Watan jandan zyýada

Osman ÖDÄÝEW
Görnükli ýazyjy Osman Ödäýew täze türkmen edebiýatynyň röwşen ýyldyzlarynyň biridir. Ol özüniň gysga ömründe edebiýat äleminde özboluşly ýol döredip, hiç mahal öçmejek yz galdyrmagy başardy. Türkmen halkynyň taryhyna, däp-dessurlarydyr edim-gylymlaryna, ýaşaýyş-durmuşyna, bir söz bilen aýdanyňda, baý ruhy dünýäsine juda belet ýazyjynyň döreden gahrymanlary belent adamkärçilik sypatlary bilen okyjylaryň ýürek töründen baky orun aldy. Ussat ýazyjynyň eserleri türkmen filosofiýasyny, milli aňyýetini töwerekleýin açyp görkezmekde, halkymyzyň hoşniýetli häsiýetlerini dünýä ýaýmakda diýseň ähmiýetlidir.
Milli edebiýatymyzyň pajarlap ösmeginde, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzyň giň köpçülige wagyz edilmeginde, döwlet we jemgyýetçilik işlerinde Osman Ödäýewiň bitiren hyzmatlary juda uludyr. Muňa ýazyjynyň miras galdyran eserleri hem şaýatlyk edýär. Onuň şu günki güne çenli çap edilen we heniz köpçülikleýin çap edilmedik eserleriniň möçberi saldamly otuz bir jiltden geçýär. Halkyň durmuşyna beletlik bilen ýazylan we çuňňur pelsepä ýugrulan ol eserler akgynly okalýanlygy, diliniň şireliligi bilen her bir okyja ruhubelentlik paýlaýar.
Biz gazetimiziň şu sanynda halypa ýazyjynyň edebi mirasyndan bir parçany okyjylarymyza ýetirýäris.
«TÜRKMENISTAN»
Türkmeniň Watany — türkmeniň ruhy mekanydyr hem ruhy ojagydyr.
Türkmen halky Türkmenistan diýilýän ýurtda millet bolup döredi, ösdi hem kemala geldi. Bu ýurduň tebigy şertleri, maddy mümkinçilikleri biziň milli häsiýetimizi terbiýeledi, ahlaky hem ruhy gymmatlyklarymyzy kemala getirdi. Şonuň üçinem Watan biziň her birimiz üçin esasy we hemmämiz üçin umumy gymmatlykdyr. Maşgalanyň daýanjy ojak bolsa, milletiň daýanjy Watandyr.
Watan — türkmeniň ojagydyr. Watan — türkmen üçin mukaddeslikdir.
Watan biziň ruhlarymyzy birleşdirýän daýanç nokadydyr. Watan adamy ýekesiremekden, ýalňyzlykdan hem ýadyrgamadan halas edýär. Watan adamy arkaly hem buýsançly edýär. Eger Watany bolmadyk bolsa, adamyň ömrüniňem manysy bolmazdy. Watan — bizi ötegçilikden, yzsyzlykdan halas edýär. Eger Watanyň beýikligine, onuň maddy hem ruhy gymmatlyklaryna goşant goşup bilseň, onda seniň ömrüň kesilmeýär. Adamyň bir jany, birem Watany bar. Galan zatlaryň öwezi bolýar. Diňe Watan bilen janyň öwezini tutýan zat ýok.
Emma bu ikisiniň özara gatnaşygynda-da ýene Watan ileridir. Çünki jan diňe meniňkidir, Watan bolsa hem meniňki, hem hemmämiziňkidir. Şonuň üçinem türkmenler bu ikisiniň birinden geçmeli bolsa, hemişe diňe janlaryndan geçipdirler. Çünki Watan ýeke-täkdir, oňa janymyzy gurban etmek bile, biziň her birimiz öz ruhumyzy aman saklaýarys.
Jan baky däl, ruh bakydyr.
Ruh — Watan ummanynyň bir damjasydyr.
Aýratyn alnan türkmen Watanyň diňe bir bölejigi däl, onuň ähli sypatlarynyň hil taýdan bir şahsyýetde jemlenmesidir. Şahsyýet bilen Watanyň, ömür bile Watanyň hersini hakykat terezisiniň bir tarapynda goýanyňda, Watanyň agyr gelýänligi mukdaryň däl, hiliň meselesidir.
Emma diňe kämil şahsyýet bu hiliň ruhy hem many agramyna akyl ýetirip bilýändir. Çünki diňe kämil kişiniň göwni dünýä nämälimliginiň tüni içre ýakylan çyraga meňzeýändir. Watan bolsa barlyk nämälimliginiň bir künjüniň mälimlige öwrülmesidir, ömür manysyzlygynyň mana gelmesidir. Diňe Watan düşünjesi arkaly biz özümiziň ýaşaýşymyza adamçylyk manysyny berip bilýäris. Hut şeýle ähmiýetliligi bilen Watan biziň üçin mukaddeslik derejesine ýetýändir...
Daşarda ak ýagyş ýagýar. Ak ýagyşlar dünýäniň ruhuny täzeleýär. Ýeriň astyndan gögerip çykýan maýsalar, gyzyl gülälekler, ýaz gelende ukudan oýanýan janly-jemende Allanyň yşkynyň kemala gelmesidir. Ak ýagyş basgyn bolan ruhuma aralaşýar, sergin howasy kalbymy giňeldýär, ak damjalaryň el bile döredilmedik, el gatylmadyk owazlary hakydamy ümmülmez türkmen sähralaryna alyp gidýär. Onsoň kalbymda tenekar ak nuruň astynda meýmireýän giň meýdanlaryň, ol nury jana noş edip, ruhuňa siňdirýän alaňlaryň bu ak ýagyşlar bile özüne dirilik dowamatynyň gaýdyp gelendigini kanagat bile syzyp oturan daglaryň, asmandan inýän ýagmyr bile öz synasynyň artjakdygyna düşünip akyp ýatan Jeýhunyň — mahlasy, külli türkmen topragynyň ruhy janlanýar. Meniň ruhum bularyň baryny — bu äpet barlygy içine sygdyrmaga ukyply närse, ummana barabar damja, ummana goşulyp, ummana öwrülip bilýän damja bolup durýar.
Damja — köp, umman bolsa ýeke-täkdir.
Emma ummana öwrülmek ýitip gitmek däldir. Watanyň arzysy, gudraty hem mukaddesligi-de şundadyr.
Ýeriň göwsünden güberçekläp çykan daglar,
Göwnüm kibi giň,
Mertebäm kibi uly şäherler,
Olara jan berip ýatan mele suwly derýalar,
Mahmal düşek ak alaňlar…—
Ine, biziň Watan diýýänimiz. Şonuň üçinem her gezek bular göz öňüme gelende, gözüme ýaş aýlanýar.
Watan duýgusy kimin süýji hem lezzetli, inçe hem näzik, göwün gopduryjy hem heserli duýgy bolmaz ekeni. Dabanyň bile ak takyrlaryň mährini, süňňüň bile tylla Günüň nuruny, endamyň bile Watan şemalynyň serginligini özüňe siňdiresiň gelýär, jan gözi bilen Watan jemalyny görüp, jan gulagy bilen Watan owazlaryny eşidesiň gelýär. Saý-sebäp bilen ömürlik ýa-da wagtlaýyn Watandan aýra düşen kalbyň sesi köşegini ýitiren maýanyň bozlamasyny, owlagyny aldyran jereniň mäleýşini, gyzyl lälesini gideren bilbiliň hasratyny ýada salýar. Watan diňe jemgyýetçilik düşünjesi däldir, Watan adamyň içki, pynhan duýgusyna öwrülip bilýän ýeke-täk jemgyýetçilik gymmatlygydyr. Onuň üýtgeşik mukaddesligi-de şu ýerden gelip çykýar.
Bu topraga biziň örkümiz bagly. Üns berseňiz, türkmen dilinde «toprak» sözi XX asyrda Watan manysyny berip başlandyr. Çünki biz ýigriminji asyrda gaty dünýewileşdik. Nusgawy pelsepämizde hem nusgawy dünýäni duýşumyzda biz, köplenç, asmana ymtylýardyk. Emma iň uly mukaddeslik şu toprak ekeni. Biziň ähli ýeňişlerimiz, şatlyk-hasratymyz, gowgaly hem parahat geçmişimiz, bar buýsanjymyz hem mukaddesligimiz şu topragyň goýnunda eken.
Käwagt türkmen topragynda öň baryp görmedik obalaryňa, ýerleriňe baranyňda, täsin bir duýgyny başdan geçirýärsiň! Hamana, edil şu ýerde öňem bir gezek bolan ýaly! Şonda öz-özüňe şeýle diýýärsiň: men bolup göremok, emma meniň ruhumda şu ýerde öň bolup gören ata-babalarymyň hakydasy ýatyr, şol oýanýandyr.
Türkmen Watanyny özi üçin iň arzyly hem mukaddes zada — gözüniň görejine deňeýär. Gözüň göreji — zerurlygy, gymmatlygy has köp nygtaýar, çünki göz adamyň durmuşy zerurlygy bilen baglanyşykly. Magtymguluda Watan gözüň görejine deňelýärdi. Sebäbi şol taryhy döwürde Watan, döwlet juda uly zerurlykdy, amal bolmaly hajatdy. Biziň zamanamyzda ol amal bolan zerurlyk mertebe, abraý derejesine göterildi. Watan jandan zyýada. Watan ömrüň, ýaşaýşyň manysy. Watan buýsançly başyň, şatlyk-mertebäň güwäsi. Watan — başyňy belent tutup ýaşamagyň, işlemegiň kepili!