Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okuwçynyň Täze ýyl arzuwyny hasyl etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş watandaşlarymyz baradaky yzygiderli aladalary netijesinde, Türkmenistan bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrüldi. Bu ýerde ösüp gelýän nesliň arzuwlary hasyl bolýar. Munuň özi Täze ýyl baýramynyň ýetip gelýän şu günlerinde has äşgär ýüze çykýar. Şunda çagalar Aýazbaba arzuwly hatlaryny ýollap, olaryň hasyl bolmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Ine, Täze ýylyň öňüsyrasynda Aýazbaba çagalara täsinlik getirmek, olaryň arzuwlaryny hasyl etmek üçin körpeleriň öýlerine barýar.
Paýtagtymyzdaky 64-nji orta mekdebiň okuwçysy Ibraýym Rüstemow köp sanly bagtyýar çagalaryň biridir. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda onuň arzuwy hasyl boldy. Irden Rüstemowlaryň maşgalasynyň ýaşaýan öýüne arzyly myhmanlar — Aýazbaba hem-de onuň agtygy Garpamyk geldiler.
Ibraýym olary uly şatlyk bilen garşylady, çünki ol täsin myhmanlara arzuwly hatyny ibereni bäri garaşýardy. Ol bu barada ýurdumyzyň Baş arçasynyň öňünde geçirilen dabara mahalynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gürrüň beripdi. Oglanjyk döwlet Baştutanymyzyň onuň Aýazbaba ýollan hatynyň mazmuny barada gyzyklanandygyny buýsanç bilen habar berdi. Şol hatda ol ýurdumyzyň hormatly Prezidenti bilen surata düşmek hem-de täze welosipedi sowgat almak mümkinçiligi barada haýyş edipdi.
Mälim bolşy ýaly, oglanjygyň arzuwynyň birinjisi düýn hasyl boldy. Şonda ol Baş arçanyň öňündäki dabaranyň barşynda milli Liderimiz bilen surata düşdi. Şol gün döwlet Baştutanymyz oglanjygyň eden arzuwlarynyň ählisiniň hasyl boljakdygyny aýtdy, çünki Türkmenistan çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdudyr.
Ine, bu gün bolsa Aýazbaba Ibraýymyň arzuwyny amala aşyryp, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan täze, ak reňkli welosipedi gowşurdy. Oglanjygyň bu pursatda begenjiniň çägi bolmady. Ol sowgady uly hoşallyk duýgusy bilen kabul etdi.
Ibraýym hut ak reňkli welosiped barada arzuw edendigi barada aýdyp, ak reňkiň iň ýagty we päk duýgulary alamatlandyrýandygyny, tüýs ýürekden edilen arzuwlaryň bolsa hökmany suratda hasyl bolýandygyny belledi. Oglanjyk milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Onuň ene-atasy hem hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Ibraýym Rüstemow sowgadyna buýsanyp, özüniň täzeje welosipedini synap görmegi ýüregine düwdi we ýola düşdi.
Bagtyýar çagalaryň şadyýan gülküleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, ata Watanymyzyň şu gününe we ertirine bolan ynamymyzyň aýdyň subutnamasydyr. Çagalaryň şadyýan sesleriniň täze, 2022-nji ýylyň — ýurdumyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçjek we täze uly üstünliklere beslenjek ýylyň öňüsyrasynda ýaňlanmagy guwandyryjydyr.
“Döwlet adam üçindir!” diýen şygary bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň, hakykatdan-da, bagtyýar çagalaryň mekany hasaplanylýandygyny bellemek gerek.
Eziz Diýarymyzyň durmuşynyň her bir güni ajaýyp wakalara baýdyr. Şol wakalar bolsa döwletimiziň hem-de onuň Lideriniň eneler we çagalar barada ýadawsyz alada edýändigine, ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn, ruhy taýdan baý, aň-paýhasly neslini terbiýeläp ýetişdirmek meselelerine ägirt uly üns berýändigine şaýatlyk edýär. Ata Watanymyzda iň arzyly arzuwlar hasyl bolýar, belent maksatlar myrat tapýar. Ýurdumyzda çagalar baradaky alada hemişe biziň üns merkezimizde bolar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalara mähirli, hoşniýetli garamagyň ajaýyp göreldesini görkezip, her ýyl körpe türkmenistanlylary ýetip gelýän Täze ýyl bilen hut özi tüýs ýürekden gutlaýar, baýramçylyk dabaralaryna gatnaşýar hem-de olara sowgatlary gowşurýar. Däp bolşy ýaly, hemmeleriň söýýän baýramçylygynyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyzyň adyndan Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara sowgatlar gowşurylýar. Milli Liderimiz olar barada aýratyn atalyk aladasyny edýär.
Döwlet tarapyndan alada edilmegi, baýramçylygy şatlykly geçirmek üçin ajaýyp şertleriň döredilmegi netijesinde, ýurdumyzda Aýazbaba çagalaryň her birine jadyly haltasyndan sowgat gowşurýar. Hormatly Prezidentimiz diňe bilelikde çagalara şatlyk paýlap biljekdigimize we olaryň arzuwlaryny hasyl etjekdigimize berk ynanýar. Şeýle aladanyň netijesinde çagalar özlerini goragly hem-de jemgyýetimize gerekli ynsanlar hökmünde duýýarlar. Çagalaryň ertirki güni biziň hut olar baradaky aladamyza, körpeleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hakyndaky tagallalarymyza baglydyr.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynda adam baradaky alada möhüm orun degişlidir. Diýarymyzda çagalar, olaryň saglygy hem-de hemmetaraplaýyn ösüşi hakyndaky alada aýratyn ähmiýete eýedir.
Tutuş Türkmenistanda döwrebap, kämil enjamlar, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary hem-de internete birikdirilen ulgamlar bilen üpjün edilen mekdep ýaşyna çenli edaralaryň, mekdepleriň, çagalar we ýetginjekler üçin estetiki, döredijilik merkezleriniň, sport toplumlarynyň hem-de dynç alyş merkezleriniň giň gerimde gurlandygyny we gurulýandygyny bellemek gerek.
Her ýyl ýurdumyzyň iň gowy etraby ugrundaky bäsleşik geçirilende, sebitler tarapyndan durmuş maksatly taslamalaryň, ilkinji nobatda bolsa, Diýarymyzyň iň alysdaky künjeklerinde çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen desgalaryň gurluşygy bilen bagly taslamalaryň amala aşyrylyşy nazara alynýar.
Türkmenistanyň birinji synp okuwçylarynyň ählisi her ýyl milli Liderimizden iň döwrebap kompýuterleri sowgat alýarlar. Olar eýýäm okuwyň birinji ýylynda özleriniň elektron kömekçileri bilen işlemegiň tärlerini özleşdirýärler.
Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ýerleşen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň sany hem ýylsaýyn artýar. Şol merkezleriň ählisi çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegi babatda uly meşhurlyga eýe boldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş türkmenistanlylara döredijilik bilen meşgullanmak, sportuň dürli görnüşlerinde ýokary netijeleri gazanmak üçin ähli mümkinçilikler we şertler bar. Häzirki wagtda olar diňe bir milli ders bäsleşiklerinde we ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara derejeli abraýly olimpiadalarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana mynasyp wekilçilik edip, ata Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende galdyrýarlar. Döwletimizde ýaş watandaşlarymyzyň hyzmatlaryna hem-de gazanýan üstünliklerine mynasyp baha berilýär.
Bularyň ählisi ösüp gelýän nesliň bagtyýar durmuşy hem-de olary Watana çäksiz söýgi ruhunda terbiýelemek baradaky aladanyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nobatdaky gezek tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiziň adyndan Aýazbabanyň elinden Täze ýyl arzuwynyň hasyl bolan sowgadyny alyp, ýaş kalby hoşallyk duýgusyna beslenip, welosipediniň çarhlaryny dogumly aýlamak bilen, barha bat alýan Ibraýym Rüstemowyň hereketlerinde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda arzuwlaryň amala aşýan, maksatlaryň myrat tapýan döwrüne — bagtyýar zamanamyza guwanç hem-de bedew batly okgunly öňe barýan Diýarymyzyň ösüşlerine goşant goşmaga egsilmez hyjuw duýuldy.
(TDH).