Ösüşiň täze tapgyry we milli aňyýet

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 27-nji ýanwarynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek boýunça geçirilen iş maslahatynda Garaşsyz döwletimizi 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň örän möhüm ugurlaryny kesgitlemegiň esasy mesele boljakdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz: «Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek üçin ähli serişdelerdir mümkinçilikleri peýdalanmagy örän möhüm wezipe hökmünde öňe sürýäris. Döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek üçin ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmegi, telekeçiligi döwlet tarapyndan giňden goldamagy göz öňünde tutýarys» diýmek bilen, bazaryň ösüşini mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ony durnuklylaşdyrmagyň, özgertmeler hem-de açyklyk syýasatyny giňeltmek boýunça tagallalary artdyrmagyň zerurlygyna ünsi çekdi. Ösüşiň täze tapgyrynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde adamlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak, makroykdysady ýagdaýy durnuklylaşdyrmagy gazanmak ýaly möhüm wezipeler öňe sürülýär.
Şeýle ösüş tapgyrlary ýurdumyzda yzygiderli durmuşa geçirilip gelinýär. Wezipeler ýeňil bolmasa-da, talaplar ýokary bolsa-da, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda, ýakyndan goldaw bermeginde giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmakda, täze şertleri çalt we netijeli özleşdirmekde halkymyz geçen ýyllarda öz başarjaňlygyny, gaýratlylygyny, merdanalygyny görkezdi. Öňde durýan belent maksatlary durmuşa geçirmekde-de halkymyzyň aň taýdan taýýarlygynyň, düşünjeliliginiň hem işjeňliginiň ýokarydygyny belläp bolar. Bu gün türkmen halkynyň milli aňyýetinde «Döwlet adam üçindir!» diýen mukaddes düşünje onuň geljeginiň ýoluna nur saçýar.
                                                * * *
Häzirki döwürde aňyýet dünýä syýasatynda esasy täsir ediş serişdeleriniň birine öwrüldi. Umumadamzat aňyýetini we milli aňyýeti kemala getirýän birnäçe ýagdaýlar bar. Häzirki döwrüň şertlerini alyp görenimizde, aňyýete täsir edýän serişdeler has köpeldi, olaryň çygry giňedi. Maglumat akymynyň güýçlenmegi netijesinde gadymy döwürde syýahatçylara, alymlara, ýörite kerwenler bilen ýurtdan-ýurda aşýan täjirlere miýesser eden aň ýetiriş hem-de dünýä belet bolmak usullary häzirki döwürde hemmeler üçin elýeterli boldy. Şoňa görä-de, aňyýet hereketi çylşyrymlaşdy. Şeýle nukdaýnazardan, adamlaryň aňyna täsir edýän, jemgyýetçilik pikirini döredýän ulgamlar barada käbir seljermeleri anyklamak möhümdir.
Häzirki döwürde adamlaryň gözleri bilen görýän zatlary, eşidýän, okaýan, tanyş bolýan maglumatlary barada netije çykarmaga ukyplary has ösendir. Şonuň bilen birlikde her bir adamyň maglumatlara bolan gyzyklanmasy hem ýokarydyr. Jemgyýetçilik aňyny kemala getirýän ulgamlaryň hatarynda döwlet syýasatyny, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, medeniýet edaralarynyň işlerini, maşgala terbiýesini, şeýle hem halkara habarlary görkezmek bolar. Mysal üçin, maşgalada çaganyň aň-düşünjesiniň ilkinji kökleri emele gelýän bolsa, jemgyýetde kemala gelen milli aňyýet adamlaryň dünýägaraýşyny çuňlaşdyrýar. Bu bolsa maşgala bilen jemgyýetiň aňyýet çygrynyň bitewi, jebis ulgamynyň bolmalydygyny aňladýar. Bu bitewüligi kemala getirmekde döwlet syýasatynyň möhüm ornunyň bardygyny belläp geçmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiziň aňyýet syýasatyna aýratyn orun bermegi döwrüň talabyndan gelip çykýan wezipedir.
Milli Liderimiziň aňyýet syýasatynyň esasy taraplary, özüne çekijiligi hakda aýdylanda, ilki bilen, onuň many-mazmunynda her bir ýaş adama durmuş ýörelgelerini, şahsyýet kämilliginiň şertlerini saýlap almaga mümkinçiligiň göz öňünde tutulýandygyny bellemek gerek. Milli aňyýetiň ýörelgeleri wagyz-nesihat, sungat, medeniýet, edebiýat, syýasy-jemgyýetçilik garaýyşlary arkaly örän inçelik bilen jemgyýetçilik aňyna ornaşdyrylýar. Durmuşda bu babatda çäklendirmeleriň ýokdugyny görýäris. Halkyň döwlet syýasatynda ündelýän aňyýet ýörelgelerini höwes bilen kabul edýändigi bolsa hormatly Prezidentimiziň millilik, milli miras barada alyp barýan işleriniň kämillik derejesiniň örän ýokarydygy bilen baglydyr. Milli Liderimiz milli aňyýetiň ýörelgelerini halkyň öz durmuşyndan, aň-düşünjesinden, isleg-arzuwlaryndan alýar we döwlet syýasaty derejesine ýetirýär. Döwletiň, jemgyýetiň ähli aňyýet ulgamynyň işiniň bu ugra gönükdirilmegi netijesinde millilik halkyň gündelik durmuşynyň özenine öwrülýär, adamlaryň bu baradaky aň-düşünjesi has-da berkeýär. Döwlet syýasaty milli mirasy halkyň häzirki zaman durmuş ýörelgeleri bilen bitewüleşdirýär. Asyrlardan aşyp gelýän milli däp-dessurlarymyzyň, ruhy mirasymyzyň, durmuş ýörelgelerimiziň döwrebaplaşýandygyny, ýaşlaryň hem olary ösen döwrüň şertleri bilen utgaşdyrmagy başarýandygyny görenimizde, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan aňyýet syýasatynyň şu döwür we geljek üçin ähmiýetiniň örän ýokarydygyna aýdyň göz ýetirýäris.
Garaşsyzlyk döwründe ata-babalardan miras galan milli gymmatlyklarymyzyň giňişleýin öwrenilmegi, olaryň häzirki zamanyň ösüşleri bilen utgaşdyrylmagy, türkmenleriň baý maddy hem ruhy medeniýetiniň dünýä ýaýylmagy öz jemgyýetimiziň aňyýetini ösdürmek bilen birlikde milletimiziň mertebesini, at-abraýyny Ýer ýüzünde belende galdyrdy.
Türkmen taryhynyň, däp-dessurlarynyň, maddy we medeni-ruhy hazynasynyň ägirt uly, dünýä derejesinde gymmaty bolan baý mirasynyň üçünji müňýyllygyň döwlet hem-de jemgyýetçilik ösüşinde ähmiýetiniň uludygy halkymyzyň beýikligine, dünýä ösüşine aýratyn goşant goşan milletdigine ýene bir ýola güwä geçýär. Dünýä syýasatynda aňyýetiň täsirli ornunyň bolmagy biziň jemgyýetimize öz milli aňyýeti, özboluşly ynsanperwer döwlet syýasaty bilen halkara giňişlige ynamly çykmaga ýol açan şertleriň biri boldy. Döwlet binýadynyň berkligini ykdysady kuwwaty artdyrmak bilen birlikde milli aňyýeti ösdürmek arkaly gazanmakda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesini ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanýandygynda, jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşinde anyk görmek bolýar.
Häzirki döwrüň ýaşlary üçin dünýäniň ylmy-tehnologik gazananlaryndan peýdalanmaga, halkara maglumatlar ulgamyna aralaşmaga, daşary ýurtlaryň medeniýetini, ruhy durmuşyny öwrenmäge doly şertler döredilen. Göni aragatnaşyklar pandemiýa zerarly belli bir derejede çäklendirilen hem bolsa, umuman alnanda, türkmen ýaşlary üçin dünýä çykýan ýollar açykdyr. Dünýäde bolsa ýaşlaryň aňyna, ruhuna oňaýsyz täsir edip biljek dürli durmuş gatnaşyklary, ideologik akymlar hem az däl. Garaşsyz döwletimiziň aňyýet syýasatynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biri-de ösüp gelýän nesillerimizi şeýle ýaramaz täsirlerden gorap saklamak bolup durýar. Türkmen ýaşlary dünýäniň haýsy künjeginde bolsalar-da, halkara derejede ýaýraýan islendik maglumatlar bilen tanyşsalar-da, olaryň aň-düşünjesindäki milli mertebe, ahlaklylyk, belent ruh bilen bagly duýgularynyň berk bolmagyny gazanmak üçin güýçli täsiri bolan aňyýet işiniň zerurlygy äşgärdir. Milli ruhuň mizemezligi diňe medeni, ynsanperwer mirasymyzy, durmuş ýörelgelerimizi wagyz etmek bilen çäklenmeýär. Bu mesele häzirki döwrüň aňyýet syýasatynyň, ideologiýasynyň kämilligini hem talap edýär. Ata-babalarymyz milli gymmatlyklary ussatlyk bilen döredip, asyrlara miras goýan bolsa, Garaşsyzlyk eýýamynyň aň, döredijilik dünýäsiniň gazananlary-da ýokary derejede kämil bolmalydyr. Bu babatda ýurdumyzda bitirilýän işler nusgalyk derejededir. Hormatly Prezidentimiziň kitaplary, binagärlik başlangyçlary, Watanymyzy beýgeltmekde alyp barýan işleri diňe häzirki döwür üçin däl-de, geljekki nesiller üçin-de örän gymmatlydyr.
Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutany, milli Lider hökmünde türkmen döwletiniň täze taryhynda, türkmen halkynyň ykbalynda aýratyn orny bolan beýik şahsyýetdir. Hormatly Prezidentimiziň eziz Watanymyzy, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşyny, abraý-mertebesini ösdürmäge gönükdirip orta atýan her bir pikir-garaýşyny, başlangyjyny adamlaryň durmuşyň maksatnamasy ýaly kabul edýändigi hakykatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen baglanyşykly bu hakykaty bitirilen beýik işler, ýetilen belent sepgitler äşgär ýüze çykarýar. Ähli edilen işler bilen birlikde milli Liderimiziň öz halkyny hemişe, islendik ýagdaýda we islendik pursatda paýhasly sözleri bilen goldap gelýändigi, ajaýyp geljege ruhlandyrýandygy döwrüň aňyýetine oňyn täsir edýän möhüm ýagdaýlaryň biridir.
Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan — bu döwlet biziň ata-babalarymyzyň döwletlilik we döwletliligiň ýol-ýörelgesini üpjün etmek baradaky müňlerçe ýyllyk taryhy tejribesine daýanmak, şeýle-de häzirki zaman dünýäsiniň mümkinçiliklerini çuňňur seljermek, onuň iň kämil gazananlaryny kabul edip almak bilen berkidilýändir. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan — bu döwlet, hakykatdan-da, gülläp ösýän, adamzada ýagşylyk nuruny saçýan beýik döwletdir!» diýip, uly ynam hem buýsanç bilen aýdýar. Döwlet Baştutanymyz bu belent şygary döwrümiziň hakykatyna esaslanyp, öz halkynyň danalygyna, pähim-parasadyna buýsanyp beýan edýär.
Garaşsyzlygymyzyň şan-şöhrata beslenen 30 ýyllyk ösüş ýoly halkymyzyň döwletliligini dikeltmek bilen birlikde häzirki döwür üçin iňňän möhüm bolan milli aňyýeti kemala getirmäge-de şertleri döretdi. Ählumumy ösüşiň örän çylşyrymly ýagdaýlary başdan geçirýän döwründe, halkara hyzmatdaşlykda köp döwletleriň we sebitleriň gatnaşyklarynyň çözmesi ýeňil bolmadyk meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtynda, geljege ruhubelentlik bilen garaýan, dünýäde iň bir ynsanperwer ideýalary wagyz edýän, hyzmatdaşlygyň ynanyşmak we dost-doganlyk jähetlerine aýratyn ähmiýet berýän milli jemgyýetiň esaslaryny döredip bilen hormatly Prezidentimiziň geljek baradaky belent maksatlaryny üstünlikli amala aşyrjakdygyna halkymyzyň ynamy uly.
Goý, ösüşiň täze tapgyrynda mähriban halky bilen jebislikde Gahryman Arkadagymyza üstünlikler, rowaçlyklar ýaran bolsun!
Ata SERDAROW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty.