Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen täze ýyla ýokary zähmet üstünlikleri, durnukly we uly ösüşler bilen gadam basylýar
Türkmenistan häzirki zaman dünýä bileleşiginde öz mynasyp ornuny üpjün etmek, durmuş-ykdysady ulgamda gazanylýan üstünlikleri berkitmek babatda paýhasly we öňdengörüjilikli ýoldan ynamly öňe barýar. Şonuň üçin golaýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip yglan edilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Munuň özi halkymyzyň milli Liderimize çäksiz hormaty, buýsanjy we ynamy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, bagtyýar durmuş, abadan ýaşaýyş, röwşen geljek barada dynuwsyz alada edýän Arkadag Prezidentimize bimöçber hoşallygyň hem alamatydyr, özboluşly ýüze çykmasydyr. Şu günki beýik ösüşleriň geljegimize şugla saçmagy göwünleri ganatlandyrýar.
Ösüş hiç wagt tarp ýerde öz-özünden döreýän hadysa däl, oňa içerki we daşarky oňyn täsirlerden başga-da, durnukly binýat, daýanç sütüni, geljegiň gözýetimini salgy berýän çelgi gerek. Üstesine, giň möçberli işler, uly taslamalar we maksatlar, umuman aýdanyňda, ýurduň labyry bir ýa-da iki adamyň gerdeninde göterjek ýükünden has agyrdyr. Munuň üçin halky bir agza bakdyrmaga, bir maksada gulluk etdirmäge, başlangyçlary işjeň durmuşa geçirmäge, täze taryhy tapgyrda syýasy-ykdysady ýörelgeleriň esasy ugurlaryny anyk we dürs kesgitlemäge ukyply bir şahsyýetiň, syýasy ýolbaşçynyň gerekdigi öz-özünden düşnüklidir. Hatda Özgerişlik, Magaryf, Galkynyş diýlip atlandyrylan soňky asyrlaryň eýýamlarynyň hem çäkli adamlaryň tutanýerliligi, zähmeti, paýhasy, zehini, durmuşy özgertmäge bolan çensiz-çaksyz hyjuwy bilen dörändigi köre hasadyr.
Diňe maksada okgunly we bilimli adamlar her bir işe döredijilikli çemeleşýärler we öz wezipesini talabalaýyk ýerine ýetirýärler, islendik meseläni batyrgaý, mertlik bilen çözüp bilýärler. «Siz bilen alyp barýan işlerimiziň ajaýyp netijesini ýurdumyzyň her bir raýaty öz durmuş şertlerinde duýmalydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz aýdýar.
Mälim bolşy ýaly, sazda üç sütün bar: ritm, heň we sazlaşyk. Bu esaslaryň biriniň asgyn geldigi, sazdan nam-nyşan galmaýar. Häzir Türkmenistanyň hem özüne çekiji we ynamdar hyzmatdaşa, uzak möhletli maýa goýumlary goýmak üçin amatly we geljegi uly bolan ýurda öwrülmegine, esasan, şu üç şert mümkinçilik berýär: olaryň birinjisi — syýasy durnuklylyk, ikinjisi — durmuş goraglylygy, üçünjisi — kanuny kepillik. Bu görkezijiler ykdysadyýetiň depginli ösüşini üpjün etmäge aýgytlaýjy şertler bolup hyzmat edýär. Munuň şeýledigini «Fitch Ratings» halkara agentligi hem tassyklaýar. Ol ykdysady ösüş boýunça Türkmenistana «B+durnukly» derejäni berdi.
Biler bolsaňyz, bu meşhur amerikan agentligi «Standart & Poor’s» we «Moody’s» iri halkara derejelendirme agentlikleri bilen birlikde dünýäde «Uly üçlügi» emele getirýär. «BMG-niň Adamzat ösüşiniň indekslerine we görkezijilerine», Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna laýyklykda hem Türkmenistan ilatyň girdejisiniň derejesi boýunça ortaça görkezijilerden ýokarda bolan ýurtlaryň hataryna çykdy.
Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde ykdysadyýete goýlan maýa goýumlaryň möçberi 200 milliard amerikan dollaryndan hem köp. Onuň 15 göterime golaýy daşary ýurt maýa goýumlarydyr. Munuň özi Türkmenistanda geosyýasy mümkinçilikleriň, tebigy we adam serişdeleriniň, soňky ýyllarda toplanan tejribäniň saýhally we döredijilikli peýdalanylýandygyny tassyklaýar.
Häzir ýurdumyzda gurulýan 2,5 müňden gowrak desganyň umumy bahasy ykdysadyýetimiziň kuwwatyny görkezýär, onuň umumy bahasy 36 milliard amerikan dollaryna golaýdyr. Bu desgalar, esasan, önümçilik we durmuş-medeni maksatlydyr. Aslynda, Türkmenistan, sözüň doly manysynda, durmuş ulgamy birsyhly ösýän ýurtdur. Sebäbi her ýyl Döwlet býujetiniň 70 göteriminden gowragy durmuş hajatlaryna gönükdirilýär.
Birbada göräýmäge, Türkmenistan bu ösüşleri örän ýeňillik bilen gazanýan ýaly bolup dur. Ýöne üstünlige, ösüşe çenli barýan ýoluň her bir ädimi ykbal çözüji, onda-da tutuş halkyň ykbalyny çözüji ädim bolýandygyny nazara alsak, onda bu düşünje maksada okgunly we jebis hereket, durmuş we jemgyýetçilik işjeňligi, döredijilikli çemeleşme bilen gurşalan uly wagt giňişligine öwrüler. Bu durmuş-ykdysady ösüş Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň, täze belent sepgitlerden ruhlanýan halkyň janaýamazakly zähmetiniň we agzybirliginiň netijesidir.
Ösüşleri birsydyrgyn dowam etmekde we pugtalandyrmakda hem gürrüň bar. Şonuň üçin Garaşsyzlyk hakynda, ony berkitmek, ösüşde täze belentlikleri gazanmak hakynda gürrüň gozgalanda, halkyň taryhyny we ykbalyny diňe paýhasly, batyr, öňdengörüji adamlaryň döredýändigini ýene bir gezek nygtamak isledik. Möwritini geçiren zatlaryň garşysyna göreş bolmasa, öňe gitmek mümkin däl. Bir duran ýeriňde durmak — aýagyňa badak salmakdyr. Öňe ymtylyş bolsa ösmekdir, özgermekdir, aýak tesmezlikdir.
Esasy zat — biz dogry ýola düşdük. Häzir ýurtda alnyp barylýan giň gerimli işler halkyň ertirki gün amala aşyrjak beýik işleriniň heniz diňe başlangyjydyr. Dünýäde dowam edýän ykdysady çökgünlik döwründe-de soňky her ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň durnukly bolmagy biziň maksatlarymyzyň kagyz ýüzünde galman, eýsem, anyk işlere öwrülýändigini görkezýär. Şonuň üçin durmuşyň gyzgalaňlygy, jemgyýetiň işjeňligi artdy, halk özüni beýik taryhy işe gatnaşyjy, öz bagtyny gurujy hökmünde duýdy, öz zähmetiniň rähnedini gördi.
Jemgyýetçilik eýeçiliginden hususy eýeçilige geçmekde her bir döwletiň öz tejribesi we ýoly bar. Bu taryhy tötänlik däl-de, taryhy zerurlyk hökmünde ýüze çykýar. Bu işde howul-haralyga ýol berilmeýär, ol kimdir biriniň göreldesine ýa-da maslahatyna eýerilip geçirilmeýär. Türkmenistan bu geçiş döwründe başda ownuk, soňra iri kärhanalary hususylaşdyrmagy, ahyrynda-da ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny paýdarlar we hojalyk jemgyýetlerine öwürmegi maksat edindi. Geçiş döwründe, ýagny jemgyýetçilik, döwlet, durmuş-ykdysady gurluşlaryň üýtgeýän we çalyşýan döwründe bu çözgüt dogry bolup çykdy. Ýurdumyzyň hususy ulgamynda gazanylýan häzirki ösüşler entek Garaşsyzlyk ýyllarynda hiç wagt gazanylan däldir. Döwlet tarapyndan telekeçilere berilýän ählitaraplaýyn goldawyň netijesinde olaryň ykdysady ösüşe goşýan goşandy barha artýar. Häzirki wagtda döwlete dahylsyz ulgamyň jemi içerki önümdäki paýy 70 göterime ýetdi. Hususy ulgamyň senagat pudagynda eýeleýän orny görnetin ýokarlanýar.
Adamlaryň aňyny ösen bazar ykdysadyýetine taýýarlamak işinde ýurdumyzyň strategiýasyna düşünmek kyn däl. Türkmenistan jemgyýetdäki ähli pikirleri we meýilleri içgin öwrenip, özgerişlikleri halkyň bähbitlerine zyýan ýetirmezden amala aşyrmaga çalyşýar. Emeli zatlara, durmuş sarsgynlaryna getirip biläýjek ýörelgelere garşy durýar. Sebäbi hiç zady hiç kimiň boýnuna zorluk bilen atyp bolmaýar. Bu barybir şowsuz tamamlanýar.
Netijede, ýurtda düýbünden täze we döwrebap pudaklar döredi. Häzir Türkmenistany ägirt uly gurluşyk meýdançasyna deňeýärler. Gurlan-u-gurulýan binalary we desgalary sanap, olaryň soňuna çykmak çetin. Ýöne pikirlerimiziň logiki dowamy hökmünde şulary aýtmagy göwnejaý gördük: şu ýyl 30 desgany açmak meýilleşdirilen bolsa, oňa derek 73 desga ulanylmaga berildi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň meselelerine aýratyn uly üns berilýär. Hususan-da, döredilýän täze etraplary we öň bar bolan obadyr şäherçeleri abadanlaşdyrmak işleri doly güýjünde amala aşyrylýar. Bu ýerlerde döwrebap durmuş-medeni we inženerçilik-kommunikasiýa infrastrukturasy döredilýär, ekin meýdanlarynyň ençeme gektary özleşdirilip, bol hasyl ýetişdirilýär.
Birnäçe ýyl mundan ozal Bäherden etrabynyň «Kirpili» daýhan birleşiginde ýaşaýan tanşymyzyň biri kärendesine ýer aldy. Ony öňküler ýaly başlygam, agronomam, brigadirem «işle» diýip işletmedi. Oňa diňe zerur kömegi berdiler, emma azar beren bolmady. Netijede, 4,5 gektar kärende ýerinden guşgursak dänäniň 31 tonnadan gowragyny ýygnap, öňki orta kolhozyň ýygýan gallasyny öz maşgala agzalary bilen ýygdy oturyberdi. Hasyllylyk 60 sentnerden geçýär! Ine, hakyky erkin daýhanyň, özi-de döwlet tarapyndan özi barada çynlakaý alada edilýändigini her ädimde duýýan, iş ýüzünde görýän daýhanyň zähmetiniň we yhlasynyň halal miwesi!
Häzir ýerden bol hasyl alyp, ýyl-ýyldan gurplanýan daýhanlar we mülkdarlar juda köp. Olaryň hem ykdysadyýeti ösdürmekde, azyk bolçulygyny artdyrmakda eýeleýän orny bimöçberdir. «Daýhan baýasa, ýurt hem baýar» diýen aýtgynyň tötänden döremändigi şu ýerde has-da mesaňa görünýär.
Soňky ýyllarda möçberleri boýunça deňi-taýy bolmadyk maýa goýum taslamalarynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylan milli we halkara ulag-logistika, ýangyç-energetika, aragatnaşyk-telekommunikasiýa ulgamlaryna degişli taslamalar hakda gürrüň etmek her näçe ýakymly bolsa-da, olaryň aýratyn mowzuk boýunça giň we çuňňur teswir-syna, özbaşdak makala mynasypdygy düşnüklidir. Durmuşa geçirilýän TOPH gaz taslamasynyň özi «asyryň beýik gurluşyklarynyň» biridir. Ýöne esasy nygtamaly zat, hormatly Prezidentimiziň iňňän adalatly aýdyşy ýaly, bular Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň diňe bir bölegidir.
Dünýäniň abraýly kompaniýalary, iri maliýe-ykdysady merkezleri bize ynanýarlar we ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýärler. Öz gezeginde, Türkmenistan hem daşary ýurtlara diňe gaz bilen nebiti däl, eýsem, başga-da köp zatlary, mysal üçin, ekologiýa taýdan arassa benzini, motor ýaglaryny, şol sanda ýokary hilli azyk, senagat, oba hojalyk we dokma önümlerini teklip edýär. Bu eksport mümkinçiliklerini Türkmenistanda importyň ýerini tutýan önümleri we harytlary öndürmek boýunça üstünlikli geçirilýän maksatnamalaýyn strategiýanyň netijesinde döretmek başartdy. Munuň özi Türkmenistana ykdysady taýdan kuwwatly we durnukly ösýän döwlet hökmünde gepleşikleri deň şertlerde alyp barmaga giň ýol açdy.
Geçilen ýola belentlikden seretseň, köp zat aýdyň görünýär. Garaşsyz Türkmenistanyň geçen ýeňil bolmadyk, ýöne ägirt uly üstünliklere beslenen 30 ýyllyk şöhratly ýoluna ser salyp, biz, ilkinji nobatda, näme barada oýlanyp bileris?! Ilki bilen garaşsyz döwlet gurmagyň kanunalaýyklyklary, soňra hem durmuşyň millilik, ösüş, berkararlyk, jebislik, döwletlilik babatda düşünjelerimize girizen oňyn düzedişi barada oýlanyp bileris. Indi biziň düşünjelerimiz «Ýurdumyzyň geljeginiň binýady hut şu gün tutulýar» diýen pikiriň joşgunly güýjünden nem alýar. Bu pikiri özleriniň durmuşynyň maksadyna we ömrüniň manysyna öwren ildeşlerimiziň gahrymançylykly zähmeti, synmaz agzybirligi, belent watanperwerligi, röwşen geljege bolan beýik ynamy — bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň täze döwletlilik taglymaty, çuňňur oýlanyşykly täzeçillik syýasaty, maksatlarynyň aýdyňlygy bilen aýrylmaz baglydyr. Täze ýylyň öňüsyrasynda geçilen menzile nazar aýlap, gazanylan üstünliklere guwanmak we buýsanmak bolsa röwşen geljege tarap has ynamly gadam urmaga esas berýär.
Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».