Haly — türkmeniň kalby

Hormatly Prezidentimiziň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul edişliginde sözlän sözi, ähli halkymyz bilen birlikde milli halyçylyk sungatynyň ussatlaryny hem diýseň begendirdi. Öňňin, şenbe güni paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýinde geçirilen «Halkyň Arkadagynyň Bitaraplyk syýasaty we türkmeniň nusgawy milli mirasy» atly maslahat hem muny äşgär etdi.
Maslahata ezber halyçylar, hünärmenler, alymlar gatnaşyp, Gahryman Arkadagymyza asyrlardan aşyp gelen milli sungatymyza goýýan belent sarpasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Çykyş edenleriň arasynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň direktory Ogulsapar Çarybaýewa, Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew, halypa halyçy Dursun Gazakowa, Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Aýgül Hommyýewa hem bar.
— Hormatly Prezidentimiz biz — halyçylara döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertleri döredip berýär. Biziň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanamyzda hem halyçylaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikler bar. Men maslahatdaky çykyşymda halydaky nagyşlaryň manysy hakda gürrüň berdim. Bu nagyşlaryň atlary dürli reňkli ýüpler arkaly owadan, sünnäli dokalyşy babatda hem sazlaşýar. Haly “sazlaşyk” diýmegi aňladýar. Türkmen zenanynyň uz barmagyndan dörän nagyşlar olaryň aňladýan manylary ýaly gözel. Ýönekeýje iş gurallary bolan synny, keser, darak bilen şeýle nepis sungat eseriniň döredilişi hakykatdan hem gudrat. Hormatly Prezidentimiz Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul edişligindäki çykyşynda ähli milli gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda halyçylyk sungatyna-da belent baha berdi.
Watandaşlarymyzyň täze ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak hakdaky tekliplerini tüýs ýürekden goldaýarys. Geljekde-de düşegi gülli bahardan, öwüşgini söýgi hem mähirden bolan nepis halylary dokap, halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy begendirjekdigimize ynandyrýarys — diýip, Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň direktory Ogulsapar Çarybaýewa gürrüň berdi.
Dabaraly maslahatda çykyş edenler milli Liderimiziň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul edişliginde sözlän sözünde ene-mamalarymyzyň eline daragyny alyp, “ýa bismilla” diýip, haly dokap başlanlarynda, ilki bilen, “topragy” bitirýändikleri, soňra «äleme» geçilýändigi, onuň bolsa asman bilen Zemin aralygyny, tutuş adamzadyň dünýäsini, parahatçylygy öz içine alýandygy barada aýdanlaryny mysal getirdiler. “Munuň özi hormatly Prezidentimiziň bu nepis sungatyň inçe tilsimlerine çuňňur düşünýändigini subut edýär” diýlip, maslahatda aýratyn nygtaldy.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew öz çykyşynda milli Liderimiziň çuň manyly çykyşynyň özlerini tolgundyrandygyny, türkmen halysynyň gözelligini wasp etmek boýunça yglan edilýän döredijilik bäsleşikleriniň bu sungaty kämilleşdirmekde uly ähmiýetiniň bardygyny belläp:
— Halkymyzda «Sen öz halyňy ýaz, men seniň kimdigiňi aýdyp bereýin» diýen söz bar. Bu gün türkmen halylary bagtyýarlyk döwrümiziň beýany bolup lowurdaýar. Watanymyza iň ajaýyp baýramlaryň ýene biri — Täze ýyl baýramçylygy ýetip gelýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy halkymyz tarapyndan teklip edilen täze ýylyň düşümli, döwletli, bagtly ýyllaryň biri boljakdygyna pugta ynanýarys. Ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, ähli halkymyzy gutlaýarys. Milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde bimöçber aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun! — diýip, öz hoşallygyny beýan etdi.
«Halkyň Arkadagynyň Bitaraplyk syýasaty we türkmeniň nusgawy milli mirasy» atly maslahatyň çäklerinde el işleriniň sergisi hem guraldy. Haly, keçe, tara ýaly milli sungatymyzyň nepislikleri sergä ajaýyp öwüşgin çaýdy. Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowanyň, aýdymçy Çynar Jumaýewanyň, «Serpaý» döredijilik toparynyň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren belent heňli aýdymlarynda hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň, bagtyýarlyk döwrümiziň, milli halyçylyk sungatymyzyň waspy ýetirildi.
Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.