Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 31-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýat-laryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymy-zy we welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlygyň bar-şy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi bilen bagly wezipelere hem-de döwletimiziň dur-muşyna degişli käbir wajyp meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygy-nyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasar-lary S.Toýlyýewi hem-de M.Mämmedowany çagyrdy.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň esasy düzümleri, hususan-da, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet baradaky ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNES-KO bilen gatnaşyklary ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça şeýle oňyn hyzmatdaşlygyň netijesinde, ýurdumy-zyň taryhy-medeni goraghanalarynyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawy-na girizildi.
ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň 13 — 18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen 16-njy mejlisiniň dowa-mynda dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny bu sa-nawa girizmek barada çözgüt biragyzdan kabul edildi.
Habar berlişi ýaly, şu ýylyň 30-njy ýanwarynda ÝUNESKO-dan degişli güwänamanyň asyl nus-gasy gelip gowuşdy.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi bu uly daşary syýasy ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny gorap sakla-mak, köpeltmek hem-de dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde täze uly üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Liderimiz şatlykly habary kanagatlanma bilen kabul edip, iş maslahatyna gatnaşyjylary we ähli türkmen halkyny bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa birnäçe tabşyryklary berdi, şol sanda dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen bagly milli we halkara gi-ňişlikde alnyp baryljak işleriň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezi-dentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda, ýagny Türkmenistan bilen BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen 2021 — 2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Hereketleriň Meýilnamasy esasynda alnyp barylmalydygyny belledi.
Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz ahalteke atlaryny seýislemek sungatyny, türkmen alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklaryny hem-de türkmeniň keşdeçilik sungatyny ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etmek barada görkezme berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny gi-ňeltmek maksady bilen, ÝUNESKO tarapyndan dolandyrylýan halkara hukuk namalaryna Türk-menistanyň goşulmagy bilen bagly meseleleri öwrenmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe Magtymgu-ly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döw-let mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralaryny döretmek boýunça işleri çaltlandyrma-gy hem-de ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň käbirini girizmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Şeýle hem wise-premýere halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan goşandyny, maddy we ruhy medeni-ýetini düýpli öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek boýunça geçirilýän işleri has-da güýçlendir-mek tabşyryldy.
Türkmen aýdym-saz sungatynyň taryhyny, häzirki ýagdaýyny, meşhur halypa bagşy-sazandalaryň bitiren hyzmatlaryny ylmy esasda öwrenmek dowam etdirilmelidir. Ata-babalarymyzyň ajaýyp sungat däpleri ösdürilmelidir we gadymy saz gurallarymyzyň köpöwüşginli görnüşlerini dikeldip, geljek nesillerimize ýetirmek boýunça mundan beýläk-de zerur işler geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şeýle hem milli Liderimiz şöhratly taryhymyzy, edebiýatymyzy, aýdym-saz sungatymyzy dürli döwürlerde ýazylan çeşmelerde we arheologik tapyndylarda duş gelýän maglumatlar esasynda halkara ylmy jemgyýetçiligine giňden ýetirmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orun-basary M.Mämmedowa dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sunga-tynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasy-betli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçiriljek çäreleriň Tertibini gyssagly taýýarlamak bara-da görkezme berdi.
Milli Liderimiz bu şatlykly waka mynasybetli 1-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mu-kamlar köşgünde dabaraly maslahat we sergi geçirmegi, şeýle hem maslahatda welaýatlardan we Aşgabat şäherinden aýratyn tapawutlanan dutar ussalaryna «Çeper döredijiligiň halk ussasy» di-ýen adyň dakylandygy baradaky şahadatnamalary gowşurmagy hem göz öňünde tutmagy tabşyr-dy.
Bagşy-sazandalaryň konsertleri teleýazgy görnüşine geçirilip, ýaýlyma berilmelidir. Bu konsertler ýurdumyzyň welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda geçirilse, maksadalaýyk bolardy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň muzeýlerinde, kitaphanalarynda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde halkymyzyň dutar ýasamak senetçiligine hem-de milli aýdym-saz sungatymyza bagyşlanan maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny geçirmegi tabşyrdy.
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalary dutar ýasamak senetçiligini, dutar-da saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek boýunça dürli çäreleri, şol sanda maslahatlary we duşuşyklary geçirmelidir.
Milli Liderimiz bu baradaky sözüni dowam edip, teatrlarda dutar bilen bagly sahna oýunlaryny teleýazgy görnüşine geçirip, ýaýlymlarda bermelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamany we şu-nuň bilen bagly geçirilýän çäreleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek barada tabşyryk berdi.
Hormatly Prezidentimiz hoş habar mynasybetli Gutlag hatyna gol çekip, bu çäräni ýokary gura-maçylyk derejesinde guramak barada anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen gatnaşyklarynyň Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynda aý-ratyn orun eýeleýändigini nygtady. «Gadymy Merw» we «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanalary, Köne we Täze Nusaý galalary, «Görogly» dessançylyk sungaty, milli «Küştdep-di» aýdym we saz, şeýle hem türkmen halyçylyk sungaty ýaly medeni gymmatlyklarymyzyň ÝU-NESKO-nyň sanawyna girizilmegi hem muny doly tassyklaýar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri senetçiligiň, ussaçylygyň we sungatyň mekany bolup geldi. Halkymyzyň dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty hem medeni mirasymyzda mynasyp orun aldy. Dutar müňýyl-lyklaryň dowamynda türkmeniň durmuşynyň aýrylmaz bölegine, ruhy syrdaşyna öwrüldi.
Häzirki döwürde halkymyzyň aýdym-saz sungatyny, medeni mirasyny düýpli öwrenmek we dün-ýä ýaýmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Türkmen dutarynyň şirin owazy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň we dost-doganlygyň belent mukamy bolup ýaňlanýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, dutar ýasamak senet-çiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen iş maslahatyna gatnaşyjylary we mähriban hal-kymyzy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowy hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy göni aragatnaşyga çagyrdy.
Paýtagtymyzyň häkimi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak bo-ýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şert-lerini mundan beýläk-de gowulandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeý-le hem häkim hojalyk düzümini döwrebaplaşdyrmak, şäher gulluklarynyň işini utgaşdyrmagy amala aşyrmak babatda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän pudaklaryn-daky işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri, şonuň ýaly-da, jemagat hojalyk ulgamynyň edaralarynyň we kärhanalarynyň öňünde durýan maksatnamalaýyn wezipeleri durmu-şa geçirmek, ilatyň elektrik energiýasy, gaz we suw bilen bökdençsiz üpjün edilmegi üçin degişli gulluklaryň sazlaşykly işini amala aşyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeleri çözmäge örän oýlanyşykly, toplumlaýyn, geljegi nazarla-ýan çemeleşmäniň zerurdygynyň ähmiýetini nygtady. Belent derejesini göz öňünde tutmak bilen, şäher ähli babatda, hususan-da, adamlaryň ýaşaýşy üçin örän amatly şertleri döretmek bilen bag-lylykda nusga bolmalydyr.
Milli Liderimiz bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini aýdyp, Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça işleriň berk gözegçilikde saklanmagyny talap etdi hem-de onuň binagärlik keşbinde milli binagärlik sungatynyň hem-de häzirki zaman öňdebaryjy tejribesi-niň iň gowy däpleriniň utgaşmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny hem-de lukmançylyk edaralaryny ýylylyk bilen üpjün etmegiň, şeýle hem paýtagtymyzyň elektrik energiýasy we gaz bilen üpjünçiliginiň gözegçilikde saklanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl paýtagtymyzda hem-de tutuş ýur-dumyzda bina edilýän desgalaryň ählisinde işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine we öz wagtyn-da tamamlanylmagyna yzygiderli gözegçilik etmek barada wise-premýere hem-de Aşgabat şäheri-niň häkimine degişli tabşyryklary berdi.
Soňra iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibindäki meselelere geçip, ilki bilen, Ahal welaýa-tynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi.
Häkim sebitdäki işleriň ýagdaýy, gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň barşy, hususan-da, ekin meýdanlaryny möwsüme göwnejaý taýýarlamak, ýerleri sürmek we tekizlemek, oba hojalyk teh-nikalaryny hem-de gurallaryny talabalaýyk ulanyş ýagdaýyna getirmek, kärendeçi pagtaçylary ýo-kary hasylly tohumlar bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini bellenen möhletlerde geçirmäge taýýarlyk görülýär, şeýle hem bugdaýyň bereketli hasylyny almak üçin ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar.
Hasabatyň çäklerinde häkim ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ös-dürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda yzygiderli tagalla edilýändigini habar berdi. Mundan başga-da, durmuş-medeni maksatly desgalaryň, şol sanda ýollaryň hem-de suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy üçin degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň degişli derejede ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi barada-da hasabat berildi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew günbatar sebitiň obasenagat toplumyndaky iş-leriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat ber-di.
Welaýatda gowaça ekişine toplumlaýyn taýýarlyk görülýändigi, ekerançylyk meýdanlarynda sü-rüm we tekizleýiş işleriniň geçirilýändigi, zerur oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň ekiş möwsümine birkemsiz taýýarlanylýandygy hem-de ekerançylaryň ýokary hilli tohum bilen üpjün edilýändigi barada-da hasabat berildi. Şeýle hem ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmegi, bugdaýyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekinlere ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen goş-maça iýmitlendirmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ýerine ýetirilmegi üçin zerur ta-gallalar edilýär.
Welaýatda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksat-namasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli durmuşa ge-çirilmegi üçin degişli meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Desgalaryň gurluşyk işlerini bellenen möhletlerde tamamlamak maksady bilen hem degişli işler alnyp barylýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň ygty-barly işlemegini, welaýatyň ilatyny elektrik energiýasy, gaz bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berildi.
Soňra sanly ulgam arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasaba-ty bilen dowam etdi. Häkim welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine taýýarla-nylyşy — sürüm we tekizleýiş işleriniň barşy hem-de gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehni-kalary we gurallary abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, pagta öndürijileri zerur tohum bilen üp-jün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişini bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek, bugdaýyň ýokary hasylyny öndürmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ak ekinlere ideg etmek üçin hemme çäreleriň görülýändigi aýdyldy. Mundan başga-da, häkim ýurdu-myzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça işleriň geçirilýändigi barada hasabat berdi.
Hasabatda dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerini we ýokary hil dere-jesini berjaý etmek boýunça işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdeple-riň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi, welaýatyň ilatynyň agyz suwy bilen üpjün edilişi barada hem habar berildi.
Soňra sanly ulgam arkaly Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde işleriň ýagdaýy, gowaça ekişine taýýarlyk görlüşi hem-de möwsümiň dowamynda ulanyljak tehnikalaryň we gu-rallaryň abatlanylyşy hem-de ekerançylary tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler ba-rada hasabat berdi. Mundan başga-da, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde hem-de ýokary hilli geçirilmegi üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar, bugda-ýyň bereketli hasylyny kemala getirmek üçin ak ekin meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl bellenilen işleriň öz wagtynda ýeri-ne ýetirilmegini gazanmak ugrunda yzygiderli tagallalaryň edillýändigi habar berildi.
Bu ýyl ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen tertibe laýyk-lykda tamamlanmagy üçin hemme zerur işler geçirilýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy, tebigy gaz, agyz suwy we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi boýunça alnyp barylýan işler hasabatyň aýratyn meselesi boldy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler barada aýdyp, go-waça ösdürip ýetişdirmäge bölünip berlen ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, şol ýerleri sürmek we tekizlemek, gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylyşy hem-de pagta öndürijileri zerur mukdarda tohum bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişiniň bellenen möhlet-lerde we ýokary hilli geçirilmegi üçin degişli işler geçirilýär. Bugdaýyň bereketli hasylyny öndür-mek maksady bilen, welaýatda ekiş geçirilen meýdanlarda maýsalara ideg etmek, suwarmak hem-de dökünler bilen iýmitlendirmek işleri bildirilýän agrotehniki talaplara laýyklykda amala aşyryl-ýar.
Hasabatyň çäklerinde häkim ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ös-dürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda işleriň edilýändigini habar ber-di.
Welaýatda ulanylmaga beriljek birnäçe medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagy babatda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýaşaýyş jaý-larynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üp-jün edilýändigi barada hem hasabat berildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda öňde goýlan wezipeleri berjaý etmek babatda bellenen çäreleriň durmuşa geçirilişi barada aýtdy.
Hususan-da, ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda sürüm we te-kizleýiş işlerini geçirmek hem-de ekişde ulanyljak tehnikalarydyr gurallary taýýarlamak işleri bara-da hasabat berildi.
Bugdaý ekilen meýdanlarda ýerli howa şertlerine laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar, ösüş su-wuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek ýokary öndürijilikli tehnikalary hem-de enjamlary ulanmak arkaly agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ýaz-lyk ýeralmanyň hem-de soganyň ekişine, tohumlary hem-de ekişde ulanyljak tehnikalardyr gural-lary möwsüme taýýarlamak işleri barada hasabat berildi.
Wise-premýer bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, şu ýylyň fewral aýynda ýur-dumyzyň welaýatlarynda 30 müň gektar ýerde ýazlyk ýeralmanyň, 10 müň gektar meýdanda so-ganyň ekişini geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Tutuş 2022-nji ýylda 106 müň gektar meýdanda ýeralma hem-de beýleki gök we bakja ekinlerini ekmek meýilleşdirilýär. Şol sanda 65 müň gektar ýerde ýazlyk ekiş, 41 müň gektar ýerde güýzlük ekiş geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, ýerleri ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp baryl-ýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, welaýatlardaky tehni-ki hyzmat ediş kärhanalarynda bar bolan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň abat ýag-daýda saklanmagyny hem-de möwsümleýin oba hojalyk işlerinde netijeli ulanylmagyny üpjün et-megiň döwrüň möhüm meselesidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak gowaça ekişine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülme-gi, ekiş geçiriljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmek üçin bu ugurda oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň zerurdygy barada wise-premýe-re hem-de welaýatlaryň häkimlerine degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz ekiş möwsümi üçin zerur tohumlaryň taýýarlanylmagyny üpjün etmek ba-rada degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna la-ýyklykda berk berjaý etmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ilatyny özümizde öndürilen ýeralma we sogan bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin zerur bolan işleriň geçirilmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanla-rynyň, ýer we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyny, daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar hem-de beýleki zerur serişdeler bilen üpjünçiligini gowulandyrmagy üns merkezinde saklamagyň wajyp-dygyny belledi.
Milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işleri geçirilende, agrotehnikanyň ähli kadalarynyň we talaplarynyň berjaý edilmeginiň hem-de ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginiň arassaçyly-gyny üpjün etmek, suw we şor suw akabalaryny arassalamak bilen baglanyşykly meseleleriň hemi-şe berk gözegçilikde saklanylmagynyň möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere we hä-kimlere birnäçe görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz döwletimizde milli mirasymyzy aýawly saklamak, baýlaşdyrmak hem-de giňden wagyz etmek üçin uly möçberli işleriň amala aşyrylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hemmeleri «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly milli hödürnamamyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasy-nyň sanawyna girizilmegi bilen gutlap, häkimlere ýerlerde halkymyzyň milli mirasyny we ruhy baýlygyny wagyz etmek boýunça işleri giň gerimde alyp barmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny ta-mamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk we maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watany-myzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan iş-lerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.