“Türkmeniň ak öýünde”

Täze ýyl dabaralary
24-nji dekabrda Mary welaýatynyň aýdym-saz muşdaklary Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda bina edilen «Türkmeniň ak öýi» binasyna ýygnandylar. Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli bu ýerde Täze ýyl baýramçylygyny has-da dabaralandyrmak, onuň şatlyk-şowhunyny artdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, estrada aýdymçylarynyň baýramçylyk çykyşlary badalga aldy.
Ýörite taýýarlanan meýilnama laýyklykda, üç günläp dowam eden aýdym-sazly baýramçylyk dabaralaryny gözel paýtagtymyz Aşgabatdan gelen medeniýet, sungat ussatlary we wäşiler toparlary Mary welaýatyndaky kärdeşleri bilen bilelikde taýýarlan joşgunly aýdym-sazlary, degişme sahnalary bilen bezediler. Çäräniň birinji gününde Türkmenistanyň halk artistleri Zylyha Kakaýewa we Dilber Rahmanowa, zehinli aýdymçylar Gülşirin Öwezmämmedowa, Zulfiýa Jumabaýewa, Batyr Muhammedow öz muşdaklarynyň göwnünden turýan ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirip, alkyşa mynasyp boldular. Halk arasynda Tikgi hem-de Potdyş diýip adygan ussat wäşiler bolsa, öz gezeginde, gülküli sahna oýunlary bilen bu ýere ýygnananlara şatlyk paýladylar.
«Türkmeniň ak öýi» binasynyň şowhunly baýramçylyk çykyşlaryny guramaga niýetlenen giň sahnasy adatdakylardan has gözel keşbe giripdir. Arça tokaýlyklaryny ýada salýan, gözüňi gamaşdyrýan dürli görnüşli yşyklara beslenen Täze ýyl arçalarynyň köpöwüşginli bezegleri ünsüňi çekýär. Sahnanyň bezemen keşbi medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk şatlygyny artdyryp, olara has-da joşgunly çykyş etmäge mümkinçilik berýär. Olar özleriniň mahmal owazlary bilen dürli mowzukdaky aýdymdyr sazlary belent heňde ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp bolýarlar. Sungat ussatlarynyň aýdymlarynda ýurdumyzyň asudalygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, Gahryman Arkadagymyzyň dünýä nusgalyk beýik işleriniň, gyş paslynyň gözellikleriniň, hemmeleriň ýüregine şatlyk paýlaýan Täze ýyl baýramynyň waspy ýetirildi.
Tamamlanyp barýan ýyly mynasyp zähmet üstünliklerine beslän, bagtyýar ildeşlerimiziň şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň adyna aýdýan alkyş sözleri, süýjüden-süýji arzuwlary bu ýerde ýerine ýetirilen şirin aýdym-sazlara ulaşyp, hemmeleriň kalbynda ýakymly duýgulary oýardy. Şatlyk-şowhuna beslenip, ýokary derejede geçirilen baýramçylyk çykyşlaryndan, göwün göteriji aýdym-sazlardan hoşal bolan welaýatyň ýaşaýjylary milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Şamyrat AMADOW.