Watan öý-ojakdan başlanýar

27-nji ýanwar — Watan goragçylarynyň güni bosagada. Ýurdumyzda her bir baýramy ajaýyp zähmet üstünlikleri, şanly wakalar bilen garşylamak asylly däbe öwrüldi. Düýn Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylaryna we olaryň maşgalalaryna niýetlenen 4 gatly, 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berilmegi baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.
Welaýat merkeziniň «Altyn asyr» aýlaw ýolunyň ugrunda beýleki göze gelüwli binalar bilen bitewi sazlaşygy emele getirip, şäheriň görküne görk goşan ýaşaýyş jaýyny Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň buýurmasy esasynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenabat şäherindäki demir-beton konstruksiýa kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Täze ýaşaýyş jaýynyň öýleriniň 16-sy üç otagly, ýene-de şonçasy dört otagly bolup, olaryň hersi özüne mahsus derejede bezelipdir. Içinde ýaşamak üçin ähli amatlyklar döredilen otaglarda ýerleşdirilen hojalyk mebelleridir beýleki enjamlaryň tükel öz ýurdumyzda öndürilen önümler, senagat harytlary bolmagy guwandyryjydyr.
Jaý toýunyň dabarasyny welaýatyň medeniýet, sungat ussatlary, tans we beýleki döredijilik toparlary ýörite taýýarlan gyzykly çykyşlary bilen bezediler. Täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygynda tapawutly zähmet çeken gurluşykçylara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Aýdym-sazly dabara tamamlanandan soň, hormatly ýaşulular, ak saçly mährem eneler we myhmanlar ýaşaýyş jaýyna aýlanyp gördüler. Öýlerde döredilen ähli amatly şertlerden göwünleri biten myhmanlardyr öý eýeleri Watan goragçylary babatdaky bimöçber uly aladalary üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
— Watan goragçysy, gümrük gullukçysy hökmünde özümi iň bagtly ynsanlaryň biri hasaplaýaryn. Ine, bu gün täze ýaşaýyş jaýyndan öýli bolmak bize hem miýesser etdi. Bu döwrebap jaý türkmen maşgalasy, hususan-da, Watan goragçylarynyň maşgalasy üçin örän amatly, oňyn şertleri, mümkinçilikleri özünde jemleýär. Myhman otagy, çagalar otagy, aşhana we beýleki otaglarymyz iň gowy öý hojalyk mebelleridir döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen. Ýagty, arassa, häzirki zaman ülňülerine laýyk gurlan ýaşaýyş jaýy ähli gümrük gullukçylarynyň we olaryň maşgalalarynyň begenjini artdyryp, hünär baýramçylygyna ajaýyp sowgat boldy. Biz şeýle bagtly, döwletli günleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys — diýip, Mary welaýat gümrükhanasynyň buhgalteriýa hasabaty bölüminiň gözegçisi, kapitan Enebaý Italmazowa ýürek buýsanjyny paýlaşýar.
Mary welaýatynyň Gurbanguly Hajy metjidiniň baş ymamy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Amangeldi Myradow bu sogaply işlere alkyş-guwanjyny şeýle beýan edýär:
— «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň her bir güni turuwbaşdan toýdur baýramlara beslenýär. Ine, bu gün welaýatymyzyň merkezinde täze, kaşaň ýaşaýyş jaýynyň açylmagy hem toýly günleriň dowamyna öwrüldi. Öý — mukaddeslik. Bagtyýar durmuş hem, nesil terbiýesi hem, umuman, ähli gowulyklar öý-ojakdan başlanýar. Täze jaýdaky öýleriň her birinde maşgalalaryň bagtly durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Her bir otag göwün ýaly giňligi, ýagtylygy, arassalygy bilen gözüňi dokundyrýar. Biz hem ildeşlerimiziň şatlygyny paýlaşyp, “Täze öýüňiz gutly bolsun, ýurt garşy alsyn!” diýýäris. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Şamyrat AMADOW.