Türkmen alabaýy: nagyşlarda taryh bar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyndaky ilkinji mejlisinde türkmen alabaýyny wasp edýän milli nagyşlary ylmy taýdan öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat diňlenildi. Milli Liderimiziň bu ugurdaky tagallalary dowam etdirmek babatda öňde goýan wezipeleri geljekde hem türkmen alabaýlarynyň taryhyny öwrenmekde uly işleriň amal ediljekdiginden habar berýär.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, taryhy-medeni ýadygärlikleriň birbada 12-sinde arheologik gazuw-agtaryş, dikeldiş hem rejeleýiş işleri üstünlikli alnyp baryldy. Şeýle ylmy gözlegleriň netijesinde, türkmen alymlary henize çenli mälim bolmadyk täzelikleriň ençemesini ýüze çykardy. Häzirki wagtda bu tapyndylaryň köpüsi babatda etnografiýa taýdan ylmy barlaglar geçirilip, olaryň taryhy hem ylmy ähmiýeti kesgitlenilýär. Şular ýaly ylmy açyşlary amala aşyrmakda alym Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary ýol görkeziji, milli mirasymyzy täzeçe garaýyşlar bilen çuňňur öwrenmäge ruhlandyryjy esas bolup hyzmat edýär.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan gymmatlyklaryň arasynda türkmen alabaýynyň galdyran yzlarynyň, onuň gadymy haly göllerindäki şekilleriniň bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň “Türkmen alabaýy” atly ylmy eseri diňe bir milli itşynaslyk sungaty üçin däl, eýsem, dünýäniň kinologiýa ylmy üçin-de gymmatly gollanma öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp eserinde türkmen alabaýlarynyň tebigy aýratynlyklaryny, taryhy yzlaryny hem-de adamzadyň ösüşindäki ähmiýetini beýan etmek bilen, onuň dünýäde itşynaslyk sungatynyň döremeginde uly orun eýeländigini anyk-aýdyň tassyklady.
Keremli topragymyz dünýäniň ösen siwilizasiýa ojaklarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda täzeden galkynan milli mirasymyz bolsa bu gün adamzadyň müňýyllyklaryň dowamynda gazanan medeni baýlygy hökmünde ykrar edilýär. Parasatly pederlerimiz asyrlaryň dowamynda gazanan tejribelerini türkmen halylaryna, keçelerine, palaslaryna we beýleki maddy hem ruhy baýlyklaryna siňdirip, nesillere miras galdyrypdyrlar. Munuň şeýledigini türkmen alabaýynyň taryhy yzlarynyň haly göllerine hem-de beýleki el işlerine çitilen nagyşlara siňdirilip, biziň günlerimize ýetirilendiginden-de görmek bolýar.
Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisinde habar berlişi ýaly, şeýle çuňňur mazmunly çeper gölleriň biri Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasynyň töweregindäki, biziň eýýamymyzdan öňki VII — V müňýyllyklara degişli Pessejikdepe ýadygärliginiň diwar bezeginde duş gelýär. Ol byçgynyň dişi şekilinde setir bolup gidýän öýjagazlary suratlandyrýan “it ýatak” gölüdir. Bu täsin gölüň käbir obalarda gadymy ady bilen atlandyrylýandygy, Ahal halylarynyň älem zolagynda çitilýändigi sebäpli, ol halkyň arasynda “älem” nagşy, Balkan halylaryndaky gölüň bolsa bürgüdiň dyrnagyna meňzeýändigi sebäpli, oňa “dyrnakgöl” nagşy diýilýändigi bolsa biziň medeniýetimiziň köpöwüşginlidiginden habar berýär. Şeýle ajaýyp sungat eseriniň mundan 7-8 müň ýyl öň hem pederlerimiziň ruhy dünýäsinde aýratyn orna eýe bolandygy buýsançlydyr. Çünki bu gölüň halylarymyzda ömür dowamatyny tapyp gelmegi türkmen alabaýynyň taryhyny öwrenmekde täze mümkinçilikleri döredýär. Bu barada milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» eserinde şeýle beýan edilýär: «Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasynyň töweregindäki gadymy daş asyryna degişli bolan Pessejikdepe ýadygärliginde diwaryň ýüzündäki şekillerde hem alabaý suratlandyrylypdyr. Şol hem alabaýyň iň irki döwre degişli şekilidir».
Türkmen alabaýyny wasp edýän ýene-de bir gadymy göl “güjük yzy” gölüdir. Arheologik gazuw-barlag işleriniň netijesinde, Bäherden etrabynyň çägindäki IX — XIV asyrlara degişli Şähryslam ýadygärliginde türkmen alabaýynyň penjesiniň yzy saklanyp galan kerpiçleriň birnäçesi ýüze çykaryldy. Mälim bolşy ýaly, Şähryslam Beýik Seljuklar zamanasynda söwdanyň, medeniýetiň we ylym-bilimiň ösen ojaklarynyň biri bolupdyr. Şäher Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaý — Köneürgenç şahasynyň ugrunda ýerleşip, Garagum sährasyny kesip geçýän kerwenleriň düşlän we söwda eden merkezleriniň biri hökmünde wajyp orun eýeleýär. Bu orta asyr şäherinde hem-de ony gurşap oturan çarwa obalarynda milli seýisçilik sungatymyz hem, türkmen alabaýyny ýetişdirmegiň ajaýyp milli ýörelgeleri-de diýseň ýokary derejede ösüpdir. Munuň şeýledigini ýadygärlikde ýüze çykarylan arheologik tapyndylar aýdyň subut edýär.
Şähryslamda ýüze çykarylan it penjesiniň yzy galan kerpiçleriň suratynyň Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» eseriniň 48-49-njy sahypalarynda ýerleşdirilmegi bu täsin tapyndy boýunça etnografik barlaglary geçirmäge ylmy esas berdi. Ylmy barlaglar şeýle kerpiçleriň şalaryň we begzadalaryň köşgi-eýwanlarynyň bosagasyna oturdylandygyna güwä geçýär. Gadymy ynanja görä, alabaýyň penjesiniň yzy we onuň esasynda döredilen nagyş ynsanyň saglygyny we onuň öý-ojagyny, mal-mülküni dürli howplardan goraýar. Şol sebäpli, ony türkmeniň ak öýüniň gapysynyň iç ýüzünden asylýan eňsi halylarynda has köp görmek bolýar. «Güjük yzy» nagşynyň ownuk görnüşleriniň haly we haly önümlerinde alaja nagşy hökmünde esasy gölleriň daşyna aýlanyp çitilýändigi-de ylmy gözlegleriň esasynda subut edildi.
Türkmen halylaryny, palaslary, keçeleri we beýleki nepis el işlerini bezeýän iň gadymy nagyşlaryň biri hem “tazyguýruk” gölüdir. Ata-babalarymyz bu gölüň gözden-dilden goraýandygyna ynanypdyrlar. Oňa haly we haly önümlerinde köplenç gyra nagşy hökmünde duş gelmek bolýar. Käbir eňsi halylarda bu nagyş merkeze salynýan esasy gölleriň gyralaryna jäheklenýär.
«Tazyguýruk» palas, keçe we keçe önümlerine, çyrpa, kürtä hem-de beýleki el işlerine-de salynýar. «Tazyguýruk» nagşy baradaky etnografik maglumatlar «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalyň 1-nji sanynda ylmy dolanyşyga girizildi. Gürrüňi edilýän nagyş alymlaryň gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän, IX — XIV asyrlara degişli Şährihaýbar ýadygärliginde ýüze çykaryldy. Ol şakäsäniň ýüzüne türkmen tazysynyň guýrugynyň şekili hökmünde çekilipdir. Munuň özi bu sebitde gadymy döwürlerden bäri türkmen alabaýynyň we awçy tazylarynyň ösdürilip ýetişdirilendigi baradaky çaklamany esaslandyrýar.
Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň geçen anna günündäki mejlisinde türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň has düýpli öwrenilmelidigini we aýawly saklanylmalydygyny hem-de geljekki nesillere geçirilmelidigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglanyşykly ylmy-barlaglary yzygiderli dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz amaly haşam sungatynyň bu ugruny öwrenmek üçin ýokary okuw mekdepleriniň, aýratyn-da, ynsanperwer ugurly mekdepleriň okuw maksatnamasyna ýörite sapaklary girizmegi, bu gymmatly mirasy gorap saklamak işlerine alymlary, şeýle hem Milli Geňeşiň agzalaryny giňden çekmegi tabşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen alabaýynyň waspyny ýetirýän maglumatlary giňden wagyz etmek maksady bilen, bu babatda wekilçilikli halkara maslahatyň geçirilmelidigi barada aýdanlary aýratyn ähmiýete eýe boldy. Çünki şeýle maslahatyň geçirilmegi geljekde bu ugurda amala aşyryljak ylmy açyşlara badalga bolar.
Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy.