Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasdan, akyldan we nakyldan, şeýle-de nakyla öwrülen jümlelerden doly, durmuşyň köp tarapyny öz içine alýan, sünnälenip, taraşlanyp, ýokary çeperçilik bilen tapawutlanýan ajaýyp goşgulary diňe Gündogaryň medeni mirasyna däl, eýsem, türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan örän gymmatly goşandydyr.
Magtymguly Gündogaryň Firdöwsi, Omar Haýýam, Rudaky, Muizzi, Enweri, Jelaleddin Rumy, Sagdy, Hoja Ahmet Ýasawy, Mahmyt Pälwan, Nyzamy, Hafyz, Nesimi, Jamy, Nowaýy, Fizuly ýaly şahyrlarynyň goşgularyny okap özleşdiripdir. Ol diňe bir çeper eserleri okamak bilen çäklenmän, Gündogaryň Faraby, Biruny, Muhammet al-Horezmi, Ibn Sina, Ulugbeg ýaly alymlarynyň ylmy işlerini okap öwrenipdir. Magtymgulynyň döredijiligi medresede okan döwründe has kämilleşipdir. Muny ýokary medrese ylmynyň we özbaşdak okalan, öwrenilen ylmy we çeper eserleriň güýçli täsiri diýip düşündirip bolar.
Elbetde, Magtymguly bu tanymal, meşhur şahyrlaryň derejesine göterilmegi özüne mertebe bilipdir:
Abu Seýit, Omar Haýýam, Hemedany,
Firdöwsi, Nyzamy, Hafyz perwany,
Jelaleddin Rumy, Jamy elwany,
Alarnyň ýanynda men hem san bolsam.
Şahyr öz goşgularynda ýene-de birnäçe şahsyýetiň adyny agzap geçýär. Has takygy, yzygiderli ýüzlenýär diýsek ýerine düşer. Munuň hem sebäbi şahyr eser ýazan mahalynda ýeri gelende okan çeper eserleriniň gahrymanlaryna ýa-da eserdäki käbir pursatlara salgylanýar. Bu bolsa eserdäki pikiriň has nygtalmagyna, täsirli bolmagyna, çeperçiligiň artmagyna ýardam berýär.
Şahyr diňe bir edebiýat, taryh, logika, filosofiýa ýaly ylymlary öwrenmek bilen çäklenmändir. Ol himiýa, fizika, botanika, geografiýa, lukmançylyk, astronomiýa, matematika, ritorika ýaly ylymlardan hem gowy baş çykarypdyr. Muňa onuň çuň mazmunly goşgularyny okap çykanyňda, oňat göz ýetirýärsiň. Bu bolsa şahyryň öz döwründäki bu ugurlara degişli ylmy kitaplary okap özleşdirendigine şaýatlyk edýär. Bu babatda alym Ç.Kulyýew «Ussadyň goşgularyndaky himiki düşünjeler» atly makalasynda şeýle diýýär: «Ýeri gelende aýtsak, Magtymgulynyň edebi mirasy juda köptaraply, ony öwrenmek diňe dilçi we edebiýatçy alymlarymyzyň işi bolman, eýsem, bu mesele köpçülikleýin çemeleşmekligi talap edýär. Bu ugurdan, ylaýta-da, jemgyýeti we tebigaty öwreniji alymlarymyzyň bilelikdäki tagallalary gerek». Alym bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. Magtymgulynyň döredijiligi durmuşyň ähli taraplaryny öz içine alýar.
Akyldar diňe Gündogaryň alymlarynyň ylmy eserlerini, kitaplaryny okamak bilen çäklenmändir. Ol Platonyň, Aristoteliň, Gippokratyň ylmy işlerinden, kitaplaryndan habarly bolupdyr. Muny onuň goşgulary tassyklaýar.
Magtymgulynyň döredijilik älemine gelmegine itergi beren güýçleriň, täsir eden zatlaryň biri-de halk döredijilik eserleridir. Ol çagalykdan gyzykly rowaýatlary, ertekileri ýat bekläpdir. Çagalykda rowaýat, erteki diňlemegiň lezzeti bir başga ahyryn! Obalarda ertekiçi, rawy gojalar, mamalar bolupdyr. Magtymguly hem bu babatda bagty çüwen, onuň öýünde halk kyssalarynyň şasy, alym atasy otyr. Döwletmämmet Azady oglunyň gursagyna edep-terbiýe bilen bilelikde halk kyssalaryny hem guýupdyr. Türkmen kyssalary has gadymy söz sungatydyr. Onuň many-mazmuny çuň taryhy we çeper esaslara baý bolup, dürli beýan etmelere eýedir. Ata-babalarymyzyň ýiti zehininden, durmuş tejribesinden, ahlak ýörelgesinden, dini ynanjyndan dömüp çykan kyssalar çeper gymmatlygyň döreýiş, ösüş taryhynda möhüm hyzmaty ýerine ýetiripdir. Olar asyrlaryň dowamynda halkyň dilinde saklanypdyr, çeperleşipdir, döwürlere uýgunlaşypdyr. Çeper edebiýata, sungatyň beýleki görnüşlerine çeşme bolupdyr. Dana Magtymgulynyň döwrüne çenli kyssalar özara hyzmatdaşlygyň we baglanyşygyň esasynda ösüp, edebiýatyň, sungatyň içine siňip gidipdir. Akyldar kyssalaryň şu döredijilikli ösüşini bilipdir. Şahyrana gözleglerinde many hem-de mazmun binýadynda oňa daýanypdyr, ondan ruhlanypdyr we kyssalardan peýdalanmagyň täze, çeper usullaryny döredipdir. Magtymguly Hakdan içen söz ussady hökmünde ykrar edilen halatly şahsdyr. Şahyr Gündogaryň gadymy taryhyny, dünýäniň, janly-jandarlaryň döreýşini, mifologiýany, rowaýatçylyk, ertekiçilik däplerini birkemsiz bilipdir. Ol şahyrana pelsepelerini, duýgy-düşünjelerini, köplenç, has gadymy kyssalara baglap, olary bitewi, şahyrana hazyna öwrüpdir:
«Kün!» lafzyndan älemni
Möwjud etgen Alla sen.
Magtymgulynyň meşhur şahyr, filosof, akyldar, alym bolup ýetişmegine sebäp bolan zatlaryň biri-de onuň syýahatçy, jahankeşde adam bolanlygydyr. Dünýäni keşt etmek, aýlanmak, görmek, seýil etmek — bu şahyryň iň uly arzuwlarynyň biridir. Köp ýerleri gören adamyň gözýetimi, dünýägaraýşy giň bolýar. «Eşiden deň bolmaz gören göz bilen» diýlişi ýaly, jahankeşde adam gören ýerleriniň tebigatyny, haýwanat dünýäsini, dagyny, düzüni inçelik bilen synlaýar. Baryp gören ýurdunyň adamlary bilen tanyşýar, söhbetdeş bolýar.
Magtymguly alys ýollara rowana bolmazdan ozal, dünýäni keşt etmek baradaky arzuwlaryny goşgy setirlerinde beripdir.
...Köňül aýdar keşt edip,
Gezsem, jahany görsem.
ýa-da:
...Köňlüm istär, gezsem dünýä älemi,
Ganatym ýok, uça bilmen, neýläýin?!
Şahyryň döredijiliginde daşary ýurtlaryň, şäherleriň ady agzalýar we olar bilen baglanyşykly pikir ýöredilýär. Ine, şolar: Hindistan, Rumystan, Türküstan, Zeňgistan (Afrika), Ýemen, Bulgur, Ýunan (Gresiýa), Yrak, Bagdat, Azerbaýjan, Müsür, Şam (Siriýa), Horasan, Pereň (Fransiýa), Turan, Kengan (Palestina), Eýran, Halap, Gürgen, Hebeş (Efiopiýa), Owganystan, Çyn-Maçyn (Hytaý), Mekge, Medine, Hywa we ş.m. Jahankeşde şahyr bu ýurtlaryň we şäherleriň ençemesinde bolupdyr. Şeýlelikde, şol bolan ýerleriniň adamlary bilen tanşandyr, söhbetdeş bolandyr, dostlaşandyr, öz goşgularyny okap berendir. Bu barada alym N.Gullaýew şeýle diýýär: «...Eýran, Owganystan, Hindistan, Pakistan, Yrak, Siriýa ýaly ýurtlaryň käsinde Magtymguly bir däl-de, birnäçe gezek bolupdyr. Sapara, myhmançylyga bolsa, Gündogar halklarynda gaty ir wagtlardan bäri dowam edip gelýän däbe görä, ylaýta-da, şahyrdyr alymlar elleri boş gitmändirler, özleriniň ylmy ýa çeper eserleriniň nusgalaryny ýanlary bilen äkidip, baran ýurtlaryndaky tanyşlaryna, dost-ýarlaryna sowgat beripdirler». Magtymguly heniz ýaşap ýören mahalynda şol ýurtlaryň birnäçesinde ussat şahyr hökmünde tanalypdyr, onuň goşgulary dürli ýollar bilen ýaýrawyny giňeldipdir. Adamlar şahyryň goşgularyny ýat tutupdyrlar, dilden-dile geçiripdirler. Muny Magtymgulynyň özi hem bilipdir. Şahyr «Söz manysyn bilmeginçe» diýen goşgusynyň soňky bendinde şu setirleri ýazýar:
Adym düşdi ilden-ile,
Nagyş ederler dilden-dile.
Şeýle syýahatlar, saparlar şahyryň dünýägaraýşynyň, gözýetiminiň giňemegine öz täsirini ýetiripdir. Syýahatda bolan ýerleriniň adamlarynyň ýaşaýşyny, geýnişlerini, däp-dessurlaryny öwrenipdir. Ony soň-soňlar gerek ýerinde döredijilikli peýdalanypdyr.
Hindi kimin egin örtgiň bolmasa,
Patyşalyk puşeş çigne saldym tut.
Şahyryň öz sözleri bilen aýtsak, türkmen halkynyň «çoh garaşan ajap eýýamy», özbaşdak, garaşsyz döwleti XX asyryň iň soňky onýyllygynda — 1991-nji ýylyň güýzünde berkarar boldy. Bu sene ata-babalarymyzyň arzuw-isleginiň wysal bolmagydyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan pajarlap, gülläp ösdi. Indi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu Diýary görmäge göz gerek, wasp etmäge söz. Garaşsyzlyk waspy şahyrlaryň şygyrlaryny bezeýär, sazandalaryň sazyny. Garaşsyzlygymyzyň sergin şemaly bütin ýurdumyzy gurşap aldy, dagymyzy, düzümizi, çölümizi, tomsumyzy, gyşymyzy, güýzümizi hem ýazymyzy bezedi.
Bu gün Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz mähriban Arkadagymyzyň gije-gündiz edýän halk bähbitli aladalary netijesinde ösen ýurtlaryň hataryna goşuldy. Indi Türkmenistana dünýäniň dürli künjeginden myhmanlar gelýär we dostlukly gatnaşyklar has hem giňeýär.
Köpetdagyň gerişlerinde akyldar şahyryň ýadygärligini öz içine alýan täze medeni-seýilgäh toplumynyň döredilmegi, onuň şu ýyl, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli açyp ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigi-de türkmeniň beýik söz ussadyna goýulýan belent sarpasynyň güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen 2024-nji ýylda beýik Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly ýubileý toýy ýurdumyzda ýokary derejede bellenilip geçiler. Magtymguly şamçyrag bolup şöhle saçdy. Ol şamçyragyň ýagtysy dünýäni dowamat-dowam ýagtyldar.
Baba SARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.