Türkmen halkynyň saz sungaty dünýä ýaň salýar

Mukamlar köşgünde dabara geçirildi
Aşgabat, 1-nji fewral (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabara geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt 2021-nji ýylyň 13 — 18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 16-njy mejlisiniň dowamynda biragyzdan kabul edildi hem-de şu ýylyň 30-njy ýanwarynda ÝUNESKO-dan degişli güwänamanyň asyl nusgasy gelip gowuşdy.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şanly waka mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.
Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär diýip, Gutlagynda belleýär.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen dutarynyň şirin owazlary berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplygynyň waspy, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dost-doganlygyň mukamy bolup ýaňlanýar.
Munuň özi Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň Hökümet agzalarynyň, medeniýet we ylym ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň we guralan serginiň mazmunynda öz beýanyny tapdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça welaýatlardan we paýtagtymyzdan aýratyn tapawutlanan «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen ada mynasyp bolan dutar ussalarynyň atlary dabaraly ýagdaýda yglan edildi. Olar döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny beýan edip, şöhratly pederlerimiziň asylly däplerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine hem-de türkmen aýdym-saz sungatynyň, halkymyzyň asyrlarboýy toý-baýramlarynyň nyşany bolan bu saz guralyny ýasamakda mundan beýläk hem öz yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň artistleriniň milli saz sungatymyzyň görnükli ussatlaryna bagyşlanan “Dutar janly» diýilýändir türkmene!” atly edebi-sazly çykyşy dabara ýygnananlar üçin ajaýyp sowgat boldy. Bu ýerde gurnalan äpet monitorda halkymyzyň hakydasynda yz galdyran, ady rowaýata öwrülen bagşydyr sazandalaryň keşpleri görkezildi.
Dutarçylar toparynyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly çykyşy saz sungatynyň ajaýyp däpleriniň dowamat-dowamdygyny alamatlandyrdy.
Milli Liderimiziň: “Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň taryhyny, özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmek, dünýä ýaýmak we geljekki nesillere ýetirmek möhüm wezipeleriň biridir” diýen parasatly jümleleri dabaradaky çykyşlaryň özenini düzdi.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeni mirasymyzy aýawly saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saz-sungatyny öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ylmy gatnaşyklary ösdürmek, daşary ýurtlaryň iri ylym merkezleri we bu ugurdaky halkara düzümler, şol sanda ÝUNESKO bilen giňden hyzmatdaşlyk möhüm ugurlaryň biridir.
Döwletimiziň 2021 — 2023-nji ýyllar döwri üçin ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa toparynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň düzümine saýlanylmagy, şeýle hem 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin ÝUNESKO-nyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy mähriban Watanymyzyň belent halkara abraýynyň hem-de Türkmenistanyň halkymyzyň özboluşly medeni mirasyny dikeltmek, gorap saklamak we wagyz etmek boýunça syýasaty durmuşa geçirmäge berýän ähmiýetiniň aýdyň subutnamasydyr.
“Gadymy Merw” we “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň, Köne we Täze Nusaý galalarynyň, “Görogly” dessançylyk sungaty, milli “Küştdepdi aýdym we tans dessury», şeýle hem türkmen halyçylyk sungaty ýaly medeni gymmatlyklarymyzyň ÝUNESKO-nyň degişli sanawlaryna girizilmegi bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň mysallary hökmünde bellenildi.
Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ile döwlet geler bolsa...” atly eseriniň uly ähmiýetini bellediler. Bu eserde bagşy-sazandalaryň köptaraply sungaty köpasyrlyk çeperçilik däpleriniň esasynda kemala gelen we her täze nesil bilen kämilleşdirilýän ýokary derejeli ussatlygyň nusgasy hökmünde görkezilýär.
Dabaraly çärede milli Liderimiziň beýik türkmen sazandasy Şükür bagşy barada gürrüň berýän “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp eserine aýratyn orun berildi. Meşhur “Şükür bagşy” kinofilminden parçalar bu eserdäki parasatly jümleleriň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Maslahata gatnaşyjylar dünýäde dutar ýasamak senetçiligini, onda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny giňden wagyz etmäge, halypa-şägirtlik däplerini pugtalandyrmaga we täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilen “Çalsana, bagşy!” atly täze bäsleşigiň yglan edilmeginiň ähmiýetini bellediler.
Dabaranyň dowamyndaky çykyşlar ýurdumyzyň sebitleriniň bagşy-sazandalarynyň birleşen toparynyň, zenan bagşylaryň, tanymal halk bagşylarynyň hem-de sungat dünýäsine ýaňy gadam basan aýdymçylaryň çykyşlary bilen utgaşdyryldy.
Bu ýere ýygnananlar gadymy saz gurallarynyň şirin owazlaryny, ýurdumyzyň sebitleriniň sazlarynyň aýratynlyklaryny lezzet alyp diňlediler. Mukamlar köşgüniň sahnasynda halk sazlary we aýdymlary, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik kuwwatyny, mähriban topragymyzyň gözelligini wasp edýän häzirki zaman aýdymlary ýaňlandy. “Arkadaga guwanýan” atly aýdym-sazly çykyş bilen tamamlanan konsert maksatnamasynda türkmen aýdym-saz medeniýetini we onuň parahatçylyk döredijilik başlangyjyny şöhratlandyrmaga gönükdirilen dabaranyň baş maksady öz beýanyny tapdy.
Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi dabaraly maslahat bilen özboluşly sazlaşygy emele getirdi. Ýurdumyzyň halk aýdym-saz sungatynyň köpugurly dünýäsini ösdürmäge bagyşlanan bu sergide suratkeşleriň, zergärleriň we senetçileriň döreden eserleri, şeýle hem saz gurallary, kitaplar, fotosuratlar görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli medeniýetimiz we sungatymyz baradaky eserlerine aýratyn orun berildi.
Sergide görkezilen gymmatlyklar meşhur halk sazandalarynyň, türkmen halk sazyny wagyz edijileriň döredijiligi barada gürrüň berýär. Bagşy-sazandalaryň we dutar ýasamak sungatyny görkezen ussatlaryň çykyşlary halypa-şägirtlik däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýany boldy.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler hem-de milli Liderimize ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, milli medeniýetimizi ösdürmäge gönükdirilen syýasaty üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.
Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli çäreler dowam edýär. Bu çäreleriň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynyň “Türkmeniň ak öýi” binalarynda bagşy-sazandalaryň konsertleri teleýazgy görnüşine geçirilip, ýaýlyma berler. Muzeýlerde we kitaphanalarda, konsert zallarynda, şeýle hem ýurdumyzyň ugurdaş okuw mekdeplerinde we jemgyýetçilik guramalarynda maslahatlar, konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary we köp sanly beýleki çäreler geçiriler. Şanly waka mynasybetli sahna oýunlary, çeper we telefilmler dörediler.