Ak bagtyň Gün bolup dogýan Diýary

Ýyllary ýyllardan zyýada bolup gelýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda merdana halkymyz täze zamananyň, döwletli döwranyň bagta beslenýän günlerinde bagtyýar ýaşaýar, ruhubelent zähmet çekýär. Röwşen geljege synmaz ynam, arzuw-umytlar bilen bosagasyndan ätlän 2022-nji ýylymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagynyň özünde-de uly many jemlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen halkymyzyň umumadamzat bähbidini goraýan ynsanperwerlige ýugrulyp hasyl bolan arzuw-umytlary bar. Olaryň taryhy ähmiýetine, geljekki üstünliklerine göz ýetirmek üçin geçen ýylda bitirilen uly işleri göz öňüne getirip göräýmeli.
Dünýä taryhyna ser salanymyzda, ýurtlaryň ykbalynda aýratyn ähmiýete eýe döwürleriň, ýyllaryň bolýandygyna göz ýetirýäris. Şol döwürlerde döwletleriň ykdysady, medeni, jemgyýetçilik taýdan uly ösüşlere eýe bolmagy, uly özgertmeleri başdan geçirip, täze derejä göterilmegi şeýle diýmäge esas berýär. Hormatly Prezidentimiziň döwlet başyna gelmegi bilen, biziň ata Watanymyz hem şeýle gülläp ösüş döwrüne gadam basdy. Taryh üçin göz açyp-ýumasy salym diýilýän soňky 15 ýylyň içinde ýurdumyzda gazanylan ösüşler, ykdysadyýetde üstünlikli durmuşa geçirilen oňyn özgertmeler munuň şeýledigine doly güwä geçýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy uly dabara bilen bellenilip geçilen 2021-nji ýyl bolsa, şu ajap döwrüň iň ajaýyp ýyllarynyň biri, sazyň dili bilen aýtsak, şirwan perdesi boldy. Ýurdumyzda bary-ýogy bir ýylyň dowamynda 73 sany iri desganyň açylyp ulanmaga berilmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti ýaly sebitiň we dünýä halklarynyň ykbalyna dahylly iri syýasy çäreleriň üstünlikli geçirilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şan-şöhratyndan nyşandyr.
Ilkinji günlerinden halkymyza ençeme bagtyýar pursatlary sowgat eden geçen ýyla ser salanymyzda, şahyr Mämmetnazar Babanazarowyň: «Bilemok, bir asyr bile boldukmy, // Ýa bary bir günde bolup geçdimi?!» diýen setirleri ýadyňa düşýär. Dogrudan-da, kalbyňy buýsanja besleýän şunça wakanyň bir ýylda bolup geçenine gözüň bilen görmeseň ynanmagam çetin. Sebäbi geçen ýylda başdan geçiren wakalarymyzy birin-birin ýada salsak, olaryň amala aşmasy üçin tutuş bir döwür azlyk edäýjek ýaly duýluberýär. Ýöne biz geçen ýylda şol ynanmasy kyn, bagtly seneleri başdan geçirdik, buýsançly pursatlaryň gözli şaýady bolduk...
Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli ulgamlar boýunça ýokary netijeler gazanylýar. Olaryň iň öňdebaryjylarynyň hatarynda gurluşyk pudagyny görkezmek bolar. Bu ulgamda täze tehnologiýalar arkaly alnyp barylýan gurluşyklaryň türkmeniň milliligi bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy aýratyn bellenmäge mynasyp. Bilşimiz ýaly, Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Halkymyzyň ýaşaýşy üçin aňrybaş oňaýly şertleriň döredilmegi, şol sanda obalardyr şäherleriň abadanlaşdyrylmagy, amatly ekologik ýagdaýyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere döwletimiz tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýär.
Täze güne hoşwagtlyk, täze hepdä gowy günler, täze ýyla üstünlige beslenen seneler bilen başlamak bagtyýarlykdan nyşan. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyl hem turuwbaşdan taryhy seneler bilen başlanyp, halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Has takygy, 15-nji ýanwarda Akina — Andhoý (Owganystan) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Ýylyň şeýle uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen badalga almagy bolsa şol wagt hem onuň ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny çaklamaga esas berýärdi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan ösen senagat döwletine öwrülmek babatda batly gadamlar bilen öňe ilerleýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýylyň-ýylyna iri önümçilik desgalary işe girizilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem şeýle desgalaryň we taslamalaryň ençemesi ulanmaga berildi. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky kuwwatlylygy 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik stansiýasyny, Ahal — Balkan ugry boýunça howa elektrik geçirijisini we podstansiýalar ulgamyny, Kaka we Babadaýhan etraplarynda açylyp ulanmaga berlen täze dokma toplumlaryny, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini şolaryň hatarynda görkezmek bolar. Hususan-da, Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda ulanyşa girizilen täze dokma toplumlarynyň pudagyň ösüşinde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtamak bolar. Bu iki dokma toplumynyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzda 2,5 müňe golaý täze iş orny döredi. Bu bolsa müňlerçe maşgalalaryň we raýatlaryň durmuş hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna, olaryň maddy üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna görnetin itergi berýär. Şeýle-de täze kärhanalaryň hasabyna ýurdumyzyň dokma toplumynyň ýyllyk kuwwaty dürli görnüşli matalary öndürmekde 32 million inedördül metr, ýokary hilli ýüplük öndürmekde 6 950 tonna, 4 million 700 müň sany taýýar önüm möçberinde ýokarlandy. Munuň özi, bir tarapdan, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmäge, ikinji tarapdan, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam edýär. Bu iki kärhananyň gurluşygy üçin, umumylykda, 300 million amerikan dollaryna golaý maýa goýumyň gönükdirilmegi bolsa döwletimiziň ykdysady kuwwatyndan habar berýär. Bu dokma toplumlarynda dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy olarda zähmet netijeliliginiň we goraglylygynyň ýokary bolmagyna, öndürilýän önümleriň ýokary hil talaplaryna laýyk gelmegine şert döredýär. Mundan başga-da paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüniň tutulmagy, şol bir wagtda iki gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi halkymyzyň ajaýyp döwrümize bolan buýsanjyny has-da artdyrdy.
Durmuşda käbir wakalar özüniň bolup geçen ýylynyň alamaty bolup hakyda möhürlenýär. Soň-soňlaram şol ýylda bolup geçen bir zady ýada saljak bolanymyzda: «Hä, şol pylan zadyň bolan ýylydy öz-ä» diýenimizi duýman galýarys. Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi hem halkymyzyň durmuşynda şeýle wakalaryň biri boldy diýip, ynamly aýdyp bileris. Umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan bu iri taslama sebit we yklym derejesinde hem ähmiýeti boýunça öňdäki orunlarda durýar. Daşary ýurtlaryň bilermenleriniň belleýşi ýaly, beýle uly taslamany diňe ägirt uly ykdysady kuwwata eýe döwletler amala aşyryp bilerler. Şonuň üçin hem dünýäniň iň ösen talaplaryna doly gabat gelýän bu awtobanyň ilkinji böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi bagtyýar halkymyz üçin ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy. Çünki bu ýokary tizlikli awtomobil ýoly işe girizilenden soň Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şertler peýda bolar. Şunuň bilen baglylykda, goňşy Özbegistan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitini paýtagtymyz bilen baglanyşdyrjak ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder. Abraýly halkara guramalaryň görnükli güwänamalaryna mynasyp bolan bu taslamanyň tutuşlygyna türkmen telekeçileri tarapyndan durmuşa geçirilmegi bolsa, gurluşyk pudagynda ýeten belent sepgitlerimiziň aýdyň güwäsidir.
Milli Liderimiz iri gurluşyk taslamalarynyň amala aşyrmagyň ähli tapgyrlaryny, binagärlik, inženerçilik-tehniki we dizaýnerçilik çözgütlerinden başlap, desgalaryň ulanmaga berilmegine çenli ähli taraplaryny berk gözegçilikde saklaýar. Gurulmagy teklip edilýän desgalaryň, binalaryň ýerlerini dikuçarda guşuçar belentlikden synlap, şäherimiziň gözelleşmegi üçin degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berýär. Geçen ýylyň dowamynda şäher düzümini toplumlaýyn ösdürmegiň çäklerinde gurlan täze desgalaryň hatarynda kaşaň «Arkadag», «Garagum» myhmanhanalary, «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi, Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasy, Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi we Kabul ediş merkezi, «Senagat», «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banklarynyň edara binalary, täze Döwlet münberi açylyp ulanmaga berildi. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň gurluşygy hem dowam etdirildi. Mundan başga-da, Daşoguz, Balkan we Lebap welaýatlarynyň merkezlerinde «Türkmeniň ak öýi» binalary açyldy. Paýtagtymyzda ildeşlerimiziň göwnejaý dynç almaklary üçin «Erkin» hem-de «Laçyn» seýilgähleri ulanyşa berildi. Şulardan görnüşi ýaly, bu günki günde durmuş ugurly ykdysadyýetiň iň kämil nusgasyny döreden türkmen döwleti özüniň ykdysady kuwwatyny gurmak we döretmek arkaly dünýä ýüzüne äşgär edýär.
Ýokarda agzalanlar bary-ýogy bir ýylda diňe bir pudakda gazanylan üstünlikleriň örän gysgaça beýany. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilen özgertmeler, ýetilen belent sepgitler bolsa ullakan deňiz ýaly gözýetmez. Ol ümmülmez deňziň kenarlary bolsa günsaýyn giňelmek bilen. Şol deňze iň bolmanda, bir damja goşant goşmak bolsa biziň her birimiziň mukaddes raýatlyk borjumyzdyr.
Mätgurban MÄTGURBANOW.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.