Dürden sözüň dünýä şygar, Arkadag!

Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly eserine ýürek joşguny
Hormatly Prezidentimiziň — Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ýurtlarynyň, dünýä halklarynyň parahat ýaşamagynyň aladasyndadygynyň subudyny her bir ädiminde, her bir hereketinde biz görýäs, älem görýär.
Ýer ýüzünde bir adam gowulygy golumyza gowşuryp bilen bolsa, asudalygyň, abadanlygyň, parahatlygyň tarapynda durup bilen bolsa, ol Gahryman, mähriban Arkadagymyzdyr, türkmeniň söwer Ogludyr. Muny men dünýä bakyp, arkaýyn aýdyp bilerin.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylda halkara maslahatlaryň, forumlaryň ençemesiniň geçirilmeginiň özünde ymgyr uly many, ylham ummany bar. Parahatçylyk we ynanyşmak ahyry giň dünýäni saklaýan kökler!
Hormatly Prezidentimiziň dosty dogan eýlän ýoly bu, ýörelgesi bu!
Asyl-ha, mähriban Arkadagymyzyň ýürekden çykan döwletli başlangyjynyň ýüreklere ýetmegi, gyzgyn goldaw tapmagy bilen, BMG-niň kabul eden Kararnamasy esasynda 2021-nji ýyl dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýär. Goý, mydama şeýle bolsun! Türkmen topragynda, giň dünýäde hemişe parahatçylyk, birek-birege ynam höküm sürsün!
Toý-baýramlara sowgat-serpaýly barmak — türkmeniň asyl ýörelgesi, arzyly däbi. Ol biziň aňrymyzda bar. Milli ýörelgelere aýratyn hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz ýakynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasynda halkymyza täze şygryny serpaý ýapdy.
Gyzgyn gursakdan dörän bu şygyr göwünlere gül ekdi. Ol diňe saňa-maňa däl, diňe biziň halkymyza däl, giň dünýä çagyryş bolup ýaňlandy.
Aslynda, şahyr bolup, bir zady anyk aýtmaly. Goşgyny goşgy edýän esasy zat onuň gozgaýan meselesinde. Mähriban Arkadagymyzyň bu goşgusy adamzady tolgundyrýar, ähli döwletleri, halklary, milletleri öz içine alýar. Sebäbi parahatçylyk, ýagty geljegiň hatyrasyna asuda, abadan durmuş — ynsanyýetiň iň belent arzuwy.
Şygry diňlänimde, turuwbaşdan, parahatçylygy iň uly baýlyk hasaplaýan milli Liderimiziň mundan bäş ýyl ozal bize peşgeş beren «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyndaky dürdäne pikirler serimde at çapdy. Ýöne bu goşgynyň özi aýratyn bir kitap. Ol bir däl, müň kitabyň many-mazmunyny özünde jemleýän jöwher eser.
Hormatly Prezidentimiziň şahyr kalbyndan syzylyp çykan şygryň çeperçilik, beýan ediliş aýratynlygy-da başgaça. Söz öwrümi kämil, pikiri — tämiz. Goşgynyň ýazylyşynyň, düzülişiniň özi bir täze usul, täzeçe ýol. Ol geljekde bize ýol-ýörelge bolar, nusga bolar.
Eseri ýazmak bar, edil şonuň ýaly-da, köpçülige, ile-güne ýetirmek bar. Goşgyny däneläp okap bilmegiň, saňa gulak salyp duran märekä ýetirmegiň özi uly ussatlygy talap edýär. Biz eziz Arkadagymyzyň bu babatdaky ussatlygyny öňem gördük, göz ýetirdik. Ýöne şu gezek hem Gahryman Arkadagymyzyň şygry okaýşynyň özi bir dünýä diýsek dogry bolar.
Hormatly Prezidentimiziň bu eseri asyrlara, nesillere serpaýdyr. Ol adamzadyň penasyna, eýýamlaryň senasyna, heňňamlaryň dogasyna öwrüler. Men muňa berk ynanýaryn.
Sözli dünýä ömrümi, bagtymy, barymy baglanymdan soň, başardygymdan saýrap ýöremsoň, bu şygra seslenmän bilmedim. Ol meni öz erkime goýmazam. Şygryň waspyny şygyr bilen ýetireýin. Ýöne onuň mümkin däldigine, çuň pikiri gaýtalap bilmejegime, gürrüňini ederden has inçedigine, ýokarydygyna gözüm ýetýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ylham ummanyndan ruhlanyp, tarypyny şirin sözler bilen ýetirmek şahyra mukaddes borçdur. Ol maňa parzdyr.
Hormatly Prezidentimizi ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen gyzgyn gutlaýaryn. Täze ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy baradaky döwletli başlangyjy ýürek goýup goldaýaryn. Ol — halkyň sesi, halkyň ýürek owazy.
Ömrüň uzak, belent başyň aman bolsun! Galamyň ýitiliginde müňläp-müňläp eserleriňi maňlaýymyza sylmak bize nesip etsin, mähriban Arkadagym!
Akyllydan akyl alan Danasyň,
Pähimdarsyň
                        hemem Asylzadasyň.
Türkmeniň ömürboý küýsän Şasysyň,
Dürden sözüň dünýä şygar,
                                       Arkadag!
Rahatlyga çakylyksyň,
                                   bakylyk,
Oguz handan,
                  Pyragydan päk gylyk.
Aýyň, Günüň bol çogusyň, ýagtylyk,
Pähim-pendiň ýola çyrag,
                                      Arkadag!
Emin tapmaň ýolundasyň dertleriň,
Rehimdarlygyňda mähriban seriň.
Adamzat nesline ýollaýan heňiň,
Süňňünde bahar bar,
                          ýaz bar,
                                     Arkadag!
Ylhamsyň Sen,
                  yhlassyň Sen,
                                    ygrarsyň,
Ykrarsyň Sen — dünýe içre yglansyň.
Göreldesiň,
                ýörelgesiň,
                                   ynsapsyň,
Göwündeşdir Saňa dost-ýar,
                                    Arkadag!
Berilşiňi ak gülleriň reňine,
Uýýandyrys — biz gurbanam sesiňe.
Gorasyn-da,
                    ýeten ýokdur deňiňe,
Çapyp barýan atyň — Byrag,
                                    Arkadag!
Halkyň ykbalyna,
                          Didäm, geleniň,
Ömrüme diýýärin, biraz,
                                   egleniň!
Göroglyň donudyr egne geýeniň,
Dogmuňdan gülledi Diýar,
                                   Arkadag!
Gelendirin Seni dünýe deý saýyp,
Ýetirip bilmerin Özüň deý ýaýyp.
Sözleýşiňi,
                 gözleýşiňi synlaýyp,
Jemläp aýtsam,
                Sen Ýürekýag,
                                   Arkadag!
Gowulyga çagyrmakda ýaşaýyş,
Kuýaşyň nurundan ýitidir ol yş.
Bozup bilmez muny dürli garaýyş,
Seýranyn soraýar gür bag,
                                   Arkadag!
Hiç bir döwre çalyşmaryn eýýamy,
Dünýäni synladýar gülli eýwany.
Ýyllar gören däldir beýle reýhany,
Taryhyň ýazgysy bu çag,
                                   Arkadag!
Gelişiňi,
                gelşigiňi diýsene,
Okaýşyňy,
                   ýetirşiňi diýsene,
Toý gününde başa jygaň geýsene,
Hakyňdan,
                halkyňdan karar,
                                   Arkadag!
Undup bolmaz bu gülşenli günleri,
Pelinde ygşyldan ter sünbülleri.
Bir başa birigen jebis illeri,
Ýaýnamaga Sen ygtyýar,
                                    Arkadag!
Ýaýlalaňda, ýazlaryňda ýaýnaryn,
Watanyň waspyny dünýä aýlaryn.
Baglaryňda bilbil bolup saýraryn,
Hudaý ömür berse biraz,
                                    Arkadag!

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.