Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer “Berkarar döwletiň täze eýýamy-nyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly durmuş-ykdysady strate-giýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň hem-de toplumlaýyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi.
Döwlet Baştutanymyzyň 2022-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tara-pyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheri-niň häkimlikleri bilen bilelikde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» tasla-masy işlenip taýýarlanyldy. Bu Maksatnamada geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmegi üpjün etmek maksady bilen, birnäçe wezipeleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda ykdysadyýetiň düzümlerini üýtgedip guramagy, dolandyryşyň täze, has netijeli usullaryny bazar ykdysadyýeti şertlerinde or-naşdyrmagy dowam etdirmek, makroykdysady we maliýe durnuklylygyny saklamak; tebigy baý-lyklardan rejeli peýdalanmagyň, pudaklary, önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň, innowasion teh-nologiýalary we kuwwatlyklary doly ulanmagyň hasabyna senagat we nebitgaz pudaklaryny dep-ginli ösdürmek; energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmak, şol sanda wodorod energetikasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy öwrenmek, daşky gurşawy goramak, “ýaşyl ykdy-sadyýet” syýasatyny alyp barmak; sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyr-mak; ykdysady-geografik ýerleşişiň amatlyklaryndan netijeli peýdalanyp, multimodal ulag geçel-gelerini we ugurlaryny döretmek, ulag-logistika ulgamlarynyň ösmegi üçin amatly şertleri üpjün etmek; ýer-suw serişdelerini ýokary netijeli peýdalanmagyň, hasyllylygy ýokarlandyrmagyň, eko-logiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerini öndürmegiň hasabyna azyk howpsuzlygyny üpjün et-mek; bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen we importyň ornuny tutýan önümçilikleri çalt dep-ginlerde ösdürmek; amatly işewürlik gurşawyny kämilleşdirmegiň hasabyna kiçi we orta telekeçi-ligiň ornuny güýçlendirmek we jemi içerki önümde hususy bölegiň paýyny has-da ýokarlandyr-mak, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň ösüşini işjeňleşdirmek; netijeli maýa goýum syýa-satyny durmuşa geçirmek, amatly şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek; milli ykdysadyýetimizi depginli, durnukly we toplumlaýyn ösdürmegiň hasabyna ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak wezipeleri bar.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galky-nyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli mak-satnamasyny» tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasyny taý-ýarlamak baradaky teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bi-tarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, ony täze sepgitlere çykarmak üçin täze maksat-namalaýyn resminamany kabul etmegiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz geljek 30 ýyl üçin strategik maksatnamada türkmen döwletiniň häzirki taryhy döwürde syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlarda ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen esasy wezipeleriň kesgitlenilmelidigi-ni aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň ara alyp maslahatlaş-magyna hödürleniljek Milli maksatnamanyň her bir düzgüniniň ugurdaş düzümler tarapyndan iç-gin seljerilmelidigine ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem Hö-kümetiň Baştutanynyň orunbasaryna degişli Kararyň taslamasyny taýýarlamak tabşyryldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän düzüm-lerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konsernine enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek hem-de elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnama-lara goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar bermek hakynda” Kararyň taslamasy barada hasa-bat berdi.
Şu resminama we Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmen-gaz” döwlet konserni bilen HHR-iň «CNPC» kompaniýasynyň arasynda “Galkynyş” gaz käninde 16 guýyny himiýa önümleri bilen üpjün etmek we buraw erginlerini taýýarlamak, guýulary ulan-mak boýunça tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek we bu guýulary degişli enjamlar bilen üpjün et-mek babatda tölegiň şertlerini üýtgetmek boýunça şertnamalary baglaşmak meýilleşdirilýär. Bu şertnamanyň bahasy 372 273 969,95 hytaý ýuanyna barabardyr.
Şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserni bilen «CNPC» kompaniýasynyň arasynda düzümleýin enjamlary gurnamak we “Galkynyş”, “Garabil” we “Bagaja” känlerinde degişli hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmak göz öňünde tutulýar. Netijede, bu şertnamalaryň jemi bahasy 106 221 809,71 amerikan dollaryna barabar bolar. Şunuň bilen bag-lylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, döwletimizde nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ös-dürmäge, maýa goýumlaryny çekmäge, ygtybarly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň gerimini gi-ňeltmäge uly üns berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanda amala aşyrylýan pudaklaýyn taslamalaryň ýerine ýetirilmeginde gyzyklan-ma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, iri düzümleýin kompaniýalar bilen özara bähbitli hyz-matdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek we köpugurly esasda ösdürmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Res-publikasy bilen ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň üýtgewsiz dostlukly we netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzyň arasyn-daky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçilikleri bar. Olaryň üstünlikli amala aşy-rylmagy diňe bir ikitaraplaýyn bähbitlere däl, eýsem, tutuş sebitiň abadançylyk we ösüş maksatla-ryna doly laýyk gelýär.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze guýulary burawlamakda we ozal hereket edýän känleri döwrebaplaşdyrmakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi türkmen gazynyň eksport möçberlerini art-dyrmakda aýratyn ähmiýetlidir.
Döwlet Baştutanymyz maýa goýumlaryň ýurdumyzda alynýan çig mal serişdeleri bilen gaýtaryl-malydygyny belledi.
Milli Liderimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resmi-namadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler hem-de azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça geçirilýän meýilnama-laýyn işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer bugdaýy, gowaçany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerini, miweli baglary, üzüm ösdürip ýetişdirmekde hem-de öri meýdanlarynda ösümlikleriň keselleriniň, zyýankeşleriň we haşal otlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleriň geçirilýändigini aýtdy.
“Ösümlikleri goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanda ösüm-likleri goramagyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda Kararyň taslamasynyň işlenilip taýýarlanylandygy habar berildi, resminamada ylmy çäreleri işläp taýýarlamak boýunça işleri geçirmek, ösümlikleri goramagyň usullarynyň ulanylmagyny kämilleş-dirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem bu maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyna laýyklykda, ýurdumyzda ösümlikleri goramak ulgamynda ylmy ösdürmek, döwrebap tehnologi-ýalary we öňdebaryjy tejribäni ulanmak meseleleri beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda amala aşyrylýan, bu ulgama öňdebaryjy ylmy usullary, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň ha-sabyna oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgert-meleriň wajypdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ekin we öri meýdanlaryny maksadalaýyk hem-de netijeli ulanmagyň wa-jypdygyny belläp hem-de iň gowy dünýä tejribesinden ugur alynmalydygyny, ekinleriň hasyllyly-gyny ýokarlandyrmak we tohumçylygy gowulandyrmak boýunça çäreleri görmegiň möhümdigini nygtady.
Milli Liderimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu res-minamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow dünýä ýurtlary hem-de halkara guramalar bilen howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigat-dan rejeli peýdalanmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurlarda hyz-matdaşlygy giňeltmek meseleleri barada hasabat berdi.
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda aýratyn möhüm ähmiýet berilýän bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli iş-ler alnyp barylýar. Bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, sebit we ählumumy derejede yzygiderli işler geçirilýär. Bu babatda milli Liderimiziň halkara başlangyçla-ryna esaslanyp, birnäçe teklipler taýýarlanyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen 2019-njy ýylda tassyklanan, Howanyň üýtgemegi barada-ky Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Pariž Ylalaşygyndan gelip çyk-ýan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine uly ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça resminama işlenip taýýarlanyldy, onda bu maksatlar üçin degişli çäreleri geçir-mek göz öňünde tutulýar.
Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda howanyň üýtgemegi we ekologiýa howpsuzlygyny üp-jün etmek boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ulanmak meseleleri möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek mak-sady bilen, häzirki wagtda Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýanyň çäklerinde Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howa-nyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalar merkezi bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edilýär. Bu Merkez 2013-nji ýyldan bäri, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we Senagat ösüşi boýunça guramasynyň howandarlygynda hereket edýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň ekologiýa taýdan howpsuz ykdysadyýeti we senagaty ösdürmek babatda ýöriteleşdirilen edarasy bolan Senagat ösüşi boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygy gi-ňeltmek ähmiýetli bolup durýar. Bu gurama bilen ozon gatlagyny goramak hakyndaky Wena Konwensiýasynyň ozon gatlagyny dargadyjy maddalar baradaky Monreal Teswirnamasy boýun-ça Türkmenistanyň borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin yzygiderli esasda anyk taslamalar amala aşyrylýar. Häzirki wagtda bu Teswirnamany ýerine ýetirmek babatda birnäçe taslamalar boýunça degişli resminamalar taýýarlanyldy.
Bu resminamalara türkmen tarapyndan Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine gol çekmäge rugsat bermek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleriniň Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurla-rynyň biridigini nygtady. Biziň ýurdumyz bu ulgamda milli derejede toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirmek bilen ählumumy ähmiýete eýe bolan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm meseleleriniň netijeli çözgütlerini işläp taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygy pugtalan-dyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýar.
Döwletimiz BMG-niň esas goýujy tebigaty goraýyş resminamalaryny, şol sanda biologiýa köp-dürlüligi, ozon gatlagyny goramak, çölleşmäge garşy göreşmek hakyndaky Konwensiýalary, Ho-wanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny hem-de olaryň amala aşyrylmagyna örän jogapkärli çe-meleşýändigini görkezýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beý-leki iri halkara düzümleriň belent münberinden öňe sürlen anyk başlangyçlary bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleriň çözülmegine, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, bile-likdäki uzak möhletleýin maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdi-rilendir.
Durmuşyň ähli ulgamlaryna innowasion häsiýetli, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň, “ýa-şyl” ykdysadyýet ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylmagy, tebigy serişdeleriň rejeli we aýawly peý-dalanylmagy, energiýa netijeliligine ýetilmegi, ekologiýa ulgamlarynyň goralmagy hem-de gaýta-dan dikeldilmegi sebit we ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagyň mö-hüm şertleri bolup durýar. Türkmenistan özüniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlary-nyň biri hökmünde ekologiýa diplomatiýasyny öňe sürmek bilen, bu ugurda umumy tagallalaryň jebisleşdirilmegine uly goşant goşýar.
Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, hödürlenilen teklipleri, umuman, makullady hem-de wise-premýere, daşary işler ministrine ýurdumyzyň ekologiýa başlangyçlaryny ilerletmek hem-de bu ul-gamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bo-ýunça işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ös-dürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde energetika dip-lomatiýasyny işjeň durmuşa geçirmegiň zerurdygyny ýene bir gezek nygtady.
Şeýlelikde, alternatiw, hususan-da, pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, onuň çeşmeleriniň we kuwwatlyklarynyň iş ýüzünde herekete getirilmegi ekologiýa hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly häzirki döwrüň möhüm me-selelerini çözmekde ägirt uly ähmiýete eýedir. Şunda geljegiň ýangyjy hasap edilýän wodorody peýdalanmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. Munuň özi onuň ýokary ulanyş häsiýetleri bilen şertlendirilendir, onuň ekologiýa häsiýetnamalary aýratyn möhümdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Bitarap Türk-menistanyň geljekde hem bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny höweslendirmek we giňelt-mek boýunça yzygiderli tagallalary etjekdigini nygtady.
Şeýle hem milli Liderimiz Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazowy şol bir wagtda ýurdumyzyň Liwan Respublikasyndaky Adat-dan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamalary boýunça toplumla-ýyn gepleşikleri geçirmek üçin daşary işler ministriniň orunbasaryny Pakistan Yslam Respublika-synyň Yslamabat şäherine gulluk iş saparyna ibermek baradaky Buýruga gol çekdi.
Milli Liderimiz resminamalary sanly ulgam arkaly wise-premýere, daşary işler ministrine iberdi hem-de olary ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasyny taý-ýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy we aladasy netijesinde, ýurdumyzyň gurluşyk pudagy-ny ösdürmek ugrunda ähli zerur şertler üpjün edilýär. Ýurdumyzda şähergurluşyk syýasaty üstün-likli durmuşa geçirilýär. Dünýäniň ösen tejribesini ulanmak arkaly, durmuş-medeni maksatly bina-laryň we desgalaryň gurluşygyna ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri, şeýle hem pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aş-gabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada habar berdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylda halkara we sebitara ähmiýetli wajyp taslamalaryň, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamy çekmek işleri dowam etdiriler. Şeýle hem şu ýylda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň birinji tapgyryny tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ýaşaýyş jaýlary-nyň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ulag ýollarynyň, suw, gaz we elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamynyň, şeýle hem suw arassalaýjy desgalaryň gur-luşygyna ägirt uly möçberde maýa goýumlar gönükdiriler.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähli möhüm baş-langyçlarynyň üstünliklere beslenmeginde aýratyn ähmiýeti bolan oýlanyşykly maýa goýum syýa-satynyň wajypdygyna ünsi çekdi. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän we durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, maýa goýum seriş-deleriniň uly möçberi durmuş ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň maýa goýum syýasatyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, 2022-nji ýyl üçin işlenip taýýarlanylan maýa goýum maksatnamasynda milli ykdy-sadyýetimiziň ähli pudaklarynyň geljekki ösüşini üpjün etjek çäreleriň oňyn çözgüdiniň öz beýa-nyny tapmalydygyny aýdyp, maksatnamany ýene bir gezek seljermek we ony gaýtadan işlemek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awtomobil ýollary ministrligini döret-mek hakyndaky teklip barada aýdyp, ýol gurluşygyny dolandyrmak boýunça täze hökümet eda-rasynyň adynyň talaba laýyk gelmeýändigini belledi. Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ykdysadyýetimiz bazar gatnaşyklaryna görä guralýar.
Döwletimizi ösdürmek boýunça ähli uzak möhletleýin meýilnamalarymyz hem bu ugra gönükdiri-lendir. Şoňa görä-de, ony Ýol gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi diýip atlan-dyrsak maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin. Şeýle hem onuň Düzgünnamasynda bazar gatna-şyklaryna degişli ähli kadalar beýan edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda taýýarlanylan ähli resminama-lara gaýtadan seredip, olary Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisine seretmek üçin hödürlemegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow dokma kärhanalarynyň önümleriniň brend nyşanlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer Türkmenistanda dokma senagatynyň ýokary tehnologiýaly kärhanalarynyň işe giri-zilýändigini, olarda çykarylýan ýokary hilli önümleriň görnüşleriniň köpelýändigini aýtdy. Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurlan döwrebap dokma toplumlarynda ýokary hilli, dürli görnüşli matalar dokalyp, olaryň kuwwatlylygy degişlilikde, 1 million 200 müň sany hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Ekologi-ýa taýdan arassa bu önümler içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilip alynýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma toplumlarynda “Goza”, “Wada”, “Bedew”, “Nusaý”, “Gala”, “Ar-wana”, “Bürgüt”, “Ýeňiş”, “Ak pamyk” haryt nyşanlary bilen giňden tanalýan önümler öndüril-ýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Kaka we Babadaýhan dokma toplumlarynyň täze önümleriniň haryt nyşanlarynyň teklip edilýän gör-nüşleriniň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy we olary milli Liderimize hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde öňde-baryjy tehnologiýalary, ýurdumyzyň we dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmagyň hasabyna dok-ma senagatynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi netijesinde, ýurdumyzyň dokma önümleriniň di-ňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyr-ýandygyny nygtady.
Milli Liderimiz dokma önümleriniň “Jeýtun”, “Mäne” atly täze haryt nyşanlaryny makullap, türk-men dizaýnerleriniň içerki bazaryň isleglerini öwrenmek we ilatyň möwsümleýin isleglerinden ugur almak bilen, egin-eşikleriň we beýleki harytlaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamalydyklary-ny, önümçilige girizmelidiklerini belledi hem-de wise-premýere bu babatda degişli görkezmeleri berdi.
Hasabatyň dowamynda wise-premýer giň halkara jemgyýetçiligi ýurdumyzyň dürli pudaklarda gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak, daşary ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetine maýa goýumlary, ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek maksady bilen, dürli sergileriň we maslahatlaryň guralýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, “Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň 2022-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmegi hakyndaky” Kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdu-myzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygyny, giň ge-rimli işleriň geçirilendigini we uly üstünlikleriň gazanylandygyny nygtady.
Milli Liderimiz ýurdumyzda öndürilýän önümleri has işjeň ilerletmek üçin degişli mahabat işleri-niň zerurdygyny aýdyp, 2022-nji ýylda meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk de-rejesini üpjün etmegi we şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli gatnaşyklardan ugur almagy tab-şyrdy.
Hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekip we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, çäreleriň her biriniň örän ähmiýetli, many-mazmunly bolmalydygyny, ýurdumyzda durmu-şa geçirilýän, umumadamzat ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan oňyn syýasatyň mazmuny-ny açyp görkezmelidigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa «Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşigini yglan etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna gi-rizilen dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny giňden wagyz etmek, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen, Türk-menistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bäsleşigi 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek we ýeňijileri sylaglamak tek-lip edilýär.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mähriban halkymyzyň ruhy medeniýetini düýpli öwrenmek we giňden wagyz etmek boýunça geçirilýän işleriň ähmiýeti-ni belledi. Şol medeniýet bolsa dünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Halkymyz üçin saz durmuşyň manysydyr, gözel ýaşaýşy beýan etmegiň möhüm guralydyr. Hal-kymyz taryhyň dowamynda 72 saz guralyny döredipdir. Häzirki döwürde dutaryň we gyjagyň asyrlaryň jümmüşine äkidýän owazyny, olaryň sazlaşygyndan döreýän ajaýyp sazlary diňlemek ýakymlydyr. Bu saz gurallarynyň joşgunly owazy adamlary beýik ýeňişlere ruhlandyrýar.
Biz paýhasly pederlerimiziň ajaýyp sungat däplerini dowam etdirmelidiris, ösdürmelidiris we ga-dymy saz gurallarymyzyň köpöwüşginli görnüşini dikeldip, geljek nesillerimize ýetirmelidiris. Şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli saz gurallaryny taýýarlamak hünäri täzeden döräp, ol zehinli ussatlaryň yhlasyndan döwrebap derejede dikeldilýär. Olaryň döredijilik bäsleşiklerine gatnaşmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni do-wam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilýän bäsleşikleriň ugurlaryny we ge-rimini giňeltmek, oňa ýaşlary has işjeň çekmek babatda degişli tabşyryklary berdi. Döredijilik bäs-leşikleri täze zehinleri ýüze çykarmaga, halypaçylyk ýoluny ösdürmäge, ýaş ýerine ýetirijileriň dö-redijilik gözleglerini höweslendirmäge, olary halkymyzyň ruhy mirasyna, baý saz medeniýetine çekmegi üpjün etmek babatda zerur mümkinçilikleri döredýär.
Milli Liderimiz bu işiň maksadalaýyk we yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmegiň hem-de dünýä jemgyýetçiligini türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeniýeti bi-len tanyşdyrmak üçin ähli mümkinçiliklerden giňden peýdalanmagyň wajypdygyny aýdyp, bu ba-batda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz “Çalsana, bagşy!” bäsleşigini yglan etmek hakyndaky” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de onuň meýilnamasyny taýýarlamak we ýoka-ry guramaçylyk derejesinde geçirmek barada degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ylmyň dürli ugurlary boýunça ýaş alymlary taýýarlamak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Mälim bolşy ýaly, ylym ulgamyny ösdürmek, ylmy we intellektual kuwwaty pugtalandyrmak, yl-myň dürli ugurlary boýunça alymlary we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýär.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda öňde goýlan wezipe-leri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem ylym ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdir-mek, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek maksady bilen, ýurdumyzyň degişli mi-nistrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde maksatnamalaýyn işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ösüşiň esasy guraly hök-münde ylym-bilim ulgamynyň okgunly ösüşine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ägirt uly döredijilik zehini bolan ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna toplum-laýyn esasda çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekip, ylmy işleri höweslendirmek, häzirki zama-nyň has möhüm ugurlarynda, aýratyn-da, döwletimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlarynda be-ýanyny tapýan lukmançylyk diplomatiýasy boýunça ylym we tehnika pudaklarynda wajyp ähmi-ýetli, düýpli hem-de ylmy-amaly barlaglary geçirmek üçin zerur şertleri döretmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Ama-now gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem içeri işler edaralarynyň ilaty pas-portlaşdyrmak hem-de hasaba almak boýunça geçirýän işleri barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň degişli Kararynyň düzgünlerini ýerine ýetirmek maksa-dy bilen, yzygiderli işler alnyp barylýar. Hususan-da, bu ulgamy sanlylaşdyrmak, öňdebaryjy tej-ribäni ornaşdyrmak hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny peýdalanmak boýunça netijeli çäre-ler geçirilýär. Bu meselede kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň seljerilmegine hem-de olary kämil-leşdirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, awtomatlaşdyrmagyň ýö-rite maksatnamalaýyn-tehniki serişdelerini işjeň ulanmak esasynda pasportlary resmileşdirmek we bermek işlerini guramagyň netijeli ulgamyny döretmek hem-de ilaty hasaba almagyň merkezleşdi-rilen sanly ulgamyny herekete girizmek boýunça amala aşyrylýan işleriň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurda dünýä tejribesini içgin öwrenmegiň hem-de degişli resminamalary döwrüň talaplaryna we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyk getir-megiň zerurdygyny nygtady.
16 ýaşa ýeten raýatlara pasportlary gowşurmak dabaraly ýagdaýda geçirilmelidir. Hormatly Prezi-dentimiz bu işleriň türkmen döwletiniň binýatlarynyň has-da berkidilmegine, ýaşlara raýatlaryň hukuklary we azatlyklary babatynda ýurdumyzyň kanunçylygynyň esasy kadalarynyň düşündiril-megine gönükdirilmelidigini hem-de hukuk goraýyş işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermelidigini belläp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Ça-kyýew döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.
Iş saparynyň dowamynda Serhetýaka demir ýol menzilinde hem-de onuň çäklerindäki degişli gul-luklarda bolnandygy we serhet geçelgesinden wagonlary wagtly-wagtynda kabul etmek hem-de ugratmak boýunça işleriň ýagdaýy bilen tanşylandygy barada hasabat berildi.
“Demirgazyk — Günorta” halkara demir ýol geçelgesinde ulanylýan teplowozlaryň sanawy hem-de olary netijeli ulanmak boýunça guramaçylyk ýagdaýlary öwrenildi. Şunuň bilen baglylykda, Bereket — Serhetýaka we Bereket — Akýaýla demir ýol aralyklarynda işleýän teplowozlaryň sa-ny artdyryldy hem-de Serhetýaka demir ýol menzilinde teplowozlara we wagonlara ýeňil abatla-ýyş işlerini geçirýän, hyzmatlary ýerine ýetirýän deponyň işi ýola goýuldy.
Mundan başga-da, wagonlar kabul edilende we tabşyrylanda, degişli gulluklar tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň wagtyny azaltmak üçin olaryň ählisiniň işini ýola goýmak hem-de halkara tejribe-lerden ugur alyp, gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki işleri çaltlandyrmak meselelerine garaldy.
Şeýle hem Bereket demir ýol menziliniň wagonlary paýlaýjy parkynyň işi bilen tanşyldy we bu stansiýa goşmaça işçi güýjüni çekmegiň mümkinçilikleri öwrenildi. Onuň geçirijilik ukybyny ýo-karlandyrmak maksady bilen, kömekçi demir ýollaryň gurluşygynyň taslamalaryny gysga möhlet-lerde taýýarlamak teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýewropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Merkezi, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň bazarlaryna çykalgala-ry açýan “Demirgazyk — Günorta” we “Gündogar — Günbatar” halkara ulag-üstaşyr geçelgele-rini döretmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Türkmenistanyň amatly çäk mümkinçiliklerini nazara alyp, bu ugur boýunça gadymy döwürlerde möhüm söwda ýollarynyň geçendigini we onuň dünýä aragatnaşyk giňişliginiň möhüm bölegi bolandygyny bellemek gerek.
Täze taryhy eýýamda onuň yklymüsti ulag geçelgesi hökmündäki ähmiýeti has-da artdy. Soňky ýyllarda demir ýollarynyň ugry giňeldi. Mundan başga-da, halkara ulag gatnawlary ösdürildi. Munuň özi ýurdumyzyň içerki sebitleriniň sazlaşykly ösüşine kuwwatly itergi berdi.
Milli Liderimiz ulag ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn başlangyçlarynyň ösdürilmegine gönükdirilendigini aýtdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalarynyň dördüsiniň kabul edilmegi munuň aýdyň beýany-dyr.
Durnukly ösüşiň möhüm guraly hökmünde ulag ulgamynyň wajyp orny eýeleýändigini nazara ala-nyňda, onuň täze bazarlara we önümçilik-söwda ulgamlaryna giň ýol açýandygy bellärliklidir. Türkmenistan häzirki pandemiýadan soňky döwürde ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky gat-naşyklaryň berkidilmegi baradaky halkara başlangyjy öňe sürdi diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, özüniň çäk taýdan amatly ýerleşiş ýagdaýyny netijeli peýdalanyp, Türkmenistanyň Ýewropa we Aziýa giňişliginde iri ulag-logistika merkezine öwrülýändigini aýtdy. 2021-nji ýylda biziň ýurdumyzyň çäginden geçirilen üstaşyr ýükleriň 3,5 esse artandygy munuň nobatdaky beýanydyr.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzda demir ýol ulaglary düzüminiň toplumlaýyn ösdürilmegine we pudagyň döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna we işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz üstaşyr ýük gatnawlarynyň bökdençsiz işini üpjün etme-giň zerurdygy barada aýdyp, bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory awtobus ugurlarynyň açylmagynyň, üýtgedilmeginiň, ýapylmagynyň Tertibini tassyklamak ha-kyndaky Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bu resminama halkymyzyň awtoulag hyzmat-laryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň talaplaryny üpjün et-mek maksady bilen, “Awtomobil ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan we-zipeler nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, awtomobil ulaglarynyň işine yzygiderli gözegçiligiň üpjün edilmegine, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugta-landyrylmagyna, jemgyýetçilik ulaglarynda ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň derejesiniň ýokarlan-dyrylmagyna gönükdirilen anyk işleriň amala aşyrylmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçy-syna iberdi we ondan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.