«Green Metric» halkara reýtinginiň sanawynda

Türkmenistan ylym-bilim kuwwatyny parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga gönükdirip, esasy halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylym merkezleri bilen ylmy, tehniki, innowasion-tehnologik hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Ýurdumyz bilim ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak bilen, halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýaşlara berilýän bilimiň hilini halkara standartlaryň derejesine ýetirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdepleri höweslendirmek çärelerini geçirmek, olary 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak ýaly wezipeleri öňde goýmagy gysga wagtda öz netijelerini berip başlady. Bu ugurdaky tabşyryklary ýerine ýetirmek ugrundaky işler, beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hem yzygiderli durmuşa geçirilýär. Institutda 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu meýilnama laýyklykda yzygiderli geçirilýän işleriň netijesinde 2021-nji ýylyň 2-nji sentýabryndan dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň reýtingini düzýän «Times Higher Education World University Ranking» guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna habarçy-agza hökmünde girizildi, 2021-nji ýylyň dünýä uniwersitetleriniň «AD Scientific Index» ylmy reýting görkezijilerinde hem mynasyp orun eýeledi.
Şu ýylyň 14-nji dekabrynda Jakartada «Green Metric» diýlip atlandyrylýan daşky gurşawyň durnuklylygynyň global reýtingi 2021-nji ýylyň netijelerini yglan etdi. Şu ýyl bu daşky gurşaw reýtingine dünýäniň müňden gowrak uniwersiteti gatnaşdy. Her gatnaşyjy öz ýokary okuw mekdebiniň daşky gurşawda amala aşyrýan işlerini beýan edip, bu maglumatlary degişli kadalaşdyryjy resminamalar bilen tassyklady. «Green Metric» dünýä daşky gurşaw reýtingi Indoneziýa uniwersiteti tarapyndan 2010-njy ýylda işlenip düzüldi we ýokary okuw mekdepleriniň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine goşýan goşandyny bahalandyrýan ilkinji halkara reýting boldy. Häzirki wagtda bu reýting, esasan, adamzadyň durnukly ösüş meseleleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmak wezipesini ýerine ýetirýär we bu meseläni çözmäge gatnaşýan uniwersitetleriň halkara derejä çykmagyna goşant goşýar. «Green Metric» reýtinginiň artýan meşhurlygy we agzalarynyň giň gerimi geljekde onuň daşky gurşaw meselelerini çözmegiň täsirli serişdesine öwrülmeginiň mümkindigini görkezýär.
«UI Green Metric World University Rankings» dünýäniň ýokary okuw mekdeplerini ekologiýa ugurlary boýunça derejeleýän edaradyr. Ol ýokary okuw mekdeplerini 6 ugur, ýagny uniwersitet gurluşy we onuň ekologiýa täsiri; galyndylaryň gaýtadan işlenilişi; ekologiýa bilimi we bu ugurdaky ylmy-barlaglar; suwuň aýawly ulanylyşy; ulag ugry boýunça derejelere bölýär.
Dünýä derejesinde geçirilen bu bäsleşige Indoneziýa Respublikasynyň Bengkulu uniwersiteti, Türkiýe Respublikasyndan Akdeňiz uniwersiteti, Eýran Yslam Respublikasyndan Tarbiat Modares uniwersiteti ýaly, 80 ýurtdan 956 sany abraýly ýokary okuw mekdebi gatnaşdy. Beýleki üstünlik gazanan uniwersitetler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty hem gowy netijeleri gazanmagy başardy. Institut umumy reýting boýunça 6100 utuk gazanyp, 388-nji ýeri eýeledi.
Häzirki wagtda durnukly ösüş meseleleri ähli ýurtlarda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçin bu reýtinge goşulmak ýokary okuw mekdebiniň işiniň dünýä gün tertibine laýyk gelýändigini görkezýär. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň gatnaşan Uniwersitetleriň halkara reýting bäsleşigi bilim edarasynyň halkara giňişlikdäki keşbini emele getirýän möhüm ölçegdir.
Global daşky gurşaw meseleleriniň uly üns berilýän döwründe durnukly jemgyýeti gurmaga ygtybarly goldaw bermäge taýýarlykly «ýaşyl» edaralaryň abraýy artýar. «Green Metric» ýaly başga-da beýleki reýtinglere gatnaşýan ýokary okuw mekdeplerine dünýäniň uniwersitetleri bilen bäsleşmäge, «global kartada» durnuklylygy gazanmaga we abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. «Green Metric» reýtinginiň dünýä statistikasynda abraýly orny eýelemegi Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty üçin ýene bir möhüm ähmiýetli üstünlige öwrüldi. Häzirki wagtda bu üstünlik institutyň dünýä reýtinglerinde gazanan üçünji üstünligidir.
Gahryman Arkadagymyzyň halk bähbitli, döwlet ähmiýetli syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösüşini üpjün edip, onuň uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan ugurlaryny kesgitleýär, ilatymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Öz halkyny abadan hem bagtyýar ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Kakabaý HOJANEPESOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň okuw işleri boýunça prorektory.