«Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi: haryt bolçulygy, arzanladylan bahalar, baýramçylyk ruhy

Uludan-kiçä hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan baýramlarynyň biri bolan Täze ýyl hem barha golaýlaýar. Bu arzyly baýram mynasybetli hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça 25-nji dekabrdan geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli geçirilýän «Sahawatly söwda» atly çäräniň çäklerinde paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde guralýan arzanladyşly baýramçylyk söwdalary ildeşlerimize ajaýyp sowgat bolýar.
Şu günler gözel paýtagtymyzyň baýramçylyk satuwlary guralýan söwda merkezleriniň mähellesi juda kän. Olaryň arasynda iň gelim-gidimlileriniň biri-de açylanyndan bäri ildeşlerimiziň, aýratyn-da, ýaşlaryň uly söýgüsini gazanan «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezidir. Bu döwrebap söwda-dynç alyş merkezine baranyňda, binanyň içine girmänkäň, eýýämden seni baýramçylyk ruhy gurşap alýar. Ajaýyp bezegleri, köp dürli öwüşginleri bilen daş-töwerekdäki gözelliklerden saýlanyp duran Täze ýyl arçasy, onuň ýanynda ýadygärlik surata düşýän adamlaryň bagtyýarlygy, baýramçylyk aýdymlary ýaňlanýan kiçijek ulaglaryny dolandyrýan çagajyklaryň gülki sesleri... şatlygyňa şatlyk goşýar. Merkeziň içine girersiňem welin, eýýäm girelgede, ondan soňra her bir gatda ýerleşdirilen ýazgyly bildirişler hem-de ýörite taýýarlanan wideoşekilleriň görkezilmegi bu ýere gelen alyjylary arzanladyşly söwdalaryň geçirilýän dükanlary bilen tanyşdyrýar.
Söwda-dynç alyş merkeziniň 1-nji gatynda ýerleşýän «Kämil marketiň» satuw nokatlarynda dürli harytlar üçin 20%-e, ýerli önümler üçin bolsa hatda 70 %-e çenli arzanladyşlaryň yglan edilmegi uly höwes bilen Täze ýyl söwdalaryny edýän alyjylary has-da begendirýär. Bu gatda çagalar üçin egin-eşiklerdir aýakgaplaryň, oýunjaklaryň, erkek adamlaryň hem-de zenanlaryň egin-eşikleriniň, ýantorbalaryň, ýuwujy serişdeleriň, mekdep harytlarynyň arzanladyşly söwdalary guralýar. Uly adamlaryň egin-eşikleri binanyň 2-nji gatyndaky dükanlarda, çagalar üçin niýetlenen harytlar bolsa 2-3-nji gatlarda arzan bahadan satylýar. 3-nji gatdaky jemgyýetçilik iýmiti nokatlarynda bolsa arzanladylan hyzmatlar ýerine ýetirilýär. Agzalan dürli görnüşli harytlary binanyň 0-njy gatyndaky dükanlardan hem arzanladylan bahalardan satyn alyp bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy bilen geçirilýän «Sahawatly söwda» çäresinden göwnühoş ildeşlerimiz uly ruhubelentlik bilen söwda edip, baýramçylyk saçaklaryny giňden ýazmaga ykjam taýýarlyk görýärler. Olar bilen gürrüňdeş bolanyňda, şeýle sahawatly, ynsanperwer işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzdan hoşaldyklaryny bada-bat dile getirýärler.
— Ýoldaşym hem-de çagalarymyz bilen gelip, baýramçylyk söwdasyny edýäris. Ýeňillikli bahalar dürli görnüşli harytlardan köpräk satyn almaga bolan islegdir mümkinçiligimizi artdyrýar. Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän bu sahawatly çäreden özümiz hem, çagalarymyz hem örän hoşal. Munuň üçin halkymyzy şeýle abadan, bolelin durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys — diýip, oguljygyna eşik saýlap duran ildeşimiz — Aşgabat şäherindäki 94-nji orta mekdebiň mugallymy Jennet Aýdyýewa buýsanç bilen gürrüň berdi. Söwda-dynç alyş merkezinde paýtagtymyzdaky 119-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi Ogulsuraý Kowusowadyr Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Başlangyç hünär okuw mekdebiniň mugallymy Güljahan Babaýewa hem Arkadagly döwrümizden, abadan durmuşymyzdan hoşaldyklary baradaky buýsançly ýürek sözlerini biziň bilen paýlaşdylar. Arkadagymyza alkyşly sözleri şu günler baýramçylyk söwdasyny edip ýören her bir ildeşimiziň dilinden hem eşitmek mümkin. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde halkymyzyň agzybirliginiň, Gahryman Arkadagymyzyň daşyna jebisliginiň has-da berkeýändigini görkezýär.
Goý, ýetip gelýän täze ýyl rysgal-döwletli, düşümli ýyllaryň biri bolsun! Arkadagly Diýarymyzda hemişe bolçulykly abadan durmuş, parahatçylyk hem bagtyýarlyk höküm sürsün!
Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.