Türkmen alabaýy — wepadarlyk nusgasy

Daşoguz welaýatynyň S.Nyýazow adyndaky etrabynyň Adalat geňeşliginiň çetki obasynyň gutarýan ýerinden ak çägeli sähralyk başlanyp, alyslara ýaýylyp gidýär. Bu giňişligiň belentli-pesli gum alaňlarynyň arasy bilen täze çekilen giň ýol belent başly binalar toplumyna baryp direýär. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkeziniň täze binasy ak sährada has ýagty görünýär, onuň gözel keşbinde halkymyzyň wepadarlygyň nusgasy hasaplanýan türkmen alabaý itlerine bolan buýsanjy jemlenýär.
Döwrebap derejede bina edilen bu toplum milli gymmatlygymyzyň goraglylygyny üpjün etmek, türkmen alabaýlarynyň tohumçylygyny gowulandyrmak, sanyny köpeltmek hem-de geljek nesiller üçin miras galdyrmak boýunça ähmiýetli işleriň alnyp barylýan ýerine öwrüldi. Täze binanyň açylmagy welaýatyň itşynaslary üçin has ähmiýetli waka boldy. Olar mahal-mahal bu ýere gelýärler, iş tejribeleri barada pikir alyşýarlar, täze toplumda döredilen şertler, işleriň guralyşy bilen içgin tanyşýarlar.
Demirgazyk welaýatda tejribeli itşynaslar az däl. Görogly etrabynyň Ýagtylyk geňeşliginde ýaşaýan Şaguly Taganlyýew, Gubadag etrabyndan Yhlas Kurbanow, Gurbansoltan eje adyndaky etrapdan Haldurdy Goçow welaýatda ussat itşynaslaryň hatarynda giňden tanalýar. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary bolan halypa itşynaslar ençeme şägirtleri ýetişdirip, olara bu käri ýöretmegiň ýol-ýodalaryny öwredýärler. Baý iş tejribeli bu halypalar täze topluma gelip, bu ýerde işleýänler bilen duşuşýarlar, olara öz maslahatlaryny berýärler.
Täze toplum bir gektara barabar umumy meýdany eýeleýär. Bu ýerde merkeziň edara binasy, hojalyk jaýy, 30 orunlyk it ýatagy, iki-alty aýlyk güjükleriň 20-sine niýetlenen güjükhana, güjüklejek itleriň 20 orunlyk ýatagy, itleri aýratyn saklamaga niýetlenen otaglar, sergi meýdançasy, awtoulaglar üçin jaýlar, suw howdanlary ýerleşýär. Bu ýerde tomaşaçylar üçin bassyrmaly münber bar, onuň beýleki bir bölegini bolsa alabaý itleriniň türgenleşik meýdançasy eýeleýär. Häzirki wagtda bu ýerde alabaý itleriniň sanyny köpeltmek barada giň gerimli işlere amal edilýär. Alabaý itlerine gije-gündiziň dowamynda gözegçilik we ideg etmekde 16 adam örän eserdeňlik bilen zähmet çekýär. Täze desganyň çäginde olaryň netijeli işlemegi, iş arasynda dynç almagy, ýaşamagy üçin ähli amatlyklary bolan jaýlar bar. Toplumyň bir böleginde ýerleşýän weterinar otagy zerur bolan däri-dermanlar, dürli enjamlar bilen doly üpjün edilipdir.
— Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallasy bilen şeýle binanyň gurlup ulanylmaga berilmegi buýsanjymyzy artdyrdy — diýip, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy Şaguly Taganlyýew aýdýar: — Bu ýere her sapar gelenimde, wepadar itlerimiz barada edilýän aladalary görüp guwanýaryn. Türkmen alabaý itlerini idetmäge çagalygymdan höwes döredi. Şol ýyllar obanyň iň çetinde, tokaýlygyň içinde ýaşaýardyk, ona golaý itimiz bardy. Olara, esasan, ejem serederdi. Bu käre ilki höwes döredenem, bu işi öwredenem ejem boldy. Indi altmyş ýyla golaý wagt bäri, alabaýlary saklamak, olaryň sanyny köpeltmek işi bilen meşgullanyp gelýärin. Milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak babatda çäksiz alada edýän, biziň has netijeli işlemegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredýän milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».