«Bu ýol Tejene barýar»

Taryhy tejribäni we häzirki zamanyň ösen tehnologiýasyny ösüşiň möhüm ugurlaryna öwren milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bolup geçýän özgerişler umumadamzat gymmatlyklarynda ileri tutulýan dünýägaraýşyň kämilliginiň, ýagny «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygaryň ynsan mertebesini sarpalamagyň durmuş hakykaty bilen döredijilik ýollarynyň utgaşdyrylmagynyň aýdyň nyşanydyr. Döredijilik ýoly diýlende, diňe bir çeper döredijilik göz öňünde tutulmaýar. Onuň iňňän uly manysynyň bardygyna ýurdumyzyň çar künjünde gurlup ulanmaga berilýän medeni-durmuş üpjünçilikli täze-täze binalaryň milli äheňleriň sazlaşygyna öwrülmegi arkaly her welaýatyň, şäherdir etraplaryň, oba-kentleriň özgerip barýan keşbini synlanyňda hem magat göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzyň bu günki binagärlik keşbinde Arkadagyň döredijilik ýolunyň kämillik nury şugla saçýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň şäherdir obalarynda ýaýbaňlanýan özgerişler wagtyň keşbini, döwrüň ruhy joşgunyny şöhlelendirip, geljege ýaň salýar.
Ýer-ýurduň rysgy bilen baglanyşykly gürrüň edilende, «çörekli ýer», «rysgally ýer» diýlip agzalýan Tejen uzak taryhy döwrüň dowamynda döwletli mekanlaryň birine öwrülip, halky hakydada orun alypdyr. Häzirki Babadaýhan etrabyny hem öz içine alan bol bereketli topraga sygnylyp, hasyllylygyň mesgeni hökmünde ýatlamalara siňen Tejen halk döredijilik eserlerinde, şahyrlarymyzyň şygyrlarynda, bagşylaryň aýdymlarynda wasp edilipdir. Türkmende «O Tejen, bu Tejen, künjülije Tejen, künjüsi çüteje bitenje Tejen» diýen ýaňyltmajy bilmeýän ýok bolsa gerek.
Tejeni türkmen edebiýatynyň taryhyna girizip, ony hemişe hatyralanjak mekanlaryň birine öwren kämil nusgawy eserler Gahryman Arkadagymyzyň öz galamyna hem degişlidir. «Неr bir obanyň öz hakyda hem-de ýazuw taryhy bolmalydyr. Adamlar öz meşhur obadaşlaryny, olaryň zähmet edermenliklerini, eziz obasynyň ösmegine goşan goşandyny bilmelidirler» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romanynda bu ýörelgäniň dowamyny yzarlamak bolýar. Romanda tebigat gözelligine, Tejeniň köpdürli ösümliklere we janly-jandarlara baýlygyna, mes toprakly ekinzarlygyna, mallary agyp-dönüp ýören öri meýdanlaryna bolan söýgi dolup-daşýar. «Tejeniň aýagy Türkmenistanda iň gözel ýer bolsun gerek. Giden bir tokaýlyk, giden bir otarlyk-adyrlyk. Bu ýerde adyny tutan otuň, adyny tutan daragtyň, adyny tutan jandaryň bar. Tokaýymyzy, otarymyzy, Serwazlyguýynyň töweregini, ol ýerlerde dowarlaryň, ýylkylaryň agaýana sonarlap ýörüşlerini görüp, Abanyň göwni çag-çag açyldy. «Beýle jenneti ýerem bar eken-ow» diýip, ol birki gezek gaýtalady» diýen çeper suratlandyrmadaky Tejeniň ajaýyp tebigat gözelliginiň waspy Watan söýgüsiniň teswiridir.
Gahryman Arkadagymyz diňe bir Tejeni däl, eýsem, oňa barýan, ondan gelýän ýollaryň hem täsin ykbally keşbini öz eserinde ajaýyp suratlandyrýar. Romanyň birinji bölüminiň «Bu ýol Tejene barýar» atly sözbaşy bilen açylmagy hem muňa aýdyň mysaldyr. Kitabyň ýene bir sözbaşysy bolsa «Göz görmänkä köňül galkar ýa-da bu ýol Tejenden gelýär» diýlip alynýar. Bu ýagdaý Tejeniň ýollarynyň mysaly keşbini janlandyrýar. Romandaky: «Olaryň ählisiniň nazary Tejene gidýän ýoldady» diýen ýaly setirlerde hem köňüller küýseginden söz açylýar. «Döwlet guşy» romanyndaky: «Ylaýym bu ýol Tejenden gelinýän ýol bolsun. Bu ýoldan köp-köp hoş habarlar gelsin!» diýip edilen arzuw-dilegler hasyl bolup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Tejen ýoly älem giňişligine parahatçylykly maksatlar bilen uzaýan aýdyň ýola öwrüldi. Indi Tejene barýan ýollar döwlet derejesindäki arzuw-umytlar bilen utgaşyp, bütin türkmen halkynyň maksat-matlabynyň, söýgüsiniň, yhlasynyň, ynamynyň, ýaşaýyş dowamatynyň dünýä giňişligine tarap uzaýar. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Tejene barýan ýollar XXI asyryň Beýik Ýüpek ýolunyň ugry arkaly dünýäniň halklaryny parahatçylygyň we ynanyşmagyň maksady bilen, hoşniýetli gatnaşyklara, özara bähbitli hyzmatdaşlyga, ýakyn-u-alysdaky halklar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryna sary uzaýan ýollara öwrülýär.
                                                    * * *
Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, döredijilikli işleriniň netijesinde obalarymyz günsaýyn özgerýär. Ýurdumyzyň her bir welaýatynda, etrabynda bina edilýän iri binagärlik-gurluşyk desgalary halkymyzyň medeni-durmuş galkynyşynyň nyşanyna öwrülip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň keşbi, jemgyýetiň durmuşynyň sahawatynyň, rowaçlygynyň, ruhy-medeni galkynyşynyň waspnamasy bolup, täze taryhyň sahypalaryny bezeýär. Ahal welaýatynyň Babadaýhan, Kaka etraplarynda açylan täze dokma toplumlary hem Arkadagly döwrüň ösen binagärlik sungatynyň aýdyň mysalydyr.
Dana Döwletmämmet Azadynyň:
Hak üçin kim eýlese metjit bina,
Uçmah içre Hak kylar köşgi bina,
Medrese-ýu hanakadan köp sogap,
Haýr eýesine bitilgeý, ýok hasap,
Ýollara köpri salanlara ýene,
Gije-gündiz üstüne rehmet ýaga —

diýen setirlerine halkyň asyrlarboýy ykrar eden duýgy-düşünjesi siňipdir. Paýhas bilen durmuşyň manysyny tiren ata-babalarymyzyň pendi-nesihaty ynsaba, ýagşy niýetlilige daýanýan halkyň milli ýörelge mekdebini kemala getiripdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda halky hakydada ýaşap gelýän pähim-paýhasy durmuşa döredijilikli çemeleşmegiň ahlak we edep ýörelgeleriniň binýadyna öwrüldi. «Zeminiň abadanlygy — ulus-iliň abadanlygy» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň çar künjünde gurlup ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalar Watanymyzyň görküne görk goşýar.
Uzaklardan howalanyp görünýän kaşaň önümçilik ymaratlaryny synlamagyň höwesi küýsegli ýollaryň yşky bilen köňülleri telwaslandyrýar. Ol ajaýyp binalary görmek höwesinden ylhamlanyp, Magtymguly şahyryň: «Ýagşylar tutmuş binany...» diýen sözüni buýsanç bilen gaýtalap, şaglap ýatan şaýollaryň ugry bilen Hak nazary düşen topraga tagzyma ugralýar.
Gyzylgül TAGANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.