Hazar kenaryndaky unudylmajak duşuşyk

Nurmämmet MERETGYLYJOW,
Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Gögerendag obasynyň ýaşaýjysy, balykçy:

— «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji aýynyň 13-i güni meniň durmuşymda hem ýatdan çykmajak waka bolup geçdi. Maňa bu ajaýyp günde merdana hem agzybir halkymyzy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe baky bagta ýaran eden hormatly Prezidentimiz bilen Hazar deňziniň kenarynda didarlaşmak, ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolmak bagty miýesser etdi. Milli Liderimiz «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebit-gaz çykaryjylarynyň Esenguly etrabynyň çägindäki Uzynada meýdançasynda geçiren duşuşygyndan soň, Hazar deňziniň sapaly kenarynda meniň bilen söhbetdeş bolup, işim, maşgala durmuşym, hal-ýagdaýlarym bilen içgin gyzyklandy.
Halkymyzyň şöhratly taryhyna, milli mirasyna, däp-dessurlaryna bäş barmagy ýaly belet döwlet Baştutanymyz deňiz kenarynda ýaşaýan ildeşlerimiziň ir döwürlerden bäri balykçylyk bilen yzygiderli meşgullanandyklary barada beletlik bilen aýdyp, bu arzyly kesbiň häzirki wagtda dowam etdirilişi barada içgin gyzyklandy. Men özümiň 10 ýyl bäri balyk tutmak bilen meşgullanýandygymy, bu arzyly hünäriň maňa ata kesbidigini, bu ugurda alyp barýan telekeçilik işimden rysgal-bereket tapýandygymy höwes bilen gürrüň berdim. Gahryman Arkadagymyzyň balykçylarymyzyň deňziň kenaryndaky çatmasyna baryp görmegi has-da tolgundyryjy boldy. Hormatly Prezidentimiz biziň şol pursat balykdan taýýarlap duran naharymyz bilen gyzyklandy. Men döwlet Baştutanymyza deňizden tutýan balyklarymyz, olaryň görnüşleri, olardan taýýarlanýan milli tagamlar, balyklaryň duzlanyp kakadylyşy, tutýan balyklarymyzy we olardan taýýarlanýan azyk önümlerini ilata elýeterli bahalardan ýerleýändigimiz barada höwes bilen gürrüň berdim. Şunda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyň gymmatly gollanma bolup durýandygyny aýtdym.
Bize Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp sowgatlarynyň gowşurylmagy buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Halkymyzy bagtyýar şu günlerimizden nurana ertirlerimize ynamly alyp barýan, telekeçileri hemmetaraplaýyn goldaýan, halal zähmetden rysgal-bereket tapmaga giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýaryn. Halkymyzy nurly Gün kimin çoýup, bolelin durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Ýazga geçiren öz habarçymyz.