Arkadagly zamananyň bedew bady

Hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatyna iş saparyndan soňky oýlanmalar
At — myrat. At — buýsanç. At — güýç-kuwwat.
Türkmen ýelden ýyndam bedewleri bilen pelegiň çarhyna tizlik beripdir.
At dabyradyp, çäkleri ýygryp, dünýä özi ýaly giňlik beripdir.
Türkmende bedew — kämilligiň, bedew bady — okgunlylygyň ölçegi hasaplanýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günleri. Täze arzuwlar, täze maksatlar. Täze gözýetimler. Täze dünýä inen taý...
«Taý geldi — toý geldi» diýipdir könekiler.
Ynha, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňňin, 18-nji ýanwarda saba-säher, hoş habaryň buşlugy bilen, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolan pursatlary şeýle sazlaşygy özünde jemledi. Toý bolup gelen taýçanaga Gahryman Arkadagymyzyň Zaman diýip at goýmagy nämelerden habar berýär?! Munuň özi ýylyň buýsançly adyndan äheň almak bilen bir hatarda, halkymyzda uly ykbalyň, geljegiň alys menzilleriniň bedew bilen baglanyşdyrylýandygyny, taryhyň synly-synagly ýollarynda «döwlet» hem-de «bedew» düşünjeleriniň bitewüleşdirilendigini ýene bir gezek aýan-oraşan görkezýär.
Halkymyz «Bedew ata yhlas edeniň ýedi arkasy ýalkawlydyr, nesli-neberesi ýamanlyk ýüzüni görmez» diýen ynanja uýýar. Türkmende asylly ýerlerden bolan maşgalalarda seýisçilik hökmany özleşdirilmeli kespleriň biri hasaplanypdyr. Milli Liderimiziň asyl-aňyrsynda meşhur seýisleriň bolandygy hakykat. Gahryman Arkadagymyz bu gün bu asylly kesbi dowam etdirmek bilen, ony döwlet derejesine göterdi.
...Täze doglan taýçanagy synladygyňça, onuň ýap-ýaňy uçmahdan Zemine gonandygyna halysalla ynanýarsyň. Hormatly Prezidentimiz bilen didarlaşan halypa seýisler bilen gürrüňdeş bolanymyzda, olar tebigatda bihal-bihasap zadyň ýokdugyny, şol gün ir ertirden asmandan bereket-nuruň bolluk bilen ýagmasyny-da rowaçlyga, Şa gadamynyň rysgal-döwletliligine ýorandyklaryny dile getirdiler.
Aýdylyşy ýaly, sözüň tamamlanan ýerinden saz, akylyň gutaran ýerinden gudrat başlanýar...
Biziň şeýle tolgundyryjy pursatlara şaýat bolanymyz ilkinji gezek däl. Döwlet Baştutanymyzyň her ýylyň başynda ahalteke bedewleri bilen didarlaşmagy, täze doglan taýçanaga şol ýylyň şygaryna dahylly at goýmagy asylly däbe öwrüldi diýip aýtmak bolar. Asyl-ha, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyllary hakda pikir öwrenimizde, olaryň her biri bedewiň keşbinde göz öňümize gelýär. Olar biri-birinden öňürdip, okdurylyp, taryhyň ümmülmez giňişliginde çapyp barýarlar, çapyp barýarlar. Ýok, olaryň ümzügi geçmişe däl, geljege tarap! Röwşen ertirlere tarap!
Hawa, biz zamanamyzyň aýgytly gadamlaryny bedew badyna deňeýäris. Munuň mysaly özünde. Oňa aň etmek üçin diňe şol günki wakalara — Gahryman Arkadagymyzyň Ahal welaýatyna iş saparynyň döwletli tutumlaryna ser salmak hem ýeterlik.
Nähili gowy! Behişdi bedewleriň dünýä ýaýran ata mekanynda ýene-de taýlar dogulýar...
Taryhyň gülläp ösen topragynda ýene-de täze, beýik şäherler gurulýar...
Milli Liderimiz welaýatyň döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky giň gerimli işleriň barşy, täze taslamalar bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Wakanyň yzysüre bize-de bu ýerde bolmak, iri taslamalary amala aşyrmaga goşant goşýan hususyýetçiler bilen pikir alyşmak miýesser etdi.
...Eslije menzil aralyga garamazdan, täze edara ediş merkeziniň boýy ýeten belent binalary ho-ol alysdan howalanyp, magallaklap gözüňe dolýar, göwnüňi dokundyrýar. Binalaryň köpüsinde esasy işler tamamlanyberipdir.
Şäher düşünjesi adamzadyň aňly-düşünjeli ýaşaýşynyň ojagy hökmünde hemişe ösüş-özgerişleriň başyny çekip gelýär. Olaryň binagärlik, infrastruktura babatdaky möwçli depginleri adamzadyň medeni, ruhy, intellektual ösüşleri bilen utgaşykly dowam edýär. Siwilizasiýanyň keşbi şäherleriň keşbinde açylýar.
Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan, müňlerçe ilata mesgen-mekan boljak täze merkez türkmeniň diňe bir binagärlik sungatynyň däl, eýsem, deňli-derejeli ýaşaýyş sungatynyň hem kämilligini özünde jemleýär.
Täze şäheriň ýurt ýeri babatda, esasan, üç aýratynlyk ünsi çekýär. Ol:
— welaýatyň ähli etraplary, bütin ilaty üçin aralyk merkezdigi;
— Köpetdagyň gerişleriniň, Altyýap, Sekizýap ýaly meşhur çaýlaryň, dag etek çeşmeleriň, düzlükleriň gaýtalanmajak tebigy gurşawynda ýerleşýändigi;
— paýtagtymyz Aşgabada ýanaşyk oturandygy bilen möhüm ähmiýete eýedir.
Iri gurluşykda «akylly» şäher ýörelgesinden ugur alnyp, milli binagärlik däpleri dünýä tejribeleri, häzirki zamanyň innowasion usullary, ylmyň gazananlary bilen utgaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň geçiren iş maslahatynda bellenilişi ýaly, birinji tapgyrda gurulýan binadyr desgalaryň 336-sy bolup, olar kaşaň ýaşaýyş jaýlarydyr, jemgyýetçilik, edara binalarydyr, döwrebap bilim ojaklarydyr, saglyk merkezleridir...
Bu ýerler — ahalteke bedewleriniň asyl mekany. Arassa ganly behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmek müňlerçe ýylyň dowamynda hut şu sebitde — Köpetdagyň eteginde sungat derejesine ýetirilipdir. Döwrebap edara ediş merkezinde atçylyk ulgamyna degişli ýokary okuw mekdebiniň gurulýandygyny, onuň bölümlerinde ahalteke atlarynyň aýratynlygyny, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň we talabalaýyk derejede ideg etmegiň ugurlaryny öwrenmek boýunça degişli okuw maksatnamalarynyň taýýarlanylýandygyny geçmişe sarpa, geljege mizemez ynam bilen baglanyşdyryp bileris. Munuň özi täze şäheriň düýnüň, şu günüň, ertiriň altyn sazlaşygyna eýe boljakdygyny hem tassyklaýar.
Şeýle kuwwatly taslama tükel öz güýjümiz bilen amala aşyrylýar. Bu ýerdäki gurluşyk işleri ýerli hususy kärhanalaryň 62-si, döwlet kärhanalarynyň 5-si tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Milli Liderimiz şol gün bu ýerde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyndaky işler baradaky hasabaty diňlemek bilen, onuň Tejen — Mary böleginiň gurluşygyna-da ak pata berdi.
Ine, şeýle! Halkymyz bu gün öz ýaşajak dünýä derejeli şäherlerini özi gurýar.
Alyslary ýakyn edýän halkara ýollaryny özi çekýär.
Öz azygyny öz bereketli topragyndan özi öndürýär...
Munda berkararlygyň belent nusgasy görünýär.
Şular barada oýlananyňda, Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabyndaky şu jümleler seriňe dolýar: «Käteler ýaşuly adamlardan eşiden alkyş sözlerim hakydama gelýär. Olar: «Ýörän ýoluň sogapdan, haýyrdan bolsun!» diýerdiler. Ilimiziň öý tutmagy, guýy gazmagy, ýol çekmegi sogaply, haýyrly iş hasap edýändigini hem bilýänsiňiz. Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri hakynda pikir edenimde, döwrümiziň watançy nesilleriniň şu alkyşa tüýs mynasypdygyna ynanýaryn».
Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy, elbetde, milli Liderimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatdaky köpugurly işleriniň çägindäki iri gurluşyklaryň diňe bir bölegidir. Arkadagly zamananyň joşgunly ruhunyň dünýä deý giň Diýarymyzyň ähli künjeklerini gurşap alandygy, häzirki wagtda ýurdumyzda umumy şertnama bahasy 36 milliard amerikan dollaryna golaý bolan iki ýarym müňden hem köp önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurulýandygy guwandyryjydyr. Bütin ýurdumyz boýunça belent desgalar, iri täze ýaşaýyş jaý toplumlary bina edilýär. Müňlerçe kilometre uzaýan tizlikli awtomobil we polat ýollary çekilýär, halkara ähmiýetli ulag üpjünçilik ulgamlary döredilýär... Olar biri-biriniň üstüni ýetirip, döwrüň bedew badyny, döwletiň kuwwatyny misilsiz aýan edýär.
                                                    * * *
18-nji ýanwaryň tutumly wakalaryndan söz açanymyzda, Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol günki gol çeken döwletli Karary barada-da aýtmalydyrys. Resminamada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirmek bellenilýär. Taryhy mejlisde ösüşli-özgerişli eýýamyň täze tapgyry — geljek 30 ýyl üçin niýetlenen maksatnamanyň kabul edilmegine garaşylýar.
Biz döwletli maslahatyň oň bolmagyny, il-ýurt bähbitli maksatlaryň myrat tapmagyny arzuwlamak bilen, gürrüňimizi Gahryman Arkadagymyzyň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, täze doglan taýçanaga at dakan pursatlarynda aýdan senaly sözleri bilen jemlemek isleýäris:
«Goý, bu taýyň ady Zaman bolsun!
Geljek 30 ýyly öz içine alýan täze döwre niýetlenen beýik maksatlarymyz bedew bady bilen dowamat-dowam bolsun!
Ýurdumyz parahat, il-günümiz hemişe aman bolsun!».
Kakamyrat REJEBOW.
«Türkmenistan».