýatyr.
Adamzat ýaşaýşynyň dürli-dümenliginiň içinde häzirki döwür üçin iň gerekli ýoluň nämedigini ýalňyşsyz kesgitlän milli Liderimiziň syýasaty türkmen döwletine ähli ugurlar boýunça ösüşleri çalt depginde amala aşyrmaga giň ýol açdy. Ynsan we onuň aňy, ruhy döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugry boldy. Halkymyz bu syýasatyň netijesinde şeýle bir jebisleşdi, şeýle bir berkedi, edil kerkawyň gaýalarda kök urşy ýaly, biziň düşünjelerimiz milli ruhuň çuňluklaryna siňip gitdi...
El-ele berip, agzybirlikde amal edilen tutumly işler Türkmenistanyň täze, röwşen keşbini, türkmenistanlylaryň täze, has abadan durmuşyny döretdi. Halk, döwlet, Arkadag düşünjeleri mizemez bitewülige öwrüldi.
Eýsem, görnükli syýasatçy, döwlet işgäri hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy şahsyýetini kesgitleýän aýratynlyklar nämeler?! Çözgütlerde ynamlylyk, gözýetimleriň, garaýyşlaryň giňligi, oýlanyşyklylyk we öňdengörüjilik, yzygiderlilik we toplumlaýynlyk, gujur-gaýratlylyk we täzeçillik...
Beýik özgertmeleriň öňbaşçysy bolan Liderimiziň syýasy portretinde has göwrümli keşpler — Dörediji, Gurujy we Akyldar adamyň keşpleri jemlenip, onuň ruhlandyryjy pikirleri halkymyzyň zähmetini, yhlasyny umumymilli maksada gönükdirdi.
Diňe öz gymmatyny aňlan, özüne doly eýe çykan kişi özgeler bilen deňli-derejeli gatnaşyk saklap bilýär. Ýakynyňdaky adamlaryň gadyryny bilmek, sarpasyny saklamak alysdakylary-da ýakyna getirýär. Bu döwletler babatda-da şeýledir. Diýmek, bu ýyllarda Türkmenistanyň diňe bir geografik däl, eýsem, mazmun taýdan-da has giňän, baýlaşan halkara hyzmatdaşlygy-da ýurduň öz içindäki rowaçlykdan, abadançylykdan aýdyň nyşandyr.
Ykdysady ösüşiň diňe özüniň adamlaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagy kepillendirip bilmeýändigi hakykatdyr. Eýsem, ol munuň üçin diňe zerur şertleri döredýär. Ykdysady ösüşiň durmuş meselelerini çözmäge gönükdirilmegi milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” ýörelgesi bilen baglydyr.
Hormatly Prezidentimiziň Hökümetiň ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda 2007-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2021-nji ýylda ortaça zähmet hakynyň möçberi 366,3 göterim ýokarlanypdyr.
Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny tölemek üçin 2008 — 2021-nji ýyllarda goýberilen maliýe serişdeleri bolsa 1054 göterim artypdyr.
Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan köp çagaly eneleriň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hem anyk çäreler durmuşa geçirilip başlandy.
Gahryman Arkadagymyzyň dürli ýaşdaky, dürli kärdäki ýönekeý raýatlar bilen ýürekdeş söhbetlerine şaýat bolmakdan çeper eser okan ýaly, çäksiz lezzet alýarys. Uly ýurdy birleşdirip duran bitewülik şeýle pursatlarda has aýdyň açylýar. Biz muňa milli Liderimiziň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň başynda welaýatlara saparlary wagtynda hem şaýat bolduk.
Döwlet Baştutanymyzyň ýerlerde ilatyň hal-ýagdaýy, işleriň gidişi bilen ýakyndan tanyşmagynyň we 30 ýyla niýetlenen uzak möhletleýin maksatnamanyň has oýlanyşykly taýýarlanylmagynyň arasynda berk baglanyşygyň bardygy öz-özünden düşnüklidir...
Maksatly myrada ýetýär. Geljek ony hyýalyňda, aňyňda göz öňüňe getirişiňden başlanýar. Könekiler aýtmyşlaýyn, Biribar hem diňe ugruna çykanyňkyny ugruna edýär. Ýol ýolagçynyň ädimleriniň astynda önýär.
Halk bolup maksat tutmak geljege ynamlylykdyr. Umman deý möwçli güýjüňi bir hana, bir akaba gönükdirmekdir.
Halkymyz Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan has uly netijelere garaşýar, onuň birkemsiz ýerine ýetiriljekdigine tüýs ýürekden ynanýar. Şol ynamyň kökleri bolsa ösüşiň arka atylan menzillerinde bitirilen ägirt uly işlerdedir. Bir başa uýup, bir maksada sygnyp, iş tutulanda, ýetilmejek menziliň ýokdugyna türkmen halky öz durmuşynda kemsiz göz ýetirdi.
Halk Maslahatynyň mejlisinde geljek 30 ýylyň maksatlarynyň amala aşyrylmagynyň, esasan, şu günki ýaş nesil bilen baglanyşdyrylýandygy aýratyn nygtaldy.
Tebigat pasyllar bilen, jemgyýet nesiller bilen hemişe täzelenişde. Umman gadymy, tolkunlar — täze. Durmuş gadymy, nesiller — täze.
Bir taýyň, taýçanagyň syçrap duran bedewe öwrülmegi üçin seýis oňa, gör, näçe yhlas siňdirmeli!
Bir bölek almaz daşynyň göwher gaşa öwrülmegi üçin zergär, gör, näçe yhlas etmeli!
Topraga oturdylan nahalyň boý alyp, şaha ýaýyp, bar getirmegi üçin bagban, gör, näçe zähmet çekmeli!
Giň dünýägaraýyşly, döwrüň, ýurduň ýüküni egne alyp biljek mynasyp nesliň kemala getirilmegi bolsa bularyň çaky hem däl. Onuň üçin, gör, näçe şertleriň, mümkinçilikleriň, tagallalaryň utgaşygy gerek!
Adatça, 30 ýyla “bir nesil” diýilýär. Ol bir nesliň dünýä gelip, ese-boýa galmagy, bilim-terbiýe alyp, hünär edinip, özüni görkezmegi üçin ýeterlik mütdet.
Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde sözlän sözünde häzirki wagtda milli ruhly, täzeçe pikirlenmegi başarýan döwrebap nesliň, şol sanda ýaş ýolbaşçylaryň kemala gelendigini, olaryň ähli ugurda ýüki öz üstüne alýandygyny aýdyp, döwlet dolandyryşynda olara ýol bermek babatda iňňän möhüm başlangyjy orta atdy. Munuň özi diňe bir ýaşlara uly ynam bolman, eýsem, onuň her bir türkmenistanlynyň geljekki ykbaly bilen dahylly örän wajyp başlangyçdygy bellidir.
Bu başlangyç Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşan aksakgal ýauşulularyňdyr eneleriň hem goldawyny, oňlamasyny gazandy. Olar hormatly Prezidentimiziň bu aýgytly netijesine syýasy edermenlik hökmünde baha berdiler. Halkymyzyň asyrlaryň synagyndan kemsiz geçen halypa-şägirtlik ýörelgesiniň döwlet derejesine göterilmesidigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, nesliň dowamat-dowamlylygy döwletlilikden nyşandyr, döwrüň, durmuşyň talabydyr, kada-kanunydyr. Pederleriň öňündäki parz, nesilleriň öňündäki mukaddes borçdur.
Halkymyzda “Alma öz agajyndan uzaga düşmeýär” diýen pähim bar. Türkmen döwletiniň garaşsyz ösüşiň 30 ýylynda şeýle nesli ýetişdirip bilmegi turuwbaşdan saýlanyp alnan ýoluň dogrudygynyň-da misilsiz güwäsidir. Döwürler, döwletler, jemgyýetler hemişe adam ýetişdirmek, onuň ornuny kesgitlemek bilen meşgul. Pederler “Bir ýyl öňe seretseňiz, ekin ekiň! On ýyl öňe seretseňiz, daragt ekiň! Ýüz ýyl, müň ýyl öňe seretseňiz, nesil ýetişdiriň!” diýipdirler.
Şonuň bilen bir hatarda hem halkymyz ýaş ýolbaşçylaryň ýokary döwlet işine çekilmegini olara görnükli syýasatçy, dünýäde ykrar edilen döwlet işgäri hökmünde baý tejribe eýesi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halypalyk etmegi, olary kämillige ugrukdyrmagy bilen baglanyşdyrýar. Aýdylyşy ýaly, ýaşuly nesliň aň-paýhasynyň, baý tejribesiniň ýaşlaryň gujur-gaýraty, täzeçilligi bilen utgaşan ýerinde bolsa gazanylmajak maksat, ýetilmejek sepgit ýokdur.
Şeýlelikde, döwletli maslahatyň yzysüre ýurdumyzda möhüm syýasy çärä — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk möwsümine badalga berildi. Halkymyz şu ýylyň 12-nji martynda agzybirligiň, döwletliligiň, bitewüligiň belent nusgasyny görkezip, özüniň röwşen geljegi üçin ses berer. Şeýdibem, täze döwür, täze nesil, täze maksatlar bilen, durmuşyň çarhy ýene-de has röwşen ertirlere tarap aýlanar.
Taryhyň şindiki jogapkärli pursadynda biziň her birimiziň ýürek sesimiz Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde aýdan şu sözlerinde bitewi owaza öwrülýär:
«Eziz Watanymyzyň ýeke-täk bolşy ýaly, şu Watandaky ykbalymyz, geljegimiz hem bitewüdir.
Biziň hemmämizi bir mukaddes duýgy birleşdirýär, ol hem mähriban ýurdumyza, il-halkymyza çäksiz söýgüdir.
Biziň ählimizi bir belent maksat birleşdirýär, ol hem nirede, haýsy wezipede bolanyňda hem, ähli ukyp-başarnygyň, zehiniň, zähmetiň bilen mukaddes Watanymyzyň ösüşine goşant goşmak, ýürek yhlasyň bilen halka hyzmat etmek maksadydyr...».
Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.