Türkmenistan “Sputnik Laýt” sanjymyny bellige aldy

Ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ilatyň saglygyny goramak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek, ýokanç keselleriň öňüni almak we olary aradan aýyrmak, şol sanda dünýäde koronawirus ýokanjy boýunça emele gelen ýagdaýlar bilen baglylykda, oňaýly arassaçylyk-epidemiologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik Laýt» sanjymyny bellige aldy hem-de ýurdumyzyň çäklerinde ony ulanmak babatda degişli şahadatnamany berdi.
Türkmenistanyň ozal Russiýanyň “Sputnik V” hem-de “EpiWakKorona” sanjymynyň ulanylmagyny makullan ilkinji ýurtlaryň biri bolandygyny bellemek gerek. “Sputnik Laýt” sanjymynyň bellige alynmagy türkmen lukmanlarynyň ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy hereket etmek babatda Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy wirusologiýa merkezleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlygynyň netijesidir.
Häzirki wagtda koronawirusa garşy Russiýanyň “Sputnik Laýt” sanjymy ýurtlaryň 15-sinden gowragynda bellige alyndy we ýene 30 ýurtda onuň bellige alynmagy bilen baglanyşykly işler dowam edýär.
Russiýanyň Göni maýa goýumlar gaznasynda belleýişleri ýaly, “Sputnik Laýt” sanjymynyň netijeliliginiň görkezijisi 80 göterime ýakyn bolup, iki komponentiň ulanylmagyny talap edýän beýleki sanjymlaryň täsir edijiligini artdyrýar.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän lukmançylyk diplomatiýasy saglygy goraýyş ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam edýär. Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem-de BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda baý tejribe toplady.
“Saglyk” Döwlet maksatnamasyny hem-de beýleki giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda saglyk ulgamynyň häzirki zaman düzümlerini kemala getirmek işleri dowam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, örtükleriň, gorag we zyýansyzlandyryş serişdeleriniň, lukmanlar hem-de degişli işgärler üçin gorag egin-eşikleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Ýurdumyzda sowuklama garşy raýatlara sanjym işleri geçirilýär we bu çäreler dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge berýän uly ünsi netijesinde ilatyň saglygyny goramak boýunça görülýän çäreler oňyn netijelerini berýär.
(TDH).