TÄZE ÝYL TYLLA GAPYSYNY AÇDY

Gahryman Arkadagly döwrümiziň ýene bir ajaýyp ýylyny garşy aldyk. Täze — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly tylla gapysyny açdy, biz onuň nurana dünýäsine dolýarys. 
Ýylyň şeýle atlandyrylmagy halkymyzyň arzuw-islegi netijesinde bolandyr. Halkymyzyň öz Gahryman Arkadagyna synmaz ynamyndan, belent söýgüsinden, ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine buýsanjyndan nyşandyr.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde geçirilen ýygnanyşyklarda hemmeler muny oňlady. Bütin halkymyz bilen birlikde biz — döredijilik işgärleri öz dabaraly maslahatlarymyzda 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” atlandyrylmagyny tüýs ýürekden makulladyk.
Her ýylyň ady milli Liderimiziň parasaty bilen gelýär. Her ýylyň ady berkarar döwletimiziň taryhy tutumlary bilen gelýär. Her ýylyň ady halkymyzyň beýik maksatlary bilen gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyz “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny uly üstünlikler bilen jemledi. Ine, indi bolsa biz ýurdumyzyň dünýä dolan at-abraýyny ýene bir mertebe beýgeltjek ýyla — “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyna gadam basdyk.
Halkyň Arkadagly zamanasy bar! Şonuň üçin guwançly biz! Şonuň üçin buýsançly biz! Şonuň üçin sözümiz Watan hakyndaky, Gahryman hem mähriban Arkadagymyz hakyndaky goşgy bolup, aýdym bolup jahana dolýar!
Hawa, biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň ýokary derejede baýram edilen ýylyndan ýeneki uly toýlaryň toýlanjak, şanly üstünlikleriň gazanyljak ýylyna gadam basdyk. Berkarar döwletimiziň saýasynda geçilen gün-u-aýlaryň, ýyllaryň her biri garaşsyz ösüşimizi, taryhy özgertmelerimizi, dünýä uzaýan ýollarymyzy görkezýän wakalardan doly. 
Dünýädäki kynçylykly ýagdaýlara garamazdan, bitirilen işlere köp şükür edýäris. Täze işleri bitirmek, durmuşymyzy has gowulandyrmak üçin ähli mümkinçiliklerimiziň bardygyna hem ynanýarys. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda adamzada birtopar kynçylyklar getiren pandemiýa, şol bir wagtyň özünde dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara çuňňur seljerme berdi. Ösýän ýurtlaryň köpüsinde ykdysady ösüşiň depgininiň haýallamagynyň düýp sebäplerini görkezdi.
Adamzadyň ykbalyndaky her bir närse her bir adamyň ykbalyna degişli. Dünýädäki häzirki ýagdaýyň bolsa has giň ýaýrawly hadysadygyna görä, içki jebisliginiň we ykdysady binýadynyň juda berkdigine garamazdan, islendik ýurdy öz täsir meýdanyna alyp bilýändigi düşnüklidir. Dünýä maliýe-ykdysady gatnaşyklarynyň şeýle çylşyrymly döwründe Türkmenistanda ähli babatda ösüşler dowam edýär. Munuň özi diňe bir zat bilen — hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dogry kararlaryň, çözgütleriň öz wagtynda kabul edilmegi, milli maksatnamalaryň gürrüňsiz ýerine ýetirilmegi, halkymyzyň hal-ýagdaýyny pese düşürmezlik üçin görülýän düýpli çäreler, meseläniň her bir jähetden mydama üns merkezinde goýulmagy bilen gazanylýar. Şeýlelikde, jemi içerki önümiň ösüş depgini üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly üstünlikler bar. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirilýär. Bu ýyl üçin oýlanyşykly düzülen Döwlet býujeti kabul edildi. 
Gahryman Arkadagly döwür — halkymyzyň gurujylyk, döredijilik güýjüniň açylýan, beýik işleriň bitirilýän, ýurdumyzyň özgerýän, durmuşymyzyň täze derejelere göterilýän döwri. Bu aýdýanymyz ýöne söz däl, hakykata daýanylyp aýdylýan söz. Bir ýylyň dowamynda Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak, onuň binagärlik hem bezeg keşbini gowulandyrmak, häzirki zaman şäher gurşawyny kemala getirmek, aşgabatlylaryň ýaşamagy üçin aňrybaş amatly şertleri döretmek ugrunda köp işler edildi. Döwrümiziň beýik gurluşyklary ähli welaýatlarda dowam etdirildi. Täze ýaşaýyş jaýlary, täze kärhanalar, dürli maksatly desgalar, ýollar... Bazar ykdysadyýetiniň barha giňemegi hem netijeliligi ugrundaky işler...
Milli medeniýetimiziň ösmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döredijilik adamlary öz zehinlerini we zähmetlerini, ilkinji nobatda, taryhy özgertmeleriň many-mazmunyny açmaga, zamananyň beýik gazananlaryny wasp etmäge, dünýä ýaýmaga sarp edýärler. Bu işler çuňňur watansöýüjilige ýugrulandyr, halkymyzyň her günki durmuşyna eriş-argaç baglanyşyp gidýändir. Şunuň bilen raýatlarda agzybirligiň, jebisligiň, abadançylygyň ägirt uly güýçdügi, ösüşiň hem bagtyýarlygyň binýadydygy baradaky pikirler ösdürilýär, berkidilýär.
Döwrüň waspyny etmek — borjumyz. Kagyza geçirýän zatlarymyzda ýüregimiz bar. Biz ak kagyza ýüregimizi geçirýäris we ondan ýüregimizi okaýandyrlar. Onda Watan hakyndaky päkize duýgy-düşünjelerimiz, arzuw-umytlarymyz görnüp durandyr. Gahryman Arkadagymyza ynamymyz hem söýgimiz görnüp durandyr. Ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine, dünýä dolan şan-şöhratyna buýsanjymyz görnüp durandyr. Köňül päkligi, paýhas durulygy, ynam, söýgi, buýsanç! Şunsuz eser eser bolmaýar. Şunsuz edilen hiç bir işiň güýji, gymmaty bolmaýar. Şu duýgy-düşünjeler, arzuw-umytlar, şu ynam, şu söýgi, şu buýsanç bilen döredilýän eserler çyn bolýar, ýüreklere barýar...
Türkmenistan ösen dünýä egin deňleýär we has beýik geljegini gurýar. Şeýdip, döwrümiz ýyldan-ýyla beýgelip gidip otyr. Günler aýlara, aýlar ýyllara uzap, her ýyl özünden soňky ýyla güýç hem tizlik berip, bizi arzyly menzillere ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasaty bilen şöhratlanýan ýyllar tutuş bir taryhy döwri kemala getirýär. Biz — şu döwrüň şaýatlary, şu döwre dahylly adamlar, şu döwri gurujylar!
Her ýylyň öz aýratynlygy, öz ösüşi bar. Şonuň bilen birlikde, bular biri-birinden üzňe zatlar däldir. Bular bir ömürdir, bir bitewi ykbaldyr. Berkarar türkmen döwletiniň, onuň merdana halkynyň ykbalydyr! Ýyllaryň aýrylmaz baglanyşygy maksat edinen işlerimiziň ählisiniň döwletlilik baradaky asyl köklerimizden gaýdýandygyny, saýlap alan ýolumyza ygrarlydygymyzy, bütin halk bolup, ýurdumyzy her ugurdan ösdürip gidip oturandygymyzy görkezýär.
...Uly üstünlikler getiren, şanly wakalara beslenen 2021-nji ýyl biziň bilen hoşlaşdy. Dogrusy, ömrüň bir parçasy bilen hoşlaşmak ýeňil däldir. Emma tebigatyň kanuny şeýle: biz ony saklap bilemzok. Esasy zat — geçen ýylymyz ömrümize dowamat berdi. Ömrüň bahasy bolsa her geçen pursadyň, her alnan demiň gymmatyna baglydyr. Şu nukdaýnazardan, tutuş bir ýylymyzyň beren hoşlugynyň belli bahasy ýokdur. Ýyl biziň bilen hoşlaşan hem bolsa, onuň uly üstünlikleri eşretli durmuşymyz, geljegimiziň binýady bolup munda galandyr we geljek aý-günlerimize, täze ýylymyza, bütin ykbalymyza dirilik hem güýç berýändir.
                                                            * * *
Maşgala ojaklarynyň her birinde bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň maşgala agzalary bilen agzybirlikde Täze ýyly garşylan pursatlary baýramçylyk günleriniň ýakymly ýatlamasy bolup göz öňümizden aýrylmaýar. Milli Liderimiziň agtyklary toý şatlygy, täze döredijilik işleri bilen mähriban atany begendirdiler. Agzybirligiň beýik nusgasy! Bagtyýar maşgala! Täze ýylyň ruhubelentlik bilen garşylanylyşy! Ýene bir aýratynlyk: bu ajaýyp pursatlarda döredijilik hyjuwy, döredijiligiň beýik güýji bar!
Hormatly Prezidentimiziň agtyklarynyň döredijiligiň dürli görnüşleri bilen meşgullanýandygy hemmelere mälimdir. Şol nurana pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň agtygy atasyna özüniň “Türkmen nepisligi” atly surat eserini sowgat etdi. Şonda milli Liderimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň milli el işleri sungatynyň ussadydygy baradaky hakykat ýene bir gezek hemmeleriň hakydasyna dolandyr, kalbyny ýyladandyr. Milli Liderimiziň agtygy Kerimiň döredýän, çalýan sazlary bilen baglanyşykly-da, bu döwletli maşgalanyň aňyrdan gelýän döredijilik däbi, bu däbiň üznüksiz dowam etdirilýändigi barada-da kän zatlary aýdyp bolar.
Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň ýeten derejesini, rowaçlyklara beslenýän menzillerini wasp edip, goşgy döredendigini, ony “Jan Watanym Türkmenistan!” diýip atlandyrandygyny aýtmagy, täze eserini okap bermegi diňe bu agzybir maşgalanyň agzalary üçin däl, şol täsin görnüşleri teleýaýlymlar arkaly synlap oturan ähli watandaşlarymyz üçin bahasyz baýramçylyk sowgady boldy.
Milli Liderimiziň täze goşgusyny diňläp, soňra gazet sahypalaryndan okap, onuň many-mazmunynyň mundan öňki eserlerinde öňe sürülýän duýgy-düşünjeler bilen bitewüligine göz ýetirýärsiň. Has dogrusy, Gahryman Arkadagymyzyň döredýän her bir eseri, her bir kitaby ýöredýän döwlet syýasatyndan aýrylmazdyr, şonuň bilen birdir, şony ösdürip, berkidip gidip oturandyr. Döwlet Baştutanynyň her bir sözi mübärek sözdür, halkyň umumy durmuşyna öwrülmek bilen, şol pursadyň özünde döwlet syýasatyna öwrülýändir. Her bir ynsan üçin, tutuş halk üçin, bütin adamzat üçin gymmatly bolan arzuw-umytlar, duýgy-düşünjeler, pikir-garaýyşlar! Bular halky bir Watany gülletmek, bir bagty goramak hem berkitmek ugrundaky mukaddes işlerde jebisleşdirýär. Bular adamzady dünýäniň abadanlygyny, halklaryň bagtly durmuşyny üpjün etmek ýolunda — bir maksat ugrunda jebisleşmäge çagyrýar. Edil mundan sähel ozal döreden “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly eserindäki ýaly!
Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan,
Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!
Keremlidir ene toprak, keramatdyr mawy asman,
Edermendir ogul-gyzyň, jan Watanym Türkmenistan!
Şeýle setirlerde Watana belent söýgi bar.
Öňe, öňe, diňe öňe! — biziň beýik şygarymyz,
Parahatçylyk ýolunda rüstemdir gül Diýarymyz,
Ynanyşmak şuglasydyr ol biziň ýürek nurumyz,
Sowulmazdyr bahar-ýazyň, jan Watanym Türkmenistan!
Şeýle setirlerde Watana belent söýgi adamzadyň umumy öýi bolan dünýäniň abadanlygy, bütin adamzadyň bagtly durmuşy baradaky aladalar hem tagallalar bilen birleşýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýaýýan parahatçylyk, ynanyşmak, dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk ýolundan habar berýär.
                                                            * * *
Biziň beýik mukaddesligimiz bar: Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyz! Ähli mukaddesliklerimiz şu beýik mukaddesligiň saýasynda ýaşaýar, ebediligini saklaýar. 
Biziň berk daýanjymyz bar: Gahryman hem mähriban Arkadagymyz! Müňlerçe ýyllyk pähim-paýhasymyz, milli tejribämiz Gahryman Arkadagymyzyň parasatynda aýlanýar. Adamzadyň iň gowy maksatlary, parahatçylyk, dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk, ösüş baradaky arzuw-umytlary Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer hem adalatly syýasaty bilen röwşen tapýar.
Ýüreklere tolgunyş berýän pursatlarda halkymyzyň çuňňur ynanjy bilen şeýle diýmekçi: 
“Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip at alan nurana ýylymyz adyna mynasyp, düşümli ýyl bolar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhy özgertmelerimiziň üstünlikli dowam etdiriljek, Watanymyzyň şöhratynyň arşa göteriljek ýyly bolar. 
Parasatly milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Ýyllara nur çaýýan, asyrlara şamçyrag bolýan beýik işleri mundan beýlägem rowaç bolsun!
Akmyrat HOJANYÝAZ.
“Türkmenistan”.