Türkmen topragynyň «altyn köki»

“Buýan” obasenagat toplumynyň düzüminde glisirrizin turşusynyň önümçiligi boýunça täze kärhana gurlar
Buýan — tenekar türkmen tebigatynyň melhemlik häsiýetli ajaýyp ösümlikleriniň biri. Hormatly Prezidentimiziň halkymyz üçin ýankitaba, durmuşda gymmatly gollanma öwrülen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda: «Buýan ynsan saglygy üçin taýsyz melhemdir. Buýan kökünde glisirrizin, flawonoidler, steroidler, efir ýagy, C witamini, eý hem nem maddalary, sakyz we krahmal saklanýar...» diýlip, bu şypaly ösümlik barada giňişleýin maglumatlar beýan edilýär. Şeýle-de kitapda buýan köküniň peýdalanylyşy, ýagny onuň ylmy hem-de halk lukmançylygyndaky ähmiýeti bellenilýär. Buýan kökünden dermanlyk serişdäniň taýýarlanylyşynyň, soňra onuň ulanylyşynyň usullary jikme-jik düşündirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň düýn, 14-nji ýanwarda geçirilen nobatdaky mejlisinde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynyň buýan köküni gaýtadan işläp, ýylda 390 tonna arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasyny gurmak barada Karara gol çekmegi bu gymmatly melhemiň senagat taýdan özleşdirilmeginde täze, möhüm tapgyra baldalgadyr.

Gadymdan meşhur melhem
Buýan köküniň düzüminde glýukoza, pektin, saponinler, flawonoidler, efir ýaglary, pigmentler ýaly peýdaly maddalaryň saklanýandygy üçin ol dermanlyk serişde hökmünde halk lukmançylygynda gadymy döwürlerden bäri giňden ulanylýar. Aýratyn-da, buýan köki «altyn kök» ady bilen dünýä bellidir. Gadymy Hytaý we Tibet lukmançylygynda buýan köki adam bedenine edýän peýdaly täsiri boýunça gymmatly melhem häsiýetli ösümlik hasaplanýan meşhur ženşen köki bilen deň derejede goýulýar. Gadymy Hytaý lukmançylygynda buýan köki hemmetaraplaýyn dermanlyk serişde hökmünde, baryp, biziň eýýamymyzdan öňki döwürde hem peýdalanylypdyr. Häzirki wagtda buýan kökünden alynýan glisirrizini Ýewropa ýurtlarynda, Ýaponiýa, Hytaý we Hindistan ýaly döwletlerde bezeg serişdesi hökmünde (kosmetologiýada), derman we iýmit senagatynda giňden peýdalanýarlar. Gadymy Hytaý ýazgylarynda, 5 müň ýyl mundan ozalky «Ösümlikler hakynda kitapda» hem bu ösümligiň ähmiýeti, adam bedenine täsiri, şol sanda bejeriş serişdesi hökmünde peýdalanylyşy barada bellenilipdir.

Bejerijilik häsiýeti
Buýan köküniň dermanlyk ähmiýeti örän uly. Onuň antibakterial hem-de antioksidant häsiýetleri düzüminde glisirrizin, flawonoidler, steroidler, askorbin turşusy, saponinler, selen mikroelementi ýaly maddalaryň saklanýandygy bilen baglydyr. Şeýle häsiýetlere eýe buýan köki we ondan taýýarlanylýan dermanlyk serişdeler bedeniň zäherlenmelerinde, sowuklamada, gormonal, dem alyş, içege, aşgazan kesellerini bejermekde, immun ulgamynyň bozulmalarynda, böwregi we bagry arassalamakda, dikeltmekde peýdalydyr. Bu babatda öýjük membranalarynyň lipidlerini perekis okislenmesinden goramagy amala aşyrýan selen oňyn netije berýär. Buýan kökünde selen elementiniň janly bedenler üçin zyýansyz mukdary saklanýar. Onuň şiresiniň antioksidant işjeňligi, madda çalşygynyň ähli görnüşlerine oňaýly täsiri, immunstimulirleýji häsiýetleri islendik dartgynly ýagdaýda bedeniň durnuklylygyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Ylmy edebiýatlarda buýan kökündäki selen elementiniň örän ýokary antioksidant häsiýetiniň bardygy hakynda aýdylýar. Ol bedeniň düwnük keseli bilen kesellemek ähtimallygyny, takmynan, 40 göterim derejede peseltmäge we bu keselden heläk bolmagy 50 göterim derejede azaltmaga ukyplydyr.

Çig mal gory
Buýan ýurdumyzda gory ýeterlik bolan ösümlik. Her ýylda onuň, takmynan, 8 — 10 müň tonna çenli çig malyny ýygnap almaga mümkinçilik bar. Muňa garamazdan, önümçilikde ony ösdürip ýetişdirmek hem wajypdyr, sebäbi ol 2-3 ýylda ýetişýär. Buýany ösdürmek üçin onuň sagdyn tohumyny saýlap almaly. Buýan iýul aýynda gülläp, tohumy awgust — sentýabr aýlarynda ýetişýär. Alnan tohumlar 24 sagatlap ýumşatmaga goýulýar we soňra ekilýär. Ekilen buýan iki hepdeden soň şineläp gögerýär. Buýan ýabany görnüşde ösende, şol bir ýerde 10 ýyla çenli gögerip bilýär. Ýurdumyzda 1906-njy ýyldan bäri buýan köküni ýetişdirmekde, ýygnamakda, işläp bejermekde «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynda iş alnyp barylýar. Bu toplum Türkmenistanda buýan köküni öndüriji, eksport ediji we ondan önüm öndüriji ýeke-täk kärhanadyr. Bu ýerde gysylan (preslenen) buýan kökleri, onuň gury we goýy erginleri öndürilýär. Bu önümlere daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilip, ol häzirki wagtda Serbiýa, Hytaý, Beýik Britaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri we Hindistan ýaly döwletlere eksport edilýär. Buýan köküniň önümleri we ondan ýasalan dermanlyk serişdeler ýurdumyzyň lukmançylygynda hem giňden ulanylýar.

Buýandan derman
Maglumatlara görä, häzirki döwürde süýji buýan 350-den gowrak dermanlyk serişdäniň düzümine goşulýar. «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Saglyk» derman kärhanasy geçen, 2021-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna sowgat hökmünde, buýan kökünden gerdejik görnüşli täze dermany öndürip başlady. Bu kärhanada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işine esaslanylyp, 150-ä golaý dermanlyk serişdeler öndürilýär. Lukman Liderimiziň buýanyň dermanlyk häsiýetlerini düýpli öwrenmek we çig malyny öndürmegiň mukdaryny ýokarlandyrmak, innowasion tehnologiýalar arkaly özleşdirilmegini ýola goýmak we onuň daşary ýurtlara eksport edilmegini artdyrmak babatda degişli ýolbaşçylara beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Essen uniwersitetiniň barlaghanasynyň arasynda gol çekilen ylalaşyk esasynda ylmy-barlag işleri dowam etdirilýär. Buýan köküniň dermanlyk häsiýetlerini öwrenmegiň tejribesi barha kämilleşdirilýär.
Taýýarlan Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».