Döwletlilik ýoly bilen

Halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biri-de il-gün ähmiýetli wajyp meseleleri maslahatlaşyp, agzybirlikde çözmek dessurydyr. Bu gadymy ýörelgäniň dowamy hökmünde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisleri döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň täze gözýetimlerini açýar, parasatly, oýlanyşykly çemeleşmeleriň netijesinde her bir ugurda düýpli işleriň anyk şertlerini kesgitleýär. Iň täze taryhymyza ser salanyňda-da, Halk Maslahatynyň işiniň halkymyzyň bolelin, asuda, parahat, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydygyna göz ýetirmek bolýar.
Halk Maslahaty — döwletlilik ýoly. Hormatly Prezidentimiz: “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly kitabynda: “Biz ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuw edip gelen döwletini, beýik Magtymgulynyň “Berkarar döwlet istärin” diýip, şygra salan we “Gurdugym, aslynda, bilgil, bu Zeminiň myhydyr, Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy” diýip, ruhy taýdan esaslandyran döwletini gurduk. Şeýdip, halkymyzyň arzuwlaryny hem maksatlaryny hakykata öwürdik” diýip nygtaýar. Mähriban Arkadagymyzyň parasatlylyk bilen, oýlanyşykly hereket edip, öňe sürýän başlangyçlary berkarar döwletimiziň binýatlaýyn esaslaryny pugtalandyrmak, ösen jemgyýeti gurmak maksadyndan ugur alýar.
Ýakynda — 27-nji ýanwarda geçiren iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk işlerine garap, Garaşsyz döwletimizi 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň möhüm ugurlaryny kesgitlemegiň onuň esasy meseleleriniň biridigini nygtady.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şöhratly ýolunda döwletimiz ösüşiň dürli döwürlerini tapgyrlaýyn geçip gelýär. Şu ýolda-da milli demokratiýanyň döwrebap esaslary döredildi. Geçen ýyl Milli Geňeşiň iki palataly ulgamyna — Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat parlament ulgamyna geçilmegi bolsa demokratik ösüşiň täze tapgyryny alamatlandyrdy.
Mähriban Arkadagymyz Garaşsyzlygymyzyň giň mümkinçiliklerini halkyň bagtyýar, eşretli ýaşaýşyny, ösen durmuşyny üpjün etmäge gönükdirdi. Kabul edilen giň gerimli döwlet maksatnamalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gyzgalaňly işlere täze badalga bermek bilen, halkyň ýaşaýyş şertleriniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün etdi.
Türkmenistanyň her bir raýaty, her bir maşgalasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň mümkinçiliklerinden paýly bolup, durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň saýlap alan ýolunyň röwşen geljege uzaýan aýdyň ýoldugyna anyk göz ýetirdi. Bitirilýän beýik işler ilatyň ýaşaýyş-durmuşyny düýpli özgertmek bilen, halkymyzy milli Liderimiziň daşyna has-da jebisleşdirdi, döwletimiziň abraý-mertebesini has-da belende göterdi.
Bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzda gender deňligini doly üpjün etmekde, türkmenistanly aýal-gyzlary döwlet we halk hojalyk işlerine giňden çekmekde, olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp, durmuşda öz orunlaryny tapmagyna mümkinçilikleri döretmekde, öndürijilikli işläp, durmuşyň hözirini görüp ýaşamagyny, döwrebap nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegini üpjün etmekde hem möhüm işleriň amala aşyrylandygyny bellemelidiris.
Ýurdumyzy geljek 30 ýylda ösdürmegiň Maksatnamasynyň nurly ertirleriň çelgilerini özünde jemläp, döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrjakdygy, her bir maşgalanyň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrjakdygy aýdyňdyr. Agzybirlikde, asudalykda, parahatçylykda ynam bilen ädilýän ädimler Watanymyzyň şanyna şan goşup, ösüşli ýollara dowamat-dowam berýär.
Döwletimiz bu günki gün bütin dünýäde çalt depginde ösýän, kuwwatly ýurtlaryň hatarynda tanalýar. Mähriban Arkadagymyz: «Biz öz ýolumyzy tapdyk we şol ýol bilen gyşarnyksyz barýarys” diýip, buýsanç bilen belleýär. Döwletiň ykdysady kuwwatynyň artmagy, gurulýan desgalar, medeniýetiň, sungatyň, ylmyň, bilimiň ýokary derejede ösdürilmegi Watanymyzyň saýlap alan ýolundaky ýeňişli menzillerini alamatlandyrýar. Halk Maslahaty bolsa halkymyzyň jebisliginiň, halk bilen döwletiň mizemez bitewüliginiň nyşanydyr.
XVIII asyryň akyldar şahyry Döwletmämmet Azady «Wagzy-Azat» eserinde her bir soragy, hatda iň çylşyrymly soragy hem geňeşmek arkaly çözmegiň zerurdygyny we mümkindigini belleýär. Bu bolsa türkmen döwletiniň geljek üçin möhüm meseleleri halk bilen maslahatlaşmak ýörelgesiniň öz köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny tassyklaýar.
Pederlerimiziň pähim-parasadyna, görüm-göreldelerine sarpa goýup, türkmeniň milli ýoluny ýokary derejede dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun! Döwletli maslahat oň bolsun! Bu agzybir halkymyzyň, şol sanda ähli türkmen zenanlarynyň — ak saçly enelerimiziň, baýdak boýly gelinlerimiziň we uýalarymyzyň ýürek arzuwydyr.
Maýsa TAÝJYKOWA,
“Zenan kalby” žurnalynyň baş redaktory.