Külli ynsanyň hakyna...

Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly goşgusy — parahatçylygyň senasy
Sanlyja gün ozal ýurdumyzda, asyl-ha, dünýäde Halkara Bitaraplyk güni giňden baýram edildi. Şanly senäniň giň gerimli wakalary bir hakykaty — Türkmenistanyň garaşsyz ösüşiň 30, hemişelik Bitaraplygyň 26 ýyly içinde deňli-derejeli, medetli-mertebeli, sözi diňlenilýän, orny oňlanylýan kuwwatly döwlete öwrülendigini ýene bir gezek tassyklady. Ösüşiň täze gözýetimlerini açdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň:
— 10-njy dekabrda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň öňünde goýan aýdyň wezipeleri...
— 11-nji dekabrda paýtagtymyzda geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatda çykyş edip, öňe süren başlangyçlary... Halkara gatnaşyklaryň “Dialog — parahatçylygyň kepili” atlandyrylan täze filosofiýasy...
— 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul edişliginde sözlän sözi... “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly täze goşgusy...
Bularyň her biri özbaşyna uly söhbet. Döwürleriň söhbedi.
Bular biri-biriniň üstüni ýetirip, haýryň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň belent nusgasyny dünýä ýaýýar.
                                                        * * *
Turuwbaşdan bir zady aýtmaly: Gahryman Arkadagymyzyň döwlet kabul edişliginde sözlän sözi her birimiz üçin watansöýüjiligiň möhüm sapagyna öwrüldi. Biz, adatça, Bitaraplykdan söz açanymyzda, ony dünýä syýasaty, halkara bileleşik, häzirki döwür bilen baglanyşdyrýarys. Asyl, onuň türkmeni türkmen edýän gadymy gymmatlyklarymyz bilen bile biten ýaly bitewülikdigini milli Liderimiz bu çykyşynda sada dilde aýan-aýdyň düşündirdi: “Biz häzirki döwrümiziň nyşanlaryny müňýyllyklary aşyp gelýän milli gymmatlyklarymyz bilen baglanyşdyrýarys. Türkmen Bitaraplygynyň milli köklerini yzarlap, türkmençilik ýol-ýörelgeleri, ilimiz, milletimiz, şöhratly taryhymyz dogrusynda oýlananyňda hem, aýdara zat örän kändir”.
Türkmen ahalteke bedewi bilen pelegiň çarhyna tizlik beripdir. Gözýetimleri açyp, işbu jahana giňlik beripdir.
Bedewler... Menzilleri menzillere, maksatlary myrada gowşuryp, geljege barýan bedewler. Bu behişdi bedewleriň alnyna owalynda alys menzilleri ýakyn etmek ýazylypdyr. Çäklerden-serhetlerden parran geçip, halklary ýakynlaşdyrmak, dünýäniň parahatçylyk, bitewülik aýdymyny çar ýana ýaýmak ýazylypdyr.
Türkmeniň nepis halysy — ýaşaýşyň gözelligi. Baharlara bakylyk beren sungat! Adamyň owal-ahyrky uçmak, ganat ýaýmak arzuwynyň hasyly! Wagtyň geçmegi bilen, ähli zat könelýär. Emma türkmen halysy ulanyldygyça, üstünden ýyl aşdygyça, şonça-da reňkine gelýär, ýüzi açylýar...
Türkmen bu halylaryň üstünde jebis il bolupdyr. Ýurt bir haly, her ynsan ondaky göl hasaplanypdyr. Haly göllerini Oguz hanyň elipbiýi bilen hem baglanyşdyrýarlar. Diýmek, türkmen halysy nesilbaşymyz Oguz handan galan parahatçylyk sungatydyr! Ol Gündogaryň, Günbataryň haý-haýly şa köşklerine, Beýik Gaýtadan döreýiş döwrüniň — Renessansyň meşhur suratkeşleriniň işlerine girip gidipdir. Nepis haly gölleri bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda agzybirligiň, abadançylygyň nyşany bolup parlaýar.
Türkmen alabaýy — edermenligiň, wepadarlygyň nusgasy. Oňa halkymyz öz ajaýyp häsiýetlerini siňdiripdir. Ol — wepadar ýoldaş, öý-ojagyň goragçysy. “Alabaýlaryň edermenligi, wepalylygy barada meniň birnäçe kitaplarymda beýan edildi. Şu ýerde bir edermen alabaýyň birnäçe obany howpdan halas edendigi bilen bagly rowaýatlaryň bardygyny bellemek isleýärin” diýip, milli Liderimiz öz çykyşynda aýtdy.
Ine, şeýle mysallary öz içine alan, çuňňur many-mazmunly söhbetden soň, türkmen Bitaraplygynyň, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli ýolunyň düýp esaslary öz-özünden düşnükli boluberýär.
                                                        * * *
Käte döredijilik duşuşyklarynda “Goşgy näme?” diýip soralaýmasy bar. Ýürekden ýürege ýetýän şygry okanyňda, beýle sowala-da, onuň jogabyna-da zerurlyk galmaýar. “Çyn goşgy ynsan üçin, barlyk üçin, ýaşaýyş üçin nämeler däldir?!” diýesiň gelýär.
Gahryman Arkadagymyz şol günki baýramçylyk dabarasynda “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly goşgusyny okap berdi. Şodur-da-şodur, bu goşgy aňymyzda, kalbymyzda gaýtalanyp-ýaňlanyp dur. Ol birde-hä Magtymguly Pyragynyň: “Ýürek-bagrym kylyp para, //Asudaýy-zaman istär” diýen setirleri, birde bolsa Jygalybegiň: “Emma duran gury agaja // Nähak gan çalyjy bolma!” diýen pendi bolup eşidilýär. “Bir günki dawa kyrk günki rysgyňy giderer” diýen pederleriň, “Derdiňi men götärin, // Sen göter il derdini!” diýip, perzent hüwdüleýän eneleriň ýürek sesi bolup ýaňlanýar. Bu şygyr gazma dutary bilen uly çaknyşygyň öňüni alyp, ýat ilde agasyny halas eýlän Şükür bagşynyň owazyna utgaşýar-da, döwürleriň aýdymyna öwrülip, ruhy dünýäňde ganat açýar...
Täze goşgynyň:
Meniň sözüm — könäň sözi,
Meniň sözüm — täzelik däl —

diýen setirler bilen başlanmagynyň hikmeti, gör, nirelerde! Oňa heňňamlaryň sedasy siňdirilipdir.
                                                        * * *
Dünýä — hereket dünýäsi. Munda öňe gitmek, hemişe hyjuwda-hereketde bolmak möhüm. Täze sepgitlere, täze belentliklere okgunlylyk zerur. Ýöne şunda menziliňi, maksat-matlabyňy seljermek, “ýedi ölçäp, bir kesmek” wajyp. Adamyň öz nebsine, men-menligine özi ýesir düşüp, şol badyna iň möhüm zatlaryň deňinden geçen gezekleri azmydyr taryhda?!
Täze eser tutuş barlygyň, janly-jandaryň, arşda Taňrynyň, külli ynsanyň hakyna aýak çekip, aňly-başly hereket etmegi, bir jebis maşgala deýin agzybir ýaşamagy, dünýäniň diregini — ynamy goramagy ündeýär.
Türkmen Lideri: “Ýaraglaň sesi, sem boluň!” diýip, aýgytly aýdýar.
“Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda bolsa Gahryman Arkadagymyz “Sungatlar söhbetleşýärkä, toplaryň sesi çykmaýar” diýip belläpdi.
Statistiki maglumatlar “ösen dünýä” diýlip atlandyrylýan şindiki çagymyzda-da Zeminde millionlarça adamyň doýa garnynyň doýmaýandygyny, arassa agyz suwunyň, iki milliarddan agdyk adama başlangyç saglyk hyzmatlarynyň, jahan halkynyň dörtden bir bölegine ýönekeý aragatnaşyk hyzmatlarynyň hem elýeterli däldigini, ýaşy bir çene ýetse-de, millionlarça adamyň okamak-ýazmak bagtyndan mahrumdygyny görkezýär. Dünýäde ýylyň-ýylyna üç million çemesi adamyň atmosferanyň hapalanmagyndan döreýän keseller zerarly aradan çykýandygyna biparh garap bolarmy?! Haýp ýeri, haýykdyryjy ýeri bolsa Ýer ýüzünde ýaraglara sarp edilýän harç-harajatlar şu ugurlara gönükdirilende, bu meseleleriň hötdesinden kemsiz gelip boljakdygydyr.
Ine, onsoň, milli Liderimiziň:
Millionlarça ykbala
Gyýa garamak bolmaýar,
Ýowuz daramak bolmaýar!
Soňsuz asmanyň hakyna,
Beýik Zeminiň hakyna,
Saklanalyň, adamlar! —

diýen sözleriniň nähili uly gözýetimleri nazarlaýandygyna aň ýetirmek kyn däldir.
                                                        * * *
Bedeniň yzasyny-ynjysyny, öňi bilen, ýürek duýýar. Durmuşyň müňde bir sowalynyň jogabyny ýürek berip bilýär. Iň möhüm söz, soňky perman — ýüregiňki!
Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi.
Müňlerçe ýyl ozal bolşy ýaly, ol häzirem şeýle. Diňe bir geografik ýerleşişi bilen däl, zamananyň möhüm-müşgil meselelerinde öz sözüni aýdyp, göwnejaý çözgütleri salgy berýändigi, olaryň kabul edilmegini gazanýandygy bilenem bu şeýledir.
Halklar — bir jebis maşgala,
Ýaşasyn parahat durmuş!

Bu söz — türkmeniň sözi. Türkmenistanyň sözi. Diýmek, dünýäniň ýürek sözi!
Şemsi-Töwriziden şeýle pent galan: “Hudaýy söýmegi kim oňarmaz?! Ýaradan gözeldir, kämildir. Işiň müşgili, günäsi-sogaby bilen, Onuň ýaradylmyş bendelerini söýüp bilmekdedir”.
Hawa, adamzat hakdaky alada adam hakdaky aladadan başlanýar. Mundan ençeme ýyl ozal, ýurduň ykbaly, halkyň garamaty ynanylanda, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinen hem-de ony ähli rowaçlyklaryň özenine öwren Gahryman Arkadagymyz bu gün täze eseri bilen “Dünýä adam üçindir!” diýen beýik paýhasy öňe sürýär.
Milletler Bileleşiginde 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegini gazanan hem-de şeýtmek bilen, adamzadyň owal-ahyrky baş gymmatlyklaryna ünsi çeken hormatly Prezidentimiz bu gün nesillere parahat hem abadan geljegi miras galdyrmak paýhasy bilen dünýä ýüzlenýär. Munuň özi diňe bir şygar ýa-da çagyryş bolman, eýsem, süýdüň gaýmagy, dagyň mumyýasy ýaly, döwrümiziň beýik işleriniň, umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan döwletli tutumlarynyň, parahatçylyk dörediji iri taslamalarynyň süňňünden-özeninden syzylyp çykýan hakykatdyr.
Dünýäde ýaragy güýçlüler däl-de,
Ýüregi güýçlüler rüstemdir, rüstem.
Sygyp Arkadagyň ägirt ýüregne,
Tämiz niýet bilen ýol geçýär türkmen.

Ynha, nazarynda külli jahanyň
Ýaşyl Tug deý beýge galýar gül Diýar!
Gahryman Arkadag ýüzlenýär dünýä,
Dünýä Türkmen Liderini goldaýar!
Dünýä Türkmen Liderini oňlaýar!

Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.