Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň täze taslamalary bilen tanyşdy

Aşgabat, 10-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekowyň haýyşy boýunça paýtagtymyzda dürli täze desgalaryň birnäçesiniň taslamalary, şeýle hem käbir gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysynyň hem-de “Buig Türkmen” kompaniýasynyň wekiliniň hasabatlaryny diňledi.
Şäherlerde we obalarda toplumlaýyn düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda yzygiderli amala aşyrylýan hem-de eziz Watanymyzyň ähli sebitlerini, ähli künjeklerini gurşap alan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugrudyr. Elbetde, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň gözbaşynda ak mermerli paýtagtymyz durýar. Ol özüniň ajaýyp desgalary bilen haýran galdyrýar. Aşgabat häzirki zamanyň uly şäherine, sebitde, we dünýäde iň owadan hem-de ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriň birine öwrülýär.
Soňky ýyllarda türkmen paýtagtynyň okgunly özgerýän binagärlik keşbini ajaýyp binalaryň we desgalaryň tutuş toplumlary bezedi. Olar täze taryhy eýýamyň hem-de milli Liderimiziň durmuşa geçirýän oňyn döwlet syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Ýakyn geljekde ýurdumyzyň baş şäherini nobatdaky täze desgalar bezär.
Häzirki wagtda Aşgabat sebitde we bütin dünýäde oňyn hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezine hem-de türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy, onuň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmak isleýän daşary ýurtly syýahatçylaryňdyr jahankeşdeleriň iň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Munuň özi iri halkara ähmiýetli çäreleri yzygiderli geçirmek hem-de daşary ýurtly myhmanlary mynasyp garşylamak üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygyny şertlendirdi.
Şu babatda milli Liderimiziň yzygiderli tagallalary bilen, birnäçe gurluşyk taslamalarynyň amala aşyrylmagy meýilleşdirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki tanyşlygynyň dowamynda şol taslamalaryň birnäçesini gözden geçirdi.
“Buig Türkmen” kompaniýasynyň baş direktory Alekseý Reşow Aşgabat şäheriniň merkezinde binalary döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulýan işler, hususan-da, ozalky Hökümet münberiniň, B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň durkuny döwrebaplaşdyrmak, umuman, şäheriň şu künjegini abadanlaşdyrmak boýunça meýilleşdirilýän işler barada taslamalaryň üsti bilen hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen tanşyp, gurluşyk serişdeleriniň hiliniň ýokary derejeli we görnüşleriniň köpdürli bolmagynyň, binalaryň içki gurluşynyň, bezeginiň, reňk öwüşgininiň şu töweregiň beýleki binalary bilen sazlaşykly utgaşmagynyň örän möhümdigini nygtady.
Gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy, durky döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň işleriniň öz wagtynda tamamlanmagy we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir. Munuň özi ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň köpugurly kuwwata eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz ozalky Hökümet münberini işewür duşuşyklaryň geçirilýän merkezine öwrüp gurmagy tabşyrdy. Şol ýerde işewürler bilen gepleşikleri geçirmek mümkinçiligi, tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirmek hem-de dürli taslamalary görkezmek, umuman, işewürlik merkezi üçin hemme zerur şertler döredilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz binalaryň, desgalaryň gurluşygynda bolşy ýaly, olaryň bezeg işlerinde, şol sanda ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň hem-de ylmyň gazananlarynyň işjeň ulanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy tanyşdyrdy. Şol desgalaryň hatarynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hojalyk müdiriýetiniň binalary we desgalary, Döwlet serhet gullugynyň üç sany 2 gatly 18 öýli ýaşaýyş jaýlary, hojalyk müdiriýetiniň 150 orunlyk esgerler ýatakhanasy, 150 orunlyk esgerler naharhanasy bar.
Milli Liderimiz taslamalar bilen tanşyp, harby gullukçylaryň durmuş üpjünçiligi meseleleriniň oňyn çözülmegi, olaryň maşgala agzalary baradaky aladanyň ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy, netijeli zähmet çekmegi, Watanymyzyň bähbidine ak ýürekden gulluk edip, uly üstünlikleri gazanmagy ugrunda toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny nygtady.
Milli Liderimiz döwletimiziň geljekde hem bu ugurda degişli işleri geçirjekdigini, amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan häzirki taslamalaryň hem şol işleriň aýdyň netijesi bolup durýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe düzedişleri girizip, bu işleri berk gözegçilikde saklamak barada anyk tabşyryklary berdi.
Mälim bolşy ýaly, ozal harby we hukuk goraýjy edaralara azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, dürli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ekerançylyk ýerleri bölünip berildi. Munuň özi azyk üpjünçilik bölümleriniň döredilmegine gönükdirilendir. Görkezilen taslamalaryň amala aşyrylmagy arkaly ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylar.
Soňra Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat bilen çykyş edip, birnäçe taslamalary milli Liderimiziň garamagyna hödürledi. Hususan-da, ol Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurluşygy alnyp barylýan Söwda we işewürlik merkeziniň baş meýilnamasy we umumy görnüşi, Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda gurluşygy alnyp barylýan 8 sany edara ediş we söwda maksatly binalaryň umumy görnüşi, A.Nyýazow şaýolunyň we Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda gurluşygy alnyp barylýan Söwda we dynç alyş merkeziniň baş meýilnamasy we umumy görnüşi barada taslamalaryň üsti bilen milli Liderimizi tanyşdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz halkymyz üçin has amatly şertleri döretmegiň şähergurluşyk maksatnamasyny hem-de tutuş döwlet syýasatyny amala aşyrmakda esasy ýörelge bolmalydygyna ünsi çekdi. Milli binagärligiň iň gowy däplerini we dünýäniň şähergurluşyk babatdaky gazananlaryny özünde jemleýän, giň gerimde gurulýan döwrebap desgalaryň ählisi şu ýörelgä laýyk gelmelidir.
Bina edilýän ähli desgalaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuna doly laýyk gelmegi baş wezipe hökmünde kesgitlenildi. Munuň özi adamlaryň bagtyýar durmuşy hem-de döredijilikli zähmet çekmegi üçin hemme şertleriň döredilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Merkezler gurlanda, olaryň binagärlik keşbine, yşyklandyryş hem-de inženerçilik-tehniki ulgamlaryna aýratyn üns berilmelidir. Şunuň bilen birlikde, desgalaryň niýetlenen ugruna laýyk enjamlaşdyrylmagyny, söwdany hem-de bu ýere gelýänleriň medeniýetli dynç almagyny degişli derejede guramak üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutmak zerurdyr.
Desgalar gurlanda we olarda timarlaýyş işleri geçirilende, ýokary hilli serişdeler ulanylmalydyr. Şol serişdeler ýurdumyzyň ekologiýa we howa şertlerini, halkymyzyň durmuşyndaky milli bezeg aýratynlyklaryny nazara almak bilen, berkligi we amatlylygy göz öňünde tutulyp seçilip alynmalydyr. Binalaryň we desgalaryň keşbinde, içki bezeginde milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen sazlaşykda dünýäde binagärlik we bezeg ulgamyndaky gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi ýurdumyzda gurulýan desgalara aýratyn öwüşgin çaýýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Milli Liderimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň töwereginde täze söwda merkeziniň gurluşygy barada aýdyp, bu desganyň Aşgabadyň binagärlik keşbiniň ýene-de bir bezegine öwrülmeginden başga-da, onuň üstaşyr geçip barýan ýolagçylara we beýleki isleg bildirýän adamlara ýurdumyzda öndürilýän köp görnüşli önümler bilen tanyşmaga hem-de dürli sowgatlyk önümleri almaga mümkinçilik berjekdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we düzedişlerini girizdi hem-de şolary ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Desgalar ulanylmaga berlende, olaryň enjamlaşdyrylyşynda täzeçil tehnologiýalar, nou-haular, sanly ulgamlar üpjün edilmelidir. Şoňa görä-de, milli Liderimiz öňdebaryjy tejribäni peýdalanmak baradaky meselelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde milli binagärlik ýörelgeleri bilen ylmyň soňky gazananlary utgaşykly ýerine ýetirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow hasabat bilen çykyş edip, käbir taslamalary milli Liderimiziň garamagyna hödürledi. Wise-premýer, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň we Kemine köçesiniň ugrunda ýaşaýyş jaýlarynyň bölekleýin döwrebap täzelenilmeginiň teklip edilýän baş meýilnamasy bilen tanyşdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar we ugurdaş çyzgylar bilen tanşyp, şolar durmuşa geçirilende, ýokary hilli gurluşyk we bezeg serişdeleriniň ulanylmagynyň, şol serişdeleriň milli binagärlik aýratynlyklaryna laýyklykda peýdalanylmagynyň möhümdigini tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu işler ýerine ýetirilende, şäher ilatynyň ýokary derejeli ýaşaýşyny üpjün etmegiň möhüm ugur bolup durýandygyny nygtady. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň talaplaryna doly laýyk gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda wise-premýere hem-de Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň baş meýilnamasy, onuň içinde ýerleşjek desgalaryň görnüşleriniň taslamalary bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen tanşyp, toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň öňde goýlan ähli wezipeleri çözmäge täzeçil we oýlanyşykly çemeleşmäni, öňdebaryjy tehnologiýalary we iň gowy dünýä tejribesini çekmegi ugur edinýändigini belledi. Milli Liderimiz täze desgalaryň gurluşygynyň ähmiýetini nazarda tutup, onuň gurluşygynda ýokary hil derejesine we iki halkyň milli özboluşlylygyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle desgalar gurlanda her bir zady, olaryň maksadyny we oýlanyşykly ulanylmagyny göz öňünde tutmagyň möhümdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň türkmen we özbek halklarynyň gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde we mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli işleriň biri boljakdygyny hem-de dürli ugurlarda ýaýbaňlandyrylan hyzmatdaşlygyň depginli ösdürilmegine uly ýardam berjekdigini aýratyn belledi.
Şeýle hem “Daşkent” seýilgähiniň Aşgabatda peýda bolmagy döwletimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk syýasatynyň dabaralanýandygynyň nyşanyna öwrüler diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz bu taslama amala aşyrylanda, goňşy we doganlyk ýurduň halkynyň milli aýratynlygyny nazara almagyň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz onuň bezeg işlerinde milli çeperçilik däpleriniň häzirki döwrüň binagärlik aýratynlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň, desganyň netijeli bolmagynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk maksatnamalarynyň talabydygyny nygtady we wise-premýere hem-de Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde 320 orunlyk çagalar baglarynyň görnüşleri we ýerleşiş çyzgylary beýan edilen taslamalary hem gözden geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda döwrebap durmuş-ykdysady düzümi döretmek üçin uly möçberli maýa goýumlaryň gönükdirilýändigini nygtady. Şoňa görä-de, gurulýan çagalar baglarynda bu talaplaryň berjaý edilmegi üçin hemme şertleriň üpjün edilmegini gazanmak möhüm wezipe bolup durýar, çünki halkymyzyň, her bir maşgalanyň, her bir çaganyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan esasy ugrudyr.
Milli Liderimiz munuň ugurdaş desgalaryň gurluşygynda hem öz beýanyny tapýandygyny nygtap, şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Taslama köçesinden Jülge ýoluna çenli aralygyň, Köpetdag şaýolunyň döwrebap täzelenilmeginiň teklip edilýän çyzgysy, duralgalaryň, ýol hereketi belgileriniň, yşyk sütünleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen ünsli tanşyp, ýollary çekmek ýa-da olary täzelemek ulgamynda öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýollaryň ugrunda ýerleşdiriljek duralgalaryň döwrebap derejesiniň we ýolagçylar üçin amatlylygynyň, oturdyljak yşyk sütünleriniň oňaýlylygynyň üpjün edilmegini, ýol hereketi belgileriniň oýlanyşykly goýulmagyny gazanmagyň möhümdigi bellenildi. Şu ýörelgeleri berjaý etmek taslamany düzüjiler, ony amala aşyrýanlar hem-de inženerler üçin ýol görkeziji bolmalydyr. Işleriň ýokary hilli hem-de awtomobil ýolunyň halkara ölçeglere laýyk gelmegini üpjün etmek olar üçin esasy talap bolup durýar.
Hökmany suratda ýol örtüginiň ýokary hil derejesini üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilmelidir. Awtomobil ýolunyň netijeli gatlarynyň mäkämligini artdyrýan serişdelerden ybarat boljak ýol örtüginiň we köpgatly ýer düşeginiň göterijilik ukybyny artdyrmak ýörelgelerine hem üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tarapyndan döwlet derejesinde ýakyndan goldaw berilmegi netijesinde, ýurdumyzda halkara ähmiýetli ýol ulgamyny döretmäge we mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylýandygyny bellemek gerek. Munuň özi milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmakda we onuň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagynda ulag ulgamynyň möhüm orny bilen şertlendirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň desgalaryň potratçylaryna we buýrujylaryna bildirilýän üýtgewsiz talapdygyny ýene-de bir gezek belledi hem-de bu ugurda geçirilýän işleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şeýlelikde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuny beýan edýän dürli düzümleýin taslamalary taýýarlamak we durmuşa geçirmek meseleleri milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Şunda döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan ägirt uly şähergurluşyk maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde gurluşyk toplumyna möhüm orun degişlidigi nusga alarlykdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan hem-de milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegine, durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, döwrebap, ýokary tehnologiýaly desgalaryň hem binalaryň ulanyşa tabşyrylmagyna gönükdirilen bu döwlet maksatnamalary biri-biriniň üstüni sazlaşykly ýetirip, Watanymyzyň gülläp ösmegini we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegi baş maksat edinýär.