Geçen 30 ýyllyk tejribe — geljek 30 ýyla gönezlik

Hormatly Prezidentimiziň “Merkezi Aziýa — Hytaý” hem-de “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammitlerinde eden çykyşlaryny okap, ine, şeýle netijä gelýärsiň
(“Döwür we biz” makalalar toplumyndan)
Türkmenistanyň iň täze taryhyna, gürrüňsiz, belki, dünýä döwletleriniň hem döwleti dolandyrmakda häzirki zaman taryhyna girjek sene — mähriban Watanymyzy ösdürmegiň geljekki 30 ýyllyk maksatnamasyny kabul etjek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň geçiriljek senesi barha ýakynlaşýar. Kabul ediljek bolunýan 30 ýyllyk bu maksatnama birbada diňe türkmen döwletine we onuň halkyna dahylly bolup görünse-de, hakykatda, ol biziň döwletimiziň halkara bileleşigiň subýekti hökmünde gatnaşyk edýän döwletleriniň hemmesiniň ykdysady ösüşlerine, diýmek, halklarynyň ykbalyna täsir edip biljek maksatnama bolar. Özüňiz pikir ediň! Häzirki döwrüň iň çylşyrymly meselesi — bu hakda milli Liderimiz hem ençeme gezek aýtdy — döwletleriň arasyndaky ynanyşmagyň ýetmezçiligidir. “Ynanyşmak” diýen söz hatda geçen ýylyň esasy şygarynda — adynda hem ulanyldy. Aýdylyşy ýaly, ýylyň 12 aýynyň her gününde ynanyşmak meselesiniň juda derwaýysdygy tekrarlandy duruldy.
Biziň döwletimiz geljek 30 ýyllyk maksatnamany kabul etmek arkaly, ösüşleriň ýoluny aýdyňlaşdyrýar. Biz bu maksatnama döwletleriň we halklaryň ykbalyna täsir edip biljek maksatnama bolar diýenimizde, hut şuny göz öňünde tutduk.
Garaşylýan sene ýakynlaşdygyça, Türkmenistan daşary syýasatynda-da işjeňlik görkezýär. Bu şeýle-de bolmaly: daşary syýasat içerki syýasatyň dowamy, ikisi bir bitewi zat. Hormatly Prezidentimiz “Merkezi Aziýa — Hytaý” hem-de “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammitlerinde sanly ulgam arkaly çykyş edip, biziň döwletimiziň sebitdäki doganlyk döwletler, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasy, Hindistan Respublikasy bilen Garaşsyz ösüşimiziň 30 ýylynda gazanan oňyn tejribesi hakynda aýtdy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hytaýyň hem Hindistanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň taryhy müňýyllyklar bilen ölçenilýär. Biziň halklarymyzda umumylyklar örän köpdür. Şolardan ýerlikli peýdalanyp hem soňky 30 ýylda, ylaýta-da, onuň ikinji ýarymynda özara gatnaşyklar düýpli ösdürildi. Ýeri gelende bellesek, şeýle gatnaşyklar beýleki ýurtlar, şol sanda goňşy ýurtlar bilen hem netijeli ösdürildi. Häzirki wagtda biziň döwletlerimiziň arasynda syýasy ýa beýleki bir mesele boýunça düşünişmezlik ýokdur. Hut şuny hem biziň döwletlerimiziň öz aralarynda gazanan iň uly üstünlikleriniň esasylarynyň biri hökmünde görkezip bolar.
Ýene bir ýagdaýy aýratyn bellemeli: biziň döwletlerimiziň hormatly Baştutanlary sebitara, halkara, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde abyrsyz uly işleri amala aşyrýarlar. Muny Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Awazada geçirilen 3-nji konsultatiw duşuşygy hem ähli aýdyňlygy bilen görkezdi. Geçen ýylyň tomsunda Hazaryň türkmen kenarynda bolan duşuşygy biziň halklarymyz entek köp ýatlarlar diýip pikir edýärsiň. Şol duşuşyk halklaryň arasyndaky agzybirligiň, döwlet Baştutanlarynyň özara hormat-sarpasynyň güýjüni äleme ýaýdy. Özara bähbitli iş etmekde biziň döwlet Baştutanlarymyzyň görüm-göreldesi halklarymyza nusgalykdyr.
Biziň döwletlerimizde milli Liderlerimiziň göreldesine eýerilip, soňky 30 ýylda ykdysady hyzmatdaşlykda we medeni gatnaşykda ajaýyp işler durmuşa geçirilip, belent sepgitlere ýetildi. Şunda sanlary we maglumatlary getirip, aýdylanlary subut etjek bolmagyň geregi ýok. Ähli zat şeýle-de düşnükli, aýan-aýdyň. Iň esasy zat, olar halklarymyzyň islegine we arzuwyna kybap gelýär. Bizden birimiz olara gidenimizde ýa olardan biri bize gelende, özümizi juda arkaýyn, ylla, dost-doganlarymyzyň arasynda ýaly duýýarys. Şu hakynda oýlananyňda, milli Liderimiziň “Ösüş arkaly parahatçylyk” taglymatynyň ähmiýetine has çuňňur göz ýetirýärsiň.
Gürrüňi edilýän sammitlerde hormatly Prezidentimiziň eden çykyşlaryna dolanyp, ýene-de şulary aýtmak hökmany bolup durýar. Biziň döwletlerimiziň adam, senagat, tebigy we tehnologik mümkinçilikleri örän uludyr, halklarymyzyň medeniýetde we ynsanperwerlikde juda gymmatly mirasy bar. Bular bahasyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak baýlyklardyr. Şularyň esasynda döredilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýýan taglymaty ulanyp hem ösdürip, gatnaşyklaryň täze tapgyryny emele getirip bolar. Ol, hormatly Prezidentimiziň sözleri bilen aýdanymyzda, “...dünýäniň häzirki hem-de geljekki gurluşynda biziň ykdysady täsirimizi we syýasy ähmiýetimizi berkitmelidir”.
Her bir döwlet geljek üçin jogapkärçilik çekýär. Şol jogapkärçilik-de biziň umumy öýümizde — Ýer togalagynda pugta parahatçylygy üpjün etmekden ybaratdyr. “Dialog — parahatçylygyň kepili” — geçen ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatda halkara gatnaşyklaryň hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen bu täze filosofiýasy gürrüňi edilýän jogapkärçiligi amala aşyrmakda esasy çelgi, ugur alynýan görkeziji bolmalydyr. “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitinde milli Liderimiz şeýle diýdi: “Biz dünýädäki wakalaryň öňünden kesgitläp bolmaýan ýagdaýa öwrülýändigini, has durnuksyz häsiýete eýe bolýandygyny görýäris. Şeýle şertlerde diňe ynanyşmagy dikeltmek hem-de umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna eýermek emele gelen ýagdaýy düzgünleşdirmäge mümkinçilik berer diýip hasap edýäris”.
Şu ýerde iki gün mundan öň — Türkmenistanda Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly bellenilen gününde hem ýokary derejede gürrüňi edilen 30 ýyllyk maksatnamanyň dünýädäki wakalaryň öňünden kesgitläp bolmaýan häsiýetini aradan aýryp, halkara gatnaşyklarda aýdyňlyk döretmäge ýardam berjekdigini, şunlukda, adamzadyň ösüşini öňünden kesgitlemäge hem mümkinçilik döretjekdigini ynam bilen aýdyp bolar.
Türkmen — göwnaçyk halk. Türkmeniň döwleti-de “Açyk gapylar” syýasatyny ýöredýär. Türkmeniň çuňňur dünýägaraýşyna laýyklykda, diňe asuda ýurtda geljege nazar aýlap, etsem-goýsamlary meýilleşdirip bolýar. Türkmenistan dünýäde iň asuda, iň howpsuz ýurtlaryň biri. Muny dünýä ykrar edýär. Bu, elbetde, halk hökmünde bizi buýsandyrýar. Munda biz uzak ýyllaryň dowamynda hormatly Prezidentimiziň saýasynda amala aşyryp gelen giň gerimli işlerimiziň netijesini görýäris.
Türkmenistany ösdürmegiň 30 ýyllyk maksatnamasy hem, nesip bolsa, dünýäde görülýän, mynasyp baha berilýän we nusga alynýan işlerden bolar.
Seýitguly GELDIÝEW.
“Türkmenistan”.