Çyn ýaşamak — ömrüň manysy

Milli edebiýatymyzyň görnükli wekili, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarow öz döwründe-de, häzirem okyjylar tarapyndan iň söýlüp okalýan şahyrlarymyzyň biri. Ussadyň publisistikasy, şygyr we kyssa eserleri, terjimeleri hakda hem giňişleýin gürrüň etmek mümkin. Ynsan mertebesi, halallyk, ynsap ýaly ruhy gymmatlyklar Berdinazar aganyň döredijiliginiň özeni bolup, okyjylary barha özüne imrindirýär. Biz gazetimiziň şu sanynda söz ussadynyň edebiýat, döwür we durmuş baradaky pikirlerinden käbir parçalary okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik.
«TÜRKMENISTAN»
Çyn ýaşamak — ine, ömrüň özeni! Ýöne bu juda kyn. Adamyň tebigatyny Magtymgulynyň nähili çuňňur öwrenendigi akylyňy haýran edýär:
Adam özün bilmez, ham-hyýal bolar.
Ham-hyýallyk näme? Ham-hyýallyk — özüňe özüňden ýokary baha bermek. Ham-hyýallyk — özüňi özüňden gowy görkezjek bolmak. Magtymguly kämil kişini gözleýär. Ýöne olar seýrek bolarly. Şonuň üçinem ol: «Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňy!» diýýär.
                                                                * * *
Kämilligiň ähli döwürler üçin ýalňyz formulasy bar: badyhowalyk däl, pälipeslik. Köpbilmişlik däl, köp bilmek. Ulumsylyk däl, kiçigöwünlilik. Daşky görnüş däl, içki mazmun.
                                                                * * *
Adalatlylyk barada söz açanyňda, Magtymgulynyň meşhur «Kepderisi» ýada düşýär: ol ýöne bir eser däl, adalat hakyndaky beýik Gimn!
                                                                * * *
Gojaman taryhyň galňap giden gatlary türkmenleriň mertebesini, medeniýetini saklap bilen namysly, batyr halkdygyndan habar berýär. Biziň ownamaga hakymyz ýok. Kän ýitgileriň öwezini garaz, eýdip-beýdip dolmak mümkin, ownukçyllygyň öwezini hiç zat bilen dolup bilmeris. Köpügören, buýsançly ýaşulular halkyň ahlak belentligini biziň günlerimize ýetiren kişilerdir. Olar özleriniň arassa ömri, ahlak gahrymançylygy bilen ýaş nesle nusgadyrlar. Diňe ahlak taýdan arassalanyp, ruhy taýdan tämizlenip kemal tapyp bolar.
                                                                * * *
Durmuşy bezeýänler gowy adamlar, sahawatly adamlar. Olar — durmuşyň şiresi. Namartlyk adamyň mertebesini peseldýär. Edebiýat, garaz, bir zady wasp eden bolsa, wasp edýän bolsa, mert adamlary, adalatly adamlary wasp edýär. Adamlaryň biagyrylygy ýazyjynyň ýürek agyrysyna öwrülýär.
                                                                * * *
Dünýä şeýle owadan: dagy dag ýerinde, bagy bag ýerinde. Tebigatyň hemme zady ýerbe-ýer, ol düzülgi dutar ýaly sazlaşykly. Adam şu gözellige guwanyp, biri-birine guwanyp, biri-birini goldap ýaşabermeli ýaly. Bu dünýäde bize berlen aý-ýyl şeýle bir kän däl. Az. Gaty az. Şeýle ýagdaýda-da ak ýürek bilen, ýagşy niýet bilen ýaşamak kyn bolarly.
                                                                * * *
Ynamdan jyda düşen adam ruhy baý bolup bilmez. Galplyk ruhy baýlygy dogrup bilmez. Dogruçyllyk dogruçyllygy, galplyk galplygy dogurýar. Durmuşyň bu hakykatyny inkär etjek bolmalyň. Ahlak kadalaryndan çykmagyň sebäbini, şol sanda galplygyň-da sebäbini ruhy guraklykdan, ruhy garyplykdan gözlemek gerek.
                                                                * * *
Göze görnüp duran bir hakykat bar: kitaba höwrügen, aýdym-sazyň yşkyna düşen çaga kän bir ýaramaz göreldäniň täsirine düşýän däldir. Sebäbi kitap bilen aýdym-saz çaganyň ýüregine adamkärçiligiň, sahawatyň, düzüwliligiň tohumyny sepýär.
                                                                * * *
Ynsan dünýä inip, göz açanda, durnagöz asmana, gülälekli meýdana garap, aňk bolýar. Soňra bu täsin zatlar bilen ömürboýuna höwrügýär, ol daşyny gurşap alan tebigat bilen badaşýar. Dura-bara adam tebigata akyl ýetirmäge çalyşýar. Gudrata akyl ýetiräýmek bolsa aňsat däl.
                                                                * * *
Elbetde, biz her bir rowaýaty hakykat diýip hasap edemzok. Emma il-gün her öňýeten zat hakynda rowaýat döretmeýär. Mukaddes zatlar rowaýatyň döremegine sebäp bolýar.
                                                                * * *
Tebigatyň maddy baýlygyny halkyň hyzmatyna tabyn etmek gerek diýenimizde, tebigatyň ruhy gözelligini unutmaga biziň hakymyz ýok. Diňe maddy baýlyklar däl-de, tebigy gözellikler hem halkyň özboluşly hazynasydyr. Mähnet hem-de owadan sazaga odun hökmünde garasak, müňdebir şahyra ylham beren bägüle ot-çöp hökmünde garasak, gojaman çynarlara bakyp, olardan näçe kub metr gurluşyk materialy çykarka diýip oýlansak ýa-da Şabat ýakalarynyň ak dereklerine seredip, taýyn naw agajyny göz öňüne getirsek, onda biz özümizi gurşap alan tebigaty juda garyplaşdyrarys.
                                                                * * *
Mukaddes zatlar hakynda örän owadan geplemek kyn däl. Emma halk arasynda aýdylyşy ýaly, ol gepler «kiçi dilden bärden» çykýan bolsa, onda duzsuz tagam ýaly bir zat bolup galýar. Watan hakynda dilden çykýan sözleriň ilki ýürekde birneme uýamagy gerek.
                                                                * * *
Taryhy yzarlamak gowy zat. Emma taryhy döretmek ondanam ähmiýetli.
                                                                * * *
Biz «Watanyň saýasy», «Watanyň gujagy», «Watanyň sallançagy», «Watanyň mähri» diýen sözleri köp gaýtalaýarys. Bu ýerde geň göresi zat ýok. Watany ata-enä meňzetmegimiz hem örän dogry. Diňe bir zady ýatdan çykarmaly däl. Watana-da hossar gerek. Onda-da nähili hossar!
                                                                * * *
Kagyza bir geçiren zadymy kän bir gaýtadan işlemäm ýok. Dogry, meňzeş sözler bar bolsa, çalşyrmaly bolýar. Goşguda taýyn kapýalaryň alynmagy iň ýigrenýän zadym. Her şahyryň yhlas bilen işleýän kapýalary, eý görýän sözleri bolmalydyr. Şeýle şireli, baý dilimiz barka, söze garyplyk goşgy ýazýan adamyň iň düýpli kemçiligidir. Bogun ölçeginiň hatyrasyna sözleriň ýoýulmagyny, has dogrusy, ýaralanmagyny gelşiksiz hata hasaplaýaryn. Meselem, «atasynyň» deregine «atasnyň», «otuz ýedide» ýerine «otuzýetde» we ş.m.