Bedeniň immun ulgamyny berkitmegiň ýollary

Ýiti respirator ýokanç keselleriň we dürli sowuklama keselleriniň öňüni almak öz saglygy barada hemişe alada edýän adamlar tarapyndan mydama hem-de netijeli amala aşyrylýan ulgamlaýyn, üznüksiz hadysa bolup durýar. Käbir adamlar bolsa bu ugurdaky işler diňe möwsümleýin ýüze çykýan ýiti respirator wirus ýokanjynyň epidemiýasyna garşy ýerine ýetirilmelimikä diýip ýalňyşýarlar. Kadaly iýmitlenmek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sportuň işjeň görnüşleri bilen meşgullanmak bedeniň sowuklama kesellerine garşy göreşijilik ukybyny berkidýär, ony gurplandyrýar.
Ýiti respirator wirus ýokanjy immuniteti gowşak adamlarda has köp ýüze çykýar. Eger adamda bedeniň ruhy duýgurlygyna erk etmek we ony dolandyryp bilmek endigi ýok bolsa, onuň kesellere garşy göreşmek ukyby diňe ýokançlara däl, eýsem, dartgynly-stres ýagdaýlara hem garşylyk görkezmeli bolýar. Bu bolsa immunitetiň «ünsüni» esasy işinden sowýar.
Immunitetiň berk bolmagy üçin nämeler zerur?
 
1. Maşgalada we işde ýakymly ruhy gurşawyň bolmagyny gazanmaly.
Gaharlanmaň, her bir ýagdaýda ruhy deňagramlylygy saklap, ýygy-ýygydan ýylgyryň! Gaharlanmagyň dartgynlylygy (stresi) döredýändigi ylmy taýdan subut edilen. Dartgynlylykda adam bedeniniň wiruslara garşy göreşijilik ukyby peselýär. Sebäbi, belleýşimiz ýaly, immunitet öz «ünsüni» bedeni dartgynly ýagdaýdan çykarmaga gönükdirýär.


2. Gün tertibini dogry berjaý etmeli.
Adam bedeniniň tebigy gurluşyna laýyklykda, uklamak bilen işjeňligiň, iýmitlenmek bilen gezelenjiň kesgitli çalşygy bolmalydyr. Bu endikler irki çagalyk döwründe kemala gelip, adamyň bütin ömründe galýar. Şol sebäpden çagany irki çagalyk döwründen başlap, gün tertibine uýgunlaşdyrmaly hem-de ony her gün doly ýerine ýetirmek şertinde terbiýelemeli. Gündizki ukyny hökman almak şerti bilen, 7 ýaşa çenli çaganyň gün tertibini dogry berjaý etmegi saglygyň girewidir. Ir bilen sagat 08:00-dan soň çaga düşeginde uzak wagtlap galmaly däl, agşam bolsa düşegine sagat 21:00-dan gijä galman geçmeli. Gijeki uka gitmezden öň, çaga özüni rahat alyp barmaly we dartgynly multfilmlere seretmeli däl, aşa güýçli sazlary diňlemeli däl. Uly adamlara hem şeýle gün tertibi degişlidir. Günüň dowamynda, iň bolmanda, 30 minut gözüňi ýumup gyşarmaly, gijeki uka gitmezden öň welin, dartgynly kinofilmlere tomaşa etmeli däl. Perzentleriňize bu babatda görelde bolmaly.
 
3. Kadaly iýmitlenmeli.
Bedeniň respirator kesellere garşy göreşmek ukybyny berkitmek maksady bilen, A witaminine baý önümleri kabul etmeli. Hökmany suratda ösümlik ýagy goşulyp, ter käşirden taýýarlanan işdäaçary, mesge atylyp taýýarlanan kädi üwmejini, ýumurtga, dorag, ýogurt, gaýnadylan et, buglanan balyk ýaly azyk önümlerini, şeýle-de miweleri iýmeli. B toparynyň witaminleri bedeniň umumy alyş-çalyş hadysalaryny kadalaşdyrýar, gan dörediji ulgama oňaýly täsirini ýetirýär, bu bolsa saglygyň berkidilmegine ýardam berýär. Şonuň üçin süýtde taýýarlanan dürli kösükli şüleleri kabul ediň. Emma immuniteti has berkidýän C witaminidir. Gök önümler we miweler C witaminine has baýdyr. Gök önümlerden we miwelerden dürli tagamlar taýýarlananda, olaryň düzümindäki C witamini dargamaz ýaly, hökman gyzgynlygyň oňaýly derejesi saýlanylmalydyr. Olary ter dogralan görnüşinde hem iýmelidir. Gök önümleri we miweleri az-azdan, yzygiderli iýmeli. D witaminine baý önümlerden däneliler, maňyzlar, et, balyk, mesge we ýumurtga hem saglyga örän peýdalydyr, sebäbi D witamini-de immun ulgamyny berkidýär.
Diňe kabul edýän iýmit önümlerimize däl, eýsem, olary kabul edişimize we ýygylygyna hem üns bermek wajypdyr. Uly adamlarda bu ertirlik, guşluk, günortanlyk, agşamlyk naharlarydyr. Ulularyň adaty iýmitlenmek rejesi çagalara degişli däldir. Eger bakja-baglarda we mekdeplerde çaga 4 gezekleýin iýmitlenme bilen üpjün edilen bolsa-da, oňa ýany bilen alma, banan, däneli kökejikler, ýogurt, maňyz ýaly azyk önümlerini, arassa agyz suwuny bermeli. Pasyl çalşygynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bejerijilik häsiýetli aýratynlyklary baradaky maglumatlar beýan edilen çopantelpek, itburun, ýandak, zirk, buýan ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlary içmek has peýdalydyr. Lukman bilen maslahatlaşyp, buýan köküni çaý görnüşinde ulanmaly. Şeýle hem maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, towuk, göle etinden taýýarlanan çorbany, gyzyl burç we sarymsak goşulan unaşy her hepdede iýmeli. Her gün ýeterlik mukdarda arassa agyz suwuny içmeli. Çaga günüň dowamynda bir gezek itburun demlemesini bermeli. Ulular hem ony yzygiderli içmeli. Itburun demlemesini iki hepdäniň dowamynda tapgyrlaýyn içmeli, soňra 1 aý arakesme etmeli. Çagalara bolsa itburun demlemesi 4 aý ýaşdan berlip başlansa bolýar. Munuň hem öz aýratynlygy bar: itburun C witaminine baý ösümlik, ýöne ol bedenden kaliý maddasyny bölüp çykarýar. Bu demlemäniň has peýdaly bolmagy üçin, hökman ýany bilen kaliý maddasyna baý, çaganyň ýaşyna laýyklykda rugsat edilýän önümler, ýagny kakadylan erik, kişmişdir banan hem berilmeli. Çaga erik kişdesidir kişmişden taýýarlanan demlemeleri hem bermeli.
 
4. Arassa, açyk howada gezelenç etmeli.
Şunda howa we bedeni D witamini bilen baýlaşdyrýan Gün wannalary wajypdyr. Hatda bulutly howada hem Gün wannalaryny kabul edip bolar, sebäbi ultramelewşe şöhleler bulut gatlagyndan arkaýyn geçip bilýärler. Gezelenç etmek üçin daşary çykylanda, çagany pasla görä geýindirmek örän wajypdyr, emma köp maşgalalarda çaga üşemesin diýip, ony gereginden artyk, gat-gat geýindirýärler. Bu bolsa çaganyň gyzmagyna, derlemegine getirýär. Netijede, derlän çagany şemal kakýar-da, ol syrkawlaýar. Ýeňil, ýöne ýyly geýinmek çaganyň hereket etmegine itergi berýär we ol hereket arkaly hem ýylanýar. Emma aşa galyň geýinmek arkaly gyzmak immunitetiň peselmegine getirer. Islendik pasylda hem hemişe birsydyrgyn howa bolmaýar. Onuň derejesi üýtgäp durýar. Bu has-da gyş paslyna mahsusdyr. Hemişe howanyň ýagdaýyna görä, ünsli geýniň we bu babatda çagalaryňyza-da gözegçilik ediň! Daşary çykanyňyzda, hökmany suratda, agyz-burun örtüklerini dakynyň!

5. Bedeni taplamaly. Sport bilen meşgullanmaly.
Suw bilen taplamak — bu birnäçe usullardan ybaratdyr. Süpürinmek, üstüňden suw guýmak, aýak üçin wannalar, sowuk we gyzgyn suwy çalyşmak arkaly duş... Emma, ilki bilen, taplanmagy otag temperaturasyndaky derejede süpürinmekden başlamak çagalar üçin hem amatlydyr.
Her gün irden bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, sport bilen meşgullanmak bedeni taplamagyň iň netijeli usullarydyr. Çünki gündelik işjeň hereket bedeniň gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Aýratyn-da, irdenki bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek her bir adam üçin wajypdyr. Irdenki işjeň hereket adam bedenini şol gün etjek işlerine taýýarlaýar, günüň dowamynda şähdaçyk, ruhubelent bolmagyna ýardam edýär.
 
6. Şahsy we jemgyýetçilik gigiýenasynyň talaplaryny berk berjaý etmeli.
Her gün öý otaglaryny ýelejiretmeli we olarda yzygiderli çygly arassalaýyş işlerini geçirmeli. Sebäbi gurak otagda tozan bölejikleri gaýmalap durýarlar. Muny ulaldyjy enjam arkaly hem synlap bolýar. Çygly arassalaýyş işlerinden soň, otaglaryň howasyny üzärlik tütetmek arkaly hem tämizlemeli.
Irki ýaşdan çagalarda nahar iýmekden öň we soň, hajathanadan soň elleri sabynlap ýuwmak endigini terbiýelemeli. Çagalar üçin burun boşlugynyň, bokurdagyň arassalygy we gigiýenasy has wajypdyr. Çaga agyz-burun boşlugyny mylaýym suw bilen çaýkamagy endik etdiriň! Mundan başga-da, öýde mikroklimaty döretmek zerur, howanyň +20 — 22o derejesi we 50 — 60 göterim çyglylygy dem alyş ýagdaýyny kadalaşdyrýar hem-de keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Bular immuniteti berkitmegiň dermanlyk serişdesiz, adaty, ýöne hökman ýerine ýetirilmeli, netijeli usullarydyr. Bu usullarda garşy görkezmeler ýokdur.
 
7. Keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny etdirmeli.
Bu keselleriň öňüni almagyň ýene bir netijeli, ýöriteleşdirilen usulydyr. Ilaty möwsümleýin ýiti respirator ýokanç kesellere garşy sanjymlar bilen üpjün etmek işleri ýurdumyzda ýokary derejede ýola goýlan. Sanjym işleri adamlaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda geçirilýär. Her bir adam öz maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, sanjym etdirip biler. Keselleriň öňüni alyş sanjymlary, ilki bilen, sanjymy alan her bir adamyň, galyberse-de, onuň daş-töweregindäkileriň netijeli goraglylygynyň kepilidir. Çünki olar bedende antitelalaryň emele gelmegine ýardam berýär, bedeniň möwsümleýin kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar.
Bulardan başga-da, häzirki wagtda howanyň akymynyň üýtgemegi bilen baglylykda, howa şertleriniň adam bedenine ýetirip biläýjek oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak maksady bilen, agyz-burun örtüklerini dakynmak, olary öz wagtynda çalşyp durmak, elleri ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmak, köpçülik ýerlerinde 2 metrden az bolmadyk howpsuz aralygy saklamak ýaly kadalar hökmany suratda berjaý edilmelidir.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.