2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi baky Bitarap Türkme-nistanyň halkara abraýynyň barha berkemeginiň, milli ösüşiň täze sepgitlere gönügip, kuw-watly badalga almagynyň binýatlyk güýjüni aňladýan we ählihalk goldawyna mynasyp bo-lan şygar hökmünde biziň her birimiziň şatlyk hem-de buýsanç duýgularymyzy goşalandyr-dy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howp-suzlyk geňeşiniň geçen ýylyň 27-nji dekabrynda geçirilen bilelikdäki jemleýji mejlisinde 2022-nji ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny tassyklady. Şeýlelikde, ýurdumyzyň raýatlarynyň teklibi esa-synda bu ýylyň şygary «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edildi. Bu şygar bagtyýar za-manany esaslandyran we halkymyzy, Watanymyzy täze belent sepgitlere ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyza bildirilýän belent hormatyň aýdyň nyşanydyr. Milli Liderimiz ýokarda agzalan mejlisde häzirki döwürde berkarar Watanymyzyň sebitde durnuklylygyň, howpsuzlygyň daýançlarynyň, kuwwatly we depginli ösýän, daşary ýurt maýa goýumlary üçin özüne çekiji, dünýäde uly abraýa hem-de hormata eýe döwletleriň biri hökmünde giňden tanalýandygyny aý-ratyn nygtady.
Islendik döwletiň içeri syýasatyndaky üstünlikleri, gürrüňsiz, onuň dünýä bileleşigindäki myna-syp orny bilen kesgitlenýär. Munuň üçin örän oýlanyşykly, öňdengörüjilikli daşary syýasatyň ýö-redilmegi zerur. Bu babatda alnanda, tamamlanan 2021-nji ýyl tüýs öz adyna muwapyk ýyl bol-dy. Onuň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygary öz gözba-şyny dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 12-nji sentýab-rynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamadan alyp gaýdýar. 2021-nji ýyl, sözüň doly manysynda, Türkmenistanyň daşary syýasatynda uly üstünliklere beslenen ýyl boldy. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu ýylda geçirilen iri çäreleriň hatarynda Halkara ahalte-ke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisini, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji kon-sultatiw duşuşygyny, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitini görkezmek bolar. Baky Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen Baş Assambleýa üç sany resminamany — öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitdäki merkeziň ornuna, koronawirus keseliniň pandemiýasy we ondan soňky döwürde ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmäge, Birleşen Milletler Gura-masy bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan Ka-rarnamalary biragyzdan kabul etdi. Türkmenistan BMG-niň düzümleriniň birnäçesine agzalyga saýlandy.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly ýurdumyzyň daşary syýasaty we diplomatiýasy üçin halkara ähmiýetli wakalara baý ýyl boldy. Türkmenistanyň dünýä bileleşi-giniň agzalarynyň arasyndaky abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda ýurdumyzyň dip-lomatik korpusynyň wekillerine uly orun degişlidigini göz öňünde tutup, hormatly Prezidentimiz öz daşary syýasy iş tejribesinde bu düzüm bilen yzygiderli duşuşyp, daşary syýasatda möhüm bo-lan meseleleri ulgamlaýyn esasda çözmäge, öňde duran strategik wezipeleri kesgitlemäge aýratyn ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 2021-nji ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde duran wajyp wezipele-ri aýdyňlygy bilen açyp görkezdi we oňa bildirilýän talaplar barada binýatlyk düşünjeleri öňe sür-di. Milli Liderimiziň nobatdaky çykyşyndaky sargytlary şu günki günde türkmen diplomatiýasy-nyň milli mekdebinde okaýan, geljekde diplomatik gullugymyzyň üstüni ýetirjek, ýurdumyzyň milli bähbitlerini gorajak hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işinde hem esasy ugur alyş nokady bolar.
Hormatly Prezidentimiziň 11-nji dekabrda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» diýlip atlandyrylan halkara maslahat-da eden taryhy çykyşynda öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze filosofiýasy dessine tutuş dünýäde uly goldawa eýe boldy. Munuň özi üçünji müňýyllygyň täze geosyýasy şertlerinde, özi-de dünýäde harby-strategik bäsdeşligiň ýitileşýän, gapma-garşylyklaryň geriminiň giňeýän we güýçlenýän, şonuň netijesinde dünýädäki wakalaryň öňünden kesgitläp bolmaýan, has durnuksyz häsiýete eýe bolýan, ahyrynda ösüşiň umumy wezipelerini çözmegi, ýagny ählu-mumy durnuklylygy, ýaragsyzlanmagy, ekologik meýilnamalary amala aşyrmagy örän kynlaşdyr-ýan ýagdaýynda halkara gatnaşyklara täze filosofiýany hödürlemek zerurlygyndan ugur alýan äh-lumumy çagyryş bolup ýaňlandy. Milli Liderimiz agzalan kynçylyklaryň halkara gatnaşyklaryň ar-hitekturasynyň esasy daýanç sütünine — ynanyşmak medeniýetine howp salýandygyny nygtady. Mundan beýläk umumadamzat meselelerini agzybirlikde, BMG-niň ähli agzalarynyň gatnaşma-gynda çözmek üçin, ilkinji nobatda, birek-birege ynanyşmak medeniýetini gaýtadan dikeltmek zerurdyr. Munuň üçin ähli döwletleriň ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna eýermegi, özara gat-naşyklar medeniýetini ykrar etmegi möhüm bolup durýar. Ine, hut şular hem türkmen Lideriniň çuňňur ynanjyna görä, emele gelen ýagdaýy düzetmäge we netijeli ugra gönükdirmäge mümkinçi-lik berer.
Hakykatdan-da, türkmen diplomatiýasynyň dünýä tertibiniň iki sany möhüm sütüne — parahat-çylyga we ynanyşmaga daýanmalydygy barada Arkadag Prezidentimiziň syýasatyny giňden dur-muşa geçirmek baradaky tagallalary netijesinde 2021-nji ýylda geçirilen çäreler daşary syýasat hem-de hukuk ulgamynda nazary düşünjeleri ösdürmäge we barlaglary geçirmäge uly itergi berdi. Diňe bir milli derejede däl, eýsem, parahatçylyga öz goşandyny goşmak isleýän beýleki döwletle-riň hem diplomatik däpleriniň mümkinçiliklerini parahatçylyk medeniýetine bolan ymtylyş bilen baýlaşdyrdy. Halkara gatnaşyklar babatdaky binýatlyk esaslara täzeçe garaýyşlary girizdi. Iň esa-sysy bolsa, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bütin dünýäde oňyn seslenme döretdi. El-betde, bularyň ählisi türkmen diplomatiýasynyň gazanan üstünlikleridir.
Ýaşaýyş döräli bäri, dünýäde hiç haçan doly parahat durmuşy üpjün etmek başartmadyk bolsa-da, ynsan kowumynyň baş arzuwy — parahat durmuşda ýaşamak. Şol hakykatdan ugur alnanda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen döwlet kabul edişliginde okan «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly täze goşgusy bütin dün-ýä üçin parahatlyk senasy bolup ýaňlandy. Bu goşgy bütin adamzadyň iň bir irnik meselesi bolan ýaraglanmagy çäklendirmäge çagyryşdyr.
Ynsanyň öz döredýän kynçylygynyň ösüşe badak bolmaly däldigine çagyryşdyr.
Abadan, rahat günlere ýetmek üçin arzuwlary hasyl etmäge çagyryşdyr.
Öz ýalňyşlarymyzy düzedip, birek-biregi sylamaga çagyryşdyr.
Göwünlerimizi tämiz tutup, ýamanlykdan ýüz öwürmäge çagyryşdyr.
Dünýäniň diregi bolan ynamy dikeltmäge çagyryşdyr.
Bir jebis maşgala bolan dünýä halklaryny parahat durmuşda ýaşatmaga çagyryşdyr.
Başgaça aýdylanda, «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly täze goşgy Arkadag Prezidentimiziň dünýä-ni türkmençe görüş nusgasy, ata-babalarymyzyň goja Zemini ýaragyň däl-de, diňe pähim-paýha-syň, parasadyň gorap biljekdigi, parahatçylygy birek-biregiň garşysyna tyg çekip, ýarag çenäp däl-de, ýürege barýan ýakyn ýoluň — sazyň, sungatyň üsti bilen hem gorap boljakdygy baradaky milli türkmen pelsepesine bagyşlanan «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynyň şygryýetde jemlenen görnüşidir. Hormatly Prezidentimiz bu goşguda:
Ýaraglaň sesi, sem boluň!
Öz döredýän kynçylygmyz,
Goý, hiç haçan ýol almasyn!
Ýalňyşlary düzedeliň...
Millionlarça ykbala
Gyýa garamak bolmaýar,
Ýowuz daramak bolmaýar!
Ýamanlykdan ýüz öwreliň...
— diýmek bilen, milli, sebit, yklym derejesinde däl-de, umumydünýä, ýagny planetar möçberde dialog arkaly parahatçylyk, özara ynanyşmak medeniýetine dolanmak arkaly Zemin atly iň kämil ýaradylan barlygy halas etmäge külli ynsanyýeti çagyrýar. Olar parahatçylygyň alamaty bolan ak kepderini nyşan, ynsanyýetiň iň gowy ideallaryny bolsa özüne şygar edinen BMG-niň «parahat-çylyk üçeginiň» astynda özara ynama, birek-biregi sylamaga, öz döreden kynçylyklarymyzy öz elimiz bilen düzetmäge gönükdirilen oňyn çözgütlere ses bermek arkaly goja Zemini halas edip boljakdygyna düşünmelidirler. Milli Liderimiziň parahatçylyga çagyrýan ýürek senasy hiç kimi bi-parh goýmaly däldir.
«Dialog — parahatçylygyň kepili» diýlip atlandyrylan täze filosofiýasy hormatly Prezidentimiziň halkara gatnaşyklaryň arhitekturasyna täzeçe çemeleşmek barada indi 15 ýyla golaý wagtdan bäri girizýän täzelikleriniň, has takygy, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji mejlisinde öňe süren howpsuzlygyň bitewüligi hem-de bölünmezligi, 66-njy mejlisinde öňe süren «Ösüş arkaly para-hatçylyk» başlangyçlarynyň logiki dowamydyr.
Diplomatik gullugyň beýleki hünärlere garanda örän jogapkärlidigi, onuň aýratyn taýýarlygy talap edýändigi jedelsiz hakykatdyr. Kär we hünär bolmakdan daşary, Watanynyň, raýaty bolan döw-letiniň milli bähbitlerine gulluk etmegiň aýratyn uly jogapkärçiligini gerdenine alýan ynsan özüniň watançylygy bilen tapawutlanmalydyr, ony kesbine däl-de, ykbalyna, ýönekeý käre däl-de, sun-gata öwürmegi başarmalydyr. Bu babatda alnanda, milli Liderimiziň geçen ýylda Bilimler we ta-lyp ýaşlar güni mynasybetli paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde geçiren umumy okuw sapagy di-ňe bir ýaş nesiller däl, eýsem, ähli raýatlarymyz üçin hem watançylyk dersi boldy. Döwlet Baştu-tanymyzyň şol sapagyndaky: «Gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty duran Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde, dünýäniň geosyýasy giňişliginde «Türkmenistan» atly parlak ýyldyz döredi» diýen jümleleri subutnama talap etmeýän hakykatdyr.
2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly şygara beslenmegi tutuş halkymyzy Gahry-man Arkadagymyzyň daşynda has-da mäkäm jebisleşmäge, täze üstünliklere tarap ynamly alyp barýan bagt ýolunda yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Goý, 2022-nji ýylda-da Arkadag Prezidentimiziň ýürek kelamy — dünýäniň diregi bolan ynamy dikeltmäge çagyryşy bolan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasy dabaralansyn!
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, ta-ryh ylymlarynyň kandidaty.