Ösüşiň, jebisligiň we agzybirligiň röwşen ýoly

Şu gün — 11-nji fewral Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň iň täze taryhynyň ýyl ýazgysyna şanly sene hökmünde altyn harplar bilen ýazylar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul ediljek «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» geljek 30 ýylyň toplumlaýyn strategik wezipelerini hem-de maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ugurlaryny kesgitlemek bilen, halkymyz üçin mundan beýläk-de has amatly ýaşaýyş şertleriniň döredilmegine badalga berer. Belent maksatlar, giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan düýpli özgertmeler asuda we abadan durmuşymyzy üpjün edýär, döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Adam hakyndaky alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynda hemişe ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli we uzak möhletleýin özgertmeler kuwwatly, köpugurly ykdysadyýeti döretmäge mümkinçilik bermek bilen, halkyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalar arkaly üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmek boýunça täze maksatnamanyň kabul edilmegi diňe bir jemgyýetçilik-syýasy, taryhy jähetden ähmiýetli bolman, eýsem, durmuş-ykdysady babatda hem iňňän uly ähmiýete eýedir. Bu strategik maksatnamada döwletimiziň öňe sürýän esasy wezipeleri öz beýanyny tapmak bilen, oňa laýyklykda, giň gerimli işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Täze maksatnamanyň taslamasynyň ilat arasynda ara alnyp maslahatlaşylandygyny, içgin öwrenilendigini, ol taýýarlananda, raýatlaryň isleg-arzuwlarynyň göz öňünde tutulandygyny aýratyn bellemelidiris. Munuň özi jemgyýetimizi we döwletimizi demokratiýanyň, ösüşiň, jebisligiň hem-de agzybirligiň ýoly bilen mundan beýläk-de täze, belent sepgitlere ýetirmegiň beýanyna öwrüldi, syýasy-ykdysady, durmuş-medeni taýdan ýokary ösüşleri gazanmagyň ýolunda möhüm ähmiýetli ädim boldy.
Türkmenistany geljek 30 ýylda ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda kabul edilmeginde çuňňur many-mazmun bar. Çünki eziz Diýarymyzyň täze taryhynda ýetilen sepgitleriň ählisi Arkadagly zamanamyz, milli Liderimiziň beýik işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli baştutanlygynda berkarar döwletimiz okgunly öňe barýar, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiz esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Giň möçberli özgertmeler, durmuşyň ähli ugurlary boýunça guwandyryjy netijeler, depginli ykdysady ösüşler her bir türkmenistanlynyň kalbynda egsilmez buýsanç duýgularyny döredýär, ruhuny has-da belende galdyrýar.
Şu gün geçirilýän Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi merdana ata-babalarymyzyň milli demokratik ýörelgeleriniň dabaralanýandygyna, olaryň gymmaty gaçmajak baý taryhy we durmuş tejribelerine, köpasyrlyk parasatly däplerine gyşarnyksyz eýerilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Jemgyýetimiziň agzybirligini we bitewüligini üpjün edýän gadymy däplere daýanmak, milli ýörelgelerimizi täze mazmun bilen baýlaşdyrmak, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýaly asylly häsiýetlere üýtgewsiz ygrarly bolmak hem-de olary has-da rowaçlandyrmak türkmenler üçin kadadyr. Umumymilli forumyň gün tertibine girizilen parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini halkymyzyň wekilleri bilen giňden ara alyp maslahatlaşmak — munuň özi döwletlilikden we agzybirlikden nyşan. Onuň dowamynda kabul ediljek çözgütler bolsa il-ýurt ähmiýetli, taryhy çözgütlerdir.
Halk Maslahatynyň mejlisleri döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine üýtgewsiz ygrarlylygy ýüze çykarýan umumymilli derejedäki wekilçilikli forum hökmünde eýeleýän ornuny berkitdi. Gadymy gymmatlyklarymyza we köpasyrlyk däp-dessurlarymyza laýyklykda, halkymyzyň, geljekki nesillerimiziň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge degişli meseleleri yzygiderli hem-de açyk ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmak ýurdumyzda indi asylly däbe öwrüldi.
Ata Watanymyz depginli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Bu ýol jemgyýetimiziň jebisleşendigini we ýurdumyzy toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça saýlanyp alnan ugruň dogrudygyny aýdyň tassyklady. Täze taryhy eýýamda Garaşsyz Watanymyzda gazanylýan ähli üstünlikler bolsa hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli, oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň oňyn netijeleridir. Milli Liderimiziň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen şygary halkymyzyň abadançylygynyň we eşretli ýaşaýşynyň kepili hökmünde çykyş edip, ýurdumyzy bedew bady bilen ynamly öňe gitmäge, täze üstünliklere ýetmäge ruhlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň raýat jemgyýetini kemala getirmäge, türkmen halkynyň asylly däplerini, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmaga gönükdirilen ägirt uly işleri ildeşlerimiziň goldawyna mynasyp bolýar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi şu taryhy günde halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, ata-babalarymyzyň mukaddes wesýetlerine gyşarnyksyz wepalylygyny ýene bir gezek tassyklap, döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolar. Umumymilli forumda kabul ediljek çözgütleriň we täze strategik maksatnamanyň diňe halkyň bähbidini nazarlaýandygy bolsa bagtyýar raýatlarymyzda Arkadag Prezidentimize, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan buýsanjy has-da artdyrýar. Şonuň üçin hem halkymyz milli Liderimiziň ýurdumyzy çalt depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatyny doly goldaýar.
«TÜRKMENISTAN».