Uly iliň rysgaly

14-nji ýanwarda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjek resminamalaryň birnäçesine gol çekdi. Munuň özi ýurdumyzda obasenagat toplumynyň durnukly ösüşini pugtalandyrmak we üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak babatda uly tagallalaryň edilýändiginiň ýene-de bir subutnamasy boldy.
Türkmenistanyň sebitleriniň toprak-howa şertlerine laýyklykda, maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi esasynda oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyl berýän, ir ýetişýän täze görnüşleri döredilýär. Häzirki zaman talaplaryna kybap gelýän iri maldarçylyk, guşçulyk, balykçylyk toplumlary, ýyladyşhanalar gurlup ulanmaga berilýär. Agrar gatnaşyklary kämilleşdirmek, obasenagat toplumynyň düzümine döwrebap tehnologiýalary, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak maksady bilen, anyk işler durmuşa geçirilýär. Döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikler, bereketli topragymyzda ekinleriň bol hasyllylygyny, maldarçylygyň netijeliligini gazanmaga gönükdirilen şertler oba hojalykçylaryň öndürijilikli işlemegine, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryna giň mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň başynda welaýatlara iş saparlarynyň dowamynda öri meýdanlaryň ýagdaýy bilen tanyşmagy, maldarlar, balykçylar, telekeçiler bilen duşuşyp, söhbetdeş bolmagy ildeşlerimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.
Häzirki döwürde oba hojalyk toplumy tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyna, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine, biologik deňagramlylygyň saklanmagyna, milli ykdysadyýetiň kuwwatlanmagyna önjeýli täsirini ýetirýär. Azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna, ýerli önümleriň hasabyna senagatyň çig mal serişdeleri bilen üpjün edilmegine goşant goşýar. Halkyň sagdyn iýmitlenmegini gazanmak, durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ilaty iş orunlary bilen üpjün etmek meseleleriniň çözülmeginde möhüm wezipeleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan obasenagat toplumynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen tagallalar milli maksatnamalarda we kanunçylyk namalarynda giň beýanyny tapýar. Bu ugurda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem anyk wezipeler bellenilip, olar yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Dünýäde agrosenagat pudagy adatylykdan innowasion çözgütlere we oýlap tapyşlara, täze bazarlary döretmäge mümkinçilik berýän ýokary tehnologiýaly ugra öwrülýär. Sanly intellektual çözgütler oba hojalygynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmäge şert döredýär. Şu jähetden, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmakda, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde mehanizmleşdirilen işleriň innowasion usullarynyň bökdençsiz ýola goýulmagyna aýratyn üns berilýär. Ekerançylyk ýerlerini gurplandyrmak, miweli baglary we üzüm nahallaryny ösdürip ýetişdirmek, ýeriň şoruny aýyrmak, ekin dolanyşygyny alyp barmak, suwy tygşytlamak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki çäreler geçirilýär. Aslynda, ekinlere ideg etmek we olardan bol hasyl almak ugrundaky çäreleriň ählisi ylmy esasda alnyp barylýar.
Agrosenagat toplumynyň sanlylaşdyrylmagynyň esasy maksady serişdeleri hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan usullary netijeli peýdalanmak bilen, oba hojalyk önümleriniň hasyllylygyny, hilini, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan, harajatlaryň azaldylmagyny gazanmakdan ybarat bolup durýar. Munuň özi topluma sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakda, döwrebap hyzmatlary ýola goýmakda, sarp edilýän harajatlary we wagty tygşytlamakda, pudakda öňdebaryjy işewürleriň kemala gelmeginde täze mümkinçilikleri açýar. Şol bir wagtda pudaga döwlet düzgünleşdirmesiniň we gözegçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, maýa goýumlary çekmegiň täze görnüşlerini emele getirmäge, ekin we önümçilik dolanyşygynyň netijeliligini gazanmaga, bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly itergi berýär.
Oba hojalygyna maglumat-kommunikasiýa ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy önüm öndürijileriň zerur maglumatlar bilen doly we wagtynda üpjün edilmegine, alyş-satyş bilen bagly çykdajylaryň peselmegine, harytlaryň sarp edijilere gowuşmagynyň tizleşdirilmegine, şeýle-de hünär derejeli işçi güýjüne zerurlygyň oňyn çözülmegine ýardam berýär. Ekerançylygyň mehanizmleşdirilen işiniň sanlylaşdyrylmagy we telematik ulgam arkaly dolandyrylmagy bilen, ýerine ýetirilen işler hakyndaky maglumatlary merkezleşdirmäge, seljermäge, hasabatlary takyk ýöretmäge hem-de esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik döreýär. Maldarçylyk pudagyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bolsa mallaryň baş sanyna gözegçilik etmäge, kadaly weterinar hyzmatlary ýola goýmaga, sürüleri netijeli dolandyrmaga, öri meýdanlarynyň suwlulandyryş desgalaryny abat saklamaga, olary dikeltmäge we mallaryň seçgi-tohumçylyk işini ylmy esasda geçirip, ýokary önüm berýän tohum mallaryny köpeltmäge zerur şertleri üpjün edýär. Şunda ygtybarly kanunçylyk binýadynyň döredilmegi hem-de onuň döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmegi möhüm wezipeleriň biri hökmünde öňe çykýar. Oba hojalygyny hemmetaraplaýyn we düýpli özgertmäge gönükdirilen wezipeleriň çäklerinde kabul edilen «Azyk howpsuzlygy hakynda» (rejelenen görnüş), «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary obasenagat toplumynyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň aýdyň mysallarydyr. Bu möhüm resminamalarda Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän, şeýle-de raýatlaryň kadaly iýmitlenmegine hukugyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny belleýän düzgünler we bu babatda göz öňünde tutulýan çäreler giňişleýin beýan edilýär.
Mälim bolşy ýaly, 11-nji fewralda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirilip, onda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ara alnyp maslahatlaşylar. Maksatnamada geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmegiň wezipeleri göz öňünde tutulýar. Onda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmekdäki wajyp wezipelere-de möhüm orun berilýär. Ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmagyň, hasyllylygy ýokarlandyrmagyň, ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümlerini öndürmegiň hasabyna azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen we importyň ornuny tutýan önümçilikleri çalt depginlerde ösdürmek boýunça meýilleşdirilýän giň gerimli işler bolsa obasenagat toplumynyň geljegi uly tutumlaryndan habar berýär.
Nerçe ÖWLÜÝÄGULYÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň MejlisiniňDaşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň baş hünärmeni.