Hormatly ýolagçylar!

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy tarapyndan Täze ýyl baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde jemgyýetçilik awtobuslarynyň şäheriçi ugurlar boýunça 2021-nji ýylyň 31-nji dekabrynda sagat 6:00-dan 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda sagat 2:00-a çenli hyzmat etjekdigini, şeýle hem 2021-nji ýylyň 31-nji dekabrynda we 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda tölegsiz ýolagçy gatnawlarynyň ýola goýuljakdygyny Siziň dykgatyňyza ýetirýär.