Taý geldi — toý geldi

Sişenbe güni hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Gökdepe etrabyndaky Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna hem-de etrabyň çäginde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezine baryp görmegi tolgundyryjy duýgulary döretdi. Düýn «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň mejlisler jaýynda bolan hoşallyk maslahaty hem şol ajaýyp we taryhy wakanyň şanyna guraldy. Bu maslahat behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek, atçylyk pudagyny ösdürmek babatda tagalla edýän döwlet Baştutanymyza egsilmez hoşallygyň özboluşly beýanyna öwrüldi.
Ussat seýis Orazmyrat Annalyýewiň döwletli maşgalasy Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasynda ýaşaýar. Ykbalyny atçylyga baglan halypa atşynas indi 20 ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda zähmet çekmek bilen, pudagy ösdürmekde, ýaş nesillerimizde atçylyk sungatyna höwes döretmekde, atlary seýislemekde tagallalaryny gaýgyrmaýar.
Şatlykly wakanyň yzysüre gürrüňi edilýän seýis bilen duşuşmak, onuň ýürek buýsanjyny eşitmek diýseň ýakymly boldy.
— Durmuşymda ýatdan çykmajak, örän şatlykly we buýsançly waka bolup geçdi. Behişdi bedewlerimiziň çyn janköýeri milli Liderimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şanly ýylyň ajaýyp gününde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna gelip, iş we durmuş şertlerimiz, behişdi bedewleri idetmek, seýislemek boýunça alyp barýan işlerimiz bilen gyzyklandy. Bu pursat meni juda tolgundyrdy. Arkadag Prezidentimize täze dünýä inen taýçanak barada gürrüň berdim. Döwlet Baştutanymyzyň meşhur Pereňiň nesil ugruna degişli, Gözbaş we Keýkilhan atly bedewlerden bolan taýçanaga Zaman diýip at goýup, boýnuna mähriban käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakmagy şatlygymy goşalandyryp, göwün guşumy ganatlandyrdy. Bu pursat bedewlere we kärime söýgimi has-da artdyrdy — diýip, ussat seýis sözüni dowam etdi: — Özüm çagalykdan behişdi bedewlerimiziň janköýeri. Mekdepde okaýan döwürlerim obamyzdaky — Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasyndaky athana gatnap başladym. Ol ýerde atlara edilýän ideg we seýislemek işi atçylyga höwesimi has-da artdyrdy. 1993-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, Türkmenistanyň halk atşynasy Baýramgeldi Hydyrowyň ýanyna gatnap, halypa-şägirtlik ýörelgesine eýerip, atlara ideg etmek we olary seýislemek boýunça tejribe topladym. 2003-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda zähmet çekip gelýärin. Bedewleri idetmegiň, seýislemegiň, ýaryşlara taýýarlamagyň usullaryny ýaşlara hem yzygiderli öwredýärin. Ykbalymy bu asylly käre baglandygyma örän begenýärin, buýsanýaryn.
Ussat seýis döwletli ojagyň, bagtyýar maşgalanyň eýesi, iki gyz, iki ogul perzendiň atasy. Gelni Aýgül, gyzy Gülnar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda zähmet çekýärler. Uly ogly Mälikguly okuwdan boş wagtlary kakasynyň ýanyna baryp, at çapmagyň, seýislemegiň usullaryny yzygiderli öwrenýändigini, geljekde atşynas bolmagyň arzuwyndadygyny buýsanç bilen aýdýar.
Atşynaslaryň obasynda ýaşaýan bu bagtyýar maşgalanyň agzalary ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, tohumçylyk-seçgi işlerini, türkmen milli seýisçilik sungatyny kämilleşdirmek boýunça taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza ýürekden çykýan alkyşlaryny aýdýarlar.
Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren awtor.