Salam — salamatlyk

Häzir ýoň bolan diktofonly ýantilleriň ýaňy görnüp başlan uçurlarydy. Şeýle günleriň birinde Atda Perreňiň çeper söze sarpaly köne tanyşlarynyň biri «Suw bilen howa ýaly zerurlyga deňesem-ä lap edildigi bor, ýöne žurnaliste gerekligi weli çyn — diýip, elindäki galyň kagyz gutyny jiňňeleýän ýaly däl-de, beresi gelýän täwin uzadybrak durşuna sözüni dowam etdi: — Şunuň maňa zerury ýok. Size weli gerek zat. Alyň, ene süýdünden halal». «Al, al!» diýleni bilen alymsaklyk gowy däl, gelşiklem däl. Herhal, alyp-almazlyk, hödür edýän bilen seniň araň nähiliräkligine, seniň onuň üçin kimligiňe-de bagly. Kelte tirkelen ýaly diýilýän gatnaşykdakaň, onuň uzan elleriniň ýüreginiň emrindedigini, şol ýüregiň bolsa elleri ýaly açykdygyny bilýärkäň, arkanjaklan bolup durmak uslyp däl.
Boýun alan ýagşy, Atda Perreň şonda özüne uzadylan içi diktofonly gutyny eýýäm beýlesine geçiren hasaplasa-da, garaz, ýele bermezlik etdi.
— Bahasy nädendir?
Gutyny saklap duran eliň eýesi ýylgyrdy:
— Söwdagär däl-ä men. Köşekli düýe beräý!
Birek-biregiň häsiýetine belet bolanyňda, ýarym sözde düşünişýäň. Gürrüňiň niräni tozadýanyny aňan Atda Perreň ilerki daglar ýaly, köplenç dumanlap duran ýüzi öz-ä bilenok, ýöne açylyşan bolarly, sebäbi gara gadyr tanşy:
— Ine, munyň bolýa — diýip, diktofonly gutyny onuň eline tutdurdy. Atda Perreňe-de şo gezek ýüz öwrüp durmak oňartmady. Indi-indi, on-on iki ýyldan soň, oýlanýa weli, şeýtmesi tersem däl eken. Aýaňa sygaýýan, süýnmejik, dörtburç ses ýazýan öwsele häzirkilere seredeniňde ýönekeýräk bolsa-da, öwsele kemi ýok. Goltuk jübä sygyp duran. Nirä gitse ýanynda. Ýurduň içine, daşary ýurtlara döredijilik saparlaryndan soň, okyjy üntüşik edäýer öýtdüren ýol ýazgylarynyň döremegine hemaýaty ýetipdi. Munda dürli ýaşdaky, dürli kärdäki, dürli-dürli ykbally adamlaryň seslerinden başga tebigatdaky janly-jandarlaryň, hatda Kyrkçulba sebitinde sazak ýaran gara ýel diýilýän aşyrymlap-aşyrymlap gelýän, alabahar gara ýeliniň şuwwuldysy, dag içi çeşme-çaýlaryň şarryldy sesleri-de bar. Her sözi ýürek ýylysyna çoýulyp, onuň owazyna batyrylyp, şireli, çeper, şeýlelikde, maňza batnykly ýazjak bolýan gazetçi zarisowkalarydyr ýol ýazgylarynyň, oçerkleridir publisistik makalalarynyň okyjysyny tapýandygyna ynanasy gelýär, bolmanda, şonuň şeýle bolaryny isleýär.
Şeýle ynamdyr isleg seniň döwletiň, halkyň, üntüşigi ýazuwa ýykgynlylaryň öňündäki borjuňy, jogapkärçiligiňi artdyrýar. Atda Perreňiň edil häzirem diktofondaky ýazgylary diňläp, oňa dümtünip oturmasynyň sebäbi şol jogapkärçilikden. Salamlaşmak edebi hakda ýazmaly bolanda, ol munuň beýle aňsat däldigini aňdy. Mugallymka edep dersinden okadyşyny ýatlady. Professor K.Ataýewiň «Könelmeýän söz» atly könelmez kitabyny, S.Atanyýazowyň «Salamlaşmak barada» atly makalasyny okanlygy taň zat bolan eken. Salamlaşmak edebi hakdaky makala gysgadan anyk boldugyça kem däl. Onsoň ýene diktofona ýapyşdy. Şygyrdylyrak, ýöne öz sesidigi aňdyrýan ýazgynyň üstünden bardy. Gazete niýetlenene meňzemänem duranok. Gysgadan düşnükli ýazgyny elektron görnüşe geçirensoň, ýene bir okady.
1. Adamyň adama alty borjy:
a) salamlaşmak;
b) näsagy soramak;
ç) asgyrylanda, «Sabyr et!» diýmek;
d) ölüm-ýitimde merhumyň jynazasyna barmak;
e) bir-biregiň çakylygyna barmak;
ä) köpçüligiň halaýan zadyny oňlap, halamaýan zadyndan çeke durmak.
2. Salamlaşmagyň edebi:
a) ilki salam berýän «Es-salamu aleýkum we rahmetullah» diýip, iki elini uzadýar. Salam alýan «We aleýkum essalam» diýýär;
b) iki adam bir-birine şol bir wagtda salam berende, salam jogapsyz galmazlygy üçin hersi sag egnine garap, «We aleýkum essalam» diýip, jogap berýärler;
ç) märekä, üýşmeleňe barlanda, aýratyn bir adama däl-de, köpçülige salam bermeli;
d) köplügiň bir adama — atly-abraýly ýa Käbä zyýarata gidip gelene salam bermegi dogrudyr;
e) içinde adam bar-ýoklugyna seretmezden, barlan öýe salam berilýär. Barlan öýüň gelin-gyzyna, baýlygyna seretmek edepsizlik saýylýar;
ä) kiçiler ula, ulaglylar pyýada, ýöräp gelýän oturana, wezipeliler ýönekeý adama, atly eşeklä salam bermeli;
g) hajathanada, hammamda, suwa düşünilýärkä, serhoşa, ukudaka, namaz okap durana, azan aýdyp durana, Gurhan, doga okap oturana, tesbi sanaýana, hatyba — öwüt-nesihat berip oturan ymama salam berilmeýär.
Uly ýaşlylar elleşip görşenlerinden soň, saglyk-amanlyk soraşmak üçin «Sendendir-de, sendendir» bolşup, bir-birine gezek berýärler. Bu — ýaşuly adama hormatdan nyşandyr. Aýallar bilen elleşip salamlaşmaly bolnanda, erkek adam sag elini ýeňiniň içine salmaly bolupdyr. Aýal maşgalalar erkek kişiniň sag elini ýeňiniň daşyndan iki eli bilen gysymlapdyr.
Türkmençilikde aýal adamlar elleşip salamlaşmandyrlar diýen ýalydyr. Oňa derek biri-biriniň egnine iki el bilen kakyp görüşmek ýörgünlidir. Biri-birlerine, erkek adamlara salam berenlerinde, «Salamälik» diýipdirler. Salam alýan aýal maşgala bolsa «Aleýik salam» diýipdir.
Ýaşy boýunça uly aýal ýaşkiçiniň egnine iki eli bilen kakyp, «Amanlykmy, saglykmy, gurgunlykmy?» diýipdir. Ýaşkiçi gelin-gyzlar «Şükür Hudaýa, sizem sag-gurgun gezip ýörenmisiňiz?» diýýär. Ýaşy has gaýdyşan aýallar bilen ýaşkiçi gelin-gyzlar ilki salamlaşyp, soň eglip, olara eginlerini tutup berýärler. Ýaşy gaýdyşan aýal oturan ýerinden olaryň egnine kakyp, «Amanlykmy, saglyk-gurgunlykmy?» diýýär.
Ýaşy durugşan aýallar-da bir ýere baranlarynda, üýşüp oturan gelin-gyzlaryň özünden ýaşkiçileriniň eginlerine iki el bilen kakyp, görşüp çykýarlar.
                                                * * *
Salam edebi hakdaky söze nokat goýan Atda Perreň ony gaýta-gaýta okady. Okadygyça-da salam hatlaryna mahsus «Daş ýoldan, ýakyn ýürekden», «Kim men diýip sorasaň...», «Salamdan soňky sözüm budurki» ýaly, söz düzümleri boýunça pikir ýöretseň, ýazgynyň şireliräk, owazlyrak boljagy aňdyrdy. Herhal, «Sözüň azy ýagşy...» diýlenine uýýan gazetçi ony salamlaşmak edebi bilen bagly ýeneki bir pikir ýöretmesine goýdy.
Gurbanmämmet ÝEGENMYRADOW.
«Türkmenistan».