Şükür bagşynyň dutary

Söhbedi has uzakdan aýlamaly boljak. Şol gezegem «Waka wakany açar» diýleni boldy. 2017-nji ýylyň aýaklarydy. Ilkinji gezek ýazyjy Juma Hudaýguly bilen görşüpdim. Adyna aşyk bolup ýören ýazyjym bilen söhbedimiz mazaly gyzyşypdy. Esasan hem halypanyň soňky eserleriniň biri bolan «Gyrmyzy bägüller» barada köp gürrüň etdik. Juma akganyň aýdyşyna görä, durmuşda ornuny tapjak bolýan ýigidiň gojalyga çenli geçen ýoly baradaky wakalary suratlandyrýan eseriň döremegine belli bir derejede Bilbil Mämmedow sebäp bolupdyr.
Şol wagt hem gapy kakylyp, Juma akganyň: “Munuň gabat, geläýşini. Ýaňyja sen barada gürrüň edip otyrdyk... Oglanlar Bilbil Mämmet diýýänim şu ýigit bolmaly” diýip tanyşdyran adamy içeri girdi. Ýüzi nurana “ýigit” Juma Hudaýguly bilen hal-ahwal soraşmaga gelendigini aýtdy. Halypa režissýoryň gelmegi bilen, söhbedimiziň çygry has-da giňedi. Gürrüňimiz edebiýatdan kino sungatyna sapdy. Bilbil aga söz içinde Şükür bagşynyň dutarynyň özündedigini, ýolumyz düşse dutary görkezjekdigini aýtdy.
Şükür bagşynyň dutaryny ýakyndan görmesegem, golaýda Bilbil Mämmedowyň iş ýerine baryp, onuň bilen söhbetdeş bolmaga wagt tapdyk. Asyl görüp otursak, Bilbil aga çagalygyndan dutar çalmagy ürç edip öwrenipdir.
— Şükür bagşynyň dutary bilen gyzyklanyp gelen bolsaň, gürrüňi has aňyrdan başlamaly boljak, inim! Kakama Mämmet Hallymämmet diýýärdiler. Biz bäş dogandyk. Kakam bäşimize-de dutarda saz çalmagy, aýdym aýtmagy öwretdi. Kakam 11 ýaşynda Sahy Jepbaryň Gyzylarbatda (häzirki Serdar) döreden toparyna gatnan eken. Sahy aganyň şähere ýoly düşen wagty öýe gelerdi. Saz çalşy dagy üýtgeşikdi. Tüýs halypady-da.
Esasy söhbedimize dolansak, geçen asyryň 65-nji ýyly bolsa gerek, şäherde «Şükür bagşy» filmi görkezildi. Kinony görenimde haýran galdym. Kinonyň sazlaram öňki sazlar däldi. Öňki bolaýanda-da üýtgeşik çalynýardy. Öýe gelenimden soňam, şol saz ýadymdan çykmady. Şo-ol sazlary ýatlajak bolar ýörerdim. Kinony nirede görkezseler, menem şol ýerdedim. Ugruny tapyp, görmäge giderdim. Ýedinji synpy gutaranymda, şäher kinoteatryna işe çagyrdylar. Wezipäm kinolaryň afişasyny taýýarlamak, kiçi afişalary ulurak edip çekmekdi. Kakam surat çekmegem mazaly öwredipdi. Şonda ilkinji çeken suratym hem Şükür bagşy bilen Gulam bagşynyň saz çalyp oturan pursatlary boldy.
M.S.Şepkin adyndaky Ýokary teatr sungat institutynda okaýan wagtlarym Hojadurdy Narlynyň ýanyna gitdik. Öwez Gelen bilen. Öwez-ä tanaýansyň. Hawa, ony tanatjak bolsaň, Baldak diýseň ýeterlik. Hawa, onsoň Hojadurdam Şükür bagşynyň dogany bolup oýnan Berdi-dä. Onuň bilen bileräk okadyk. Hojadurdy bilenem çagalykdan tanyş. Bile saz çalardyk. Olam kakamyň okuwçysydy.
Onsoň şol gün umumy ýaşaýyş jaýyna ýetip barýarkak, Hojadurdy öňümizden çykyp, «Siz baryberiň, menem palawy agdaryp bararyn» diýip, otagyny salgy berdi. Wagtam iňrik garalan uçurlarydy. Otagyna girdik welin, gap böwürde biri otyr, ýüzünem ýapypdyr. Çyrany ýakjak bolsagam, çyraçakary tapmadyk. Oturana salam berdik, jogap bolmady. Özi ýaşuly adam bolmaly, elleri şondan habar berýär. Bizem Öwez bilen sary-sadylla bolup duruberdik. Hojadurdy gelip, çyrany ýakdy. Orta palaw alyndy. Kiçiräk okarada ýaşula-da uzatdy. Olam ýüzüni doly açman, iýip başlady.
Çaý gelenden soň, ýaşuly ýüzüni açdy. Kimdir öýdýäň? (Meniň ýüzümden gyzyklanmamy okan Bilbil aga göwnühoş ýylgyrdy). Ol hakyt «Şükür bagşydaky» Gulam bagşy bolsa nätjek?! Çyn ady Hojam Öwezgelenow. Bir käse çaý boşadandan soň, «Oglanlar saglykmysyňyz, amanlykmysyňyz?» diýip, salamymyzy aldy.
Onuň beýdip dymyp oturmagynyňam öz sebäpjigi bar eken. Ony «Aýal ata çykanda» filminde Meret baýyň keşbinde oýnamaga çagyrypdyrlar. Myhmanhanalaryň biriniň sekizinji gatyndan ýer beripdirler. Soňam hiç kim idemändir. Olam dil bilenok. Üç synp bilimi bar. Zordan gapdalyndaky adamlar bilen düşünişip, Hojadurdyny tapypdyr. Şol wagtam onuň gelip durşy eken. Ýazylyp-ýaýrandan soň, otagyň diwaryna söýäp goýan dutaryma gözi düşdi. Soraryna mähetdel, «Meňki!» diýip, eline tutdurdym. Birki gezek kakdy welin, dutaryň sesem üýtgeşik-dä. Eli gödeňsi ýaly görünse-de, şeýle bir gowy ses alýar.
Bilseň, Hojam aga Şükür bagşynyň iň soňky şägirtlerinden. Şägirdine göwni ýeten Şükür bagşy öz dutaryny oňa beren eken. Hawa ussadyň ýoluny geçenem ussat bolaýýar. Soň halypa bilen sözümiz alşyp gitdi. Ol meniň saz çalýanymy bilip, meniň ýanymda bolarman boldy. Şeýdip, iki aýlap, tä kino düşürme işi bolýança, ol biziň umumy ýaşaýyş jaýymyzda ýaşady. Men-ä öňden gepleşişimiz ýaly, oňa nahar taýýarlap berýän. Olam boş wagt tapyndygy maňa saz öwredýärdi. Dogrusy, meniň üçin gowy mekdep boldy şol. Hojam aga köp sazlaryň köne nusgalaryny hem öwretdi.
Moskwada okap ýörkäk, Nury Halmämmet bir gezek saz çalşymy diňläp, ýokary baha beripdi. «Häzir Şükür bagşynyň sazyndan ýerine ýetirip bereýin» diýip, birki saz çaldym weli, «Dur, dur. Sen bi köne ýollardanam başyň çykýan eken-ä. Oglan sen näme işleýäň aktýorçylykda. Sazçylyk ugrundan gitmeli ekeniň» diýipdi. Nury janyň sözi agramlydy-da. Şonuň üçin öwgüsi ýadymda galan bolmagam ahmal...
Esasy gürrüňimizden daşlaşaýdym öýdýän. Hawa, «Şükür bagşy» filminde Aman Handurdyýewiň Şükür bagşynyň öz dutarynda saz çalanyny bilýänsiň. Filmem abraý gazanýar. Hojam aga-da (Gulam bagşy) filmden göwnühoş bolup, Bulat Mansurowa «Sen meniň halypamyň ruhuny dikeltdiň» diýip, Şükür bagşynyň dutaryny oňa sowgat hökmünde berýär.
Soň bir gün Bulat Mansurow Aşgabada gelende, dutary hem ýany bilen getirip, ony filmde bile işleşen ýoldaşyna — Hojaguly Narlyýewe gowşurdy. Režissýoryň dutary gowşuran wagty: «Dutar Watan diýip aglaýar» diýip aýdan sözleri henizem ýadymda. On ýyldan soň dagy meni Narlyýewlere çagyrdylar. Olar Şükür bagşynyň dutaryny maňa gowşurdylar. «Sen Hojam agadan az hem bolsa tälim aldyň, filmlerde saz bilen bagly ýerlerde kömek edýärdiň, şonuň üçin dutar sende dursun, sen eýe çyk!» diýdiler.
Menem aram-aram saz çalýan. Dutary çalyp durmasaň ýarsýar. Oňa ynsan eliniň ýagy siňip durmasy gerek. Dutar çalynýan wagty uzak ýaşaýar. Ol maşgalamyzda iň bir mukaddes saýylýan zat hökmünde görülýär.
Indi agtyklarym meniň geçen ýoluma düşdüler. Olar kiçilikden türkmen sazlaryna imrindiler. Elbetde, öz täsirimiz bolandyr-da. Olaryň biri gyjak, biri dutar çalmagy öwrenýär. Bu, bir tarapdan, milli aýdym-saz sungatymyza çagalaryň ýaşlykdan höwes edýändigini görkezse, ýene bir tarapdan, «Ata kesbi ogla halal» diýleni bolýar...
Bilbil agany täze sahna eseri boýunça taýýarlyga çagyrdylar. Biz söhbedimizi ýene bir ýola dowam etdirmegi wadalaşyp, hoşlaşdyk. Birnäçe kinossenarileri ýazan, filmleri surata düşüren halypa-ha teatr sahnasyna tarap ýöneldi. Menem ondan eşidenlerimi okyjylara ýetirmäge howlugyp, redaksiýa tarap haýdadym...
Eýse näme?! 30-njy ýanwarda ýurdumyza dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen bagly güwänamanyň gelip gowşandygyndan habarlysyňyz. Bu bolsa dutardyr bagşyçylyk sungaty baradaky söhbetlere ganat berýär.
Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan».