Ýedi hazynanyň biri

Öremyrat SOPYÝEW,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Işewür topar» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy:

— Hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna bolan iş sapary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günleriniň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Gahryman Arkadagymyz «Işewür topar» hojalyk jemgyýetimiziň guşçulyk toplumyna gelip, belent adamkärçiligi hem-de ýürekdeşligi bilen kalbymyzy nurlandyrdy, şatlygymyzy goşalandyrdy. Bu ajaýyp pursatlarda hojalyk jemgyýetimiziň hünärmenleriniň guşçulygy ösdürmek, ýerli önümleriň möçberini hem görnüşlerini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda alyp barýan işleri barada döwlet Baştutanymyza gürrüň bermek bagtynyň miýesser edendigine çäksiz begenýärin.
Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek babatynda uly goldawlar berilýär, azyk önümçiliginde netijeli zähmet çekmäge oňaýly şertler döredilýär. Şeýle amatly mümkinçiliklerden peýdalanyp, bu toplumy ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna 2016-njy ýylda gurduk. Halkymyzda towuk, umuman, guşçulyk ýedi hazynanyň biri hasaplanýar. Görogly etrabynyň «Türkmen ýoly» geňeşliginiň çäginde ýerleşýän döwrebap toplumda ýylda 300 tonna guş eti öndürilip, elýeterli bahalardan sarp edijilere ýetirilýär. Toplumyň umumy meýdany 3,2 gektara barabar bolup, onuň çäginde towuk-jüýjeleri saklamaga niýetlenen ýörite jaýlar, inkubator, bir sagatda 800 towugy et görnüşinde taýýarlamak mümkinçiligi bolan bölüm we beýleki kömekçi binalar ýerleşýär. Toplumda jüýje çykarylyşy alty tapgyra bölünip, her tapgyrda 35 müň, ýylyň dowamynda bolsa 210 müň jüýje goýberilýär. Esasan, et ugurly jüýjeler bary-ýogy 45 günüň içinde ýetişýär. Toplumyň beýleki böleginde ýumurtga berýän towuklar saklanylýar. Işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy bilen, önümçiligiň möçberi barha artýar. Biz demirgazyk sebitiň howa şertlerine uýgunlaşan hind towuklaryny, bedeneleri ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berýäris. Hind towuklarynyň et berijiligi has ýokary. Olaryň horazlarynyň agramy 14 kilogramdan geçýär. Häzirki wagtda toplumda hind towuklarynyň 2 müň sanysy bar.
Töweregiň obalarynda guşçulyk bilen meşgullanýanlar az däl. Bu ugurda uly tejribesi bolan oba adamlary bilen maslahatlaşyp durýarys. Toplumymyzda guşçulyk işini ýöretmäge höwesli oba ýaşlarynyň 23-si zähmet çekýär. Hojalyk jemgyýetimiziň bu iri toplumynda ýetişdirilýän dürli görnüşli guşlara aýratynlykda ot-iýmlik önümler taýýarlanylýar. Hind towuklaryna, esasan, bugdaý kepegi ýaly ýerli iýmler berilýär. Olar üçin etrabyň galla önümleri kärhanasyndan ýörite şertnama esasynda ýeterlik mukdarda iým alýarys. Dürli görnüşli ot-iým ätiýaçlygynyň döredilmegi guşçulygy ösdürmek işini göwnejaý ýöretmegiň ilkinji şertleriniň biri bolup durýar. Şu maksatlar üçin hojalyk jemgyýetimize bölünip berlen 50 gektar ýerde dürli ot-iýmlik ekinleri ýetişdirýäris. Has takygy, 20 gektar ýerde mekge, 15 gektar meýdanda jöwen, 5 gektarda arpa, 10 gektara barabar meýdanda hem ýorunja ekip, hasyl alýarys. Işleriň şeýle utgaşykly guralmagy önümçiligiň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Bereketli saçaklaryň aýrylmaz bölegi bolan guş etiniň, ýumurtganyň öndürilişini ýokarlandyrmak üçin kärhanamyz häzirki zamanyň kämil tehnologiýalary bilen doly üpjün edildi.
Gahryman Arkadagymyz guşçulyk toplumymyza gelende, alyp barýan işlerimiz bilen gyzyklandy, azyk önümçiliginde işjeňlik görkezýändigimizi kanagatlanma bilen belledi. Ömre barabar bu pursatlar buýsanjymyzy, işe yhlasymyzy has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Ýazga geçiren Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).