Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Kabul ediş merkezinde geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 26 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan döwlet syýasatyny halkymyzyň bagtyýar durmuşyny berkitmegiň möhüm binýady hökmünde kesgitledi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Milletler Bileleşigi tarapyndan esaslandyrylan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýan giň gerimli çäreler taryhy ähmiýetli wakalara beslendi.
Halkara derejeli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülen ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän ýurdumyzyň Kabul ediş merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabara guraldy. Oňa Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagy bu ýerde geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäräniň ähmiýetini artdyrdy.
Milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän we halkara ähmiýetli senä bagyşlanyp geçirilýän dabara ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri gatnaşdylar.
Bu ýerde guralan dabaraly çärä gatnaşyjylaryň hemmesi dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagy, halkara hyzmatdaşlyk, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselä möhüm üns berýän milli Liderimizi mähirli garşyladylar.
Dabarada döwlet Baştutanymyz çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň başynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe toýlarymyzyň toýlara ulaşýandygyny, bu gün bolsa bir supranyň başynda jem bolup, Türkmenistanyň Bitaraplyk toýunyň toýlanýandygyny belledi.
Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi, onuň mähriban Watanymyz, sebitiň ýurtlary we bütin adamzat üçin ähmiýeti barada näçe aýtsaň hem az. Taryha ser salanyňda, dünýäniň köp döwletlerinde parahatçylygyň, asudalygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigi baradaky maglumatlaryň köpdügini bellemek gerek.
Biz häzirki döwrümiziň nyşanlaryny müňýyllyklary aşyp gelýän milli gymmatlyklarymyz bilen baglanyşdyrýarys. Türkmen Bitaraplygynyň milli köklerini yzarlap, türkmençilik ýol-ýörelgeleri, ilimiz, milletimiz, şöhratly taryhymyz dogrusynda oýlananyňda hem aýdara zat örän kändir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat geçirilip, onda geljegiň abadançylygy, ählumumy parahatçylygyň esaslary, türkmen Bitaraplygynyň gazanan tejribesi baradaky garaýyşlar beýan edildi.
Milli Liderimiz taryhda halkymyzyň milli ruhy bitewüliginiň, iň asylly häsiýetleriniň, ýörelgeleriniň, häzirki döwürde dünýä halklarynyň bähbitleri bilen berk baglanyşyklydygyny aýdyp, halkymyza mahsus bolan türkmençilik, ilimiziň milli aýratynlygy, türkmen halkynyň dünýä nusgalyk ýagşy dessurlary, ýörelgeleri döredendigini belledi. Şol bir wagtyň özünde paýhasly halkymyzyň zehininden dörän milli gymmatlyklar dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant bolupdyr.
Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň hatarynda behişdi ahalteke bedewleriniň, ajaýyp, nepis halylaryň, edermen türkmen alabaýlarynyň aýratyn orun eýeleýändigini bellemek gerek.
Milli Liderimiz taryhyň dowamynda we häzirki döwürde halkymyzyň durmuşynda ahalteke bedewlerine möhüm ornuň degişlidigini belläp, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşy gymmatlygy hasaplanylýan ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzüniň iň gadymy atlarynyň biridigini, olaryň milli mirasymyzdygyny, köňül buýsanjymyzdygyny belledi.
Ýeri gelende aýtsak, boş wagtlary çeper döredijilik bilen meşgullanýan milli Liderimiz “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” ýaly ajaýyp eserleriniň üsti bilen türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýän ýelden ýüwrük bedewler barada taryhy we çuň manyly maglumatlary, ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklaryny beýan etdi.
Ahalteke bedewleri owadanlygy, gylyk-häsiýeti, düşbüligi we ýyndamlygy bilen giňden bellidir. Şu ýerde bir zady aýratyn bellemek isleýärin, ol hem ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary çylşyrymly hem-de örän täsirli çykyşlary bilen dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän abraýly bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeledi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň buýsanjyna we dünýä ýurtlarynyň atşynaslarynyň çuňňur söýgüsine mynasyp bolan ahalteke bedewleriniň ukybynyň köpugurlydygyny aýratyn belledi.
Halkymyzyň «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen pähimi döretmegi pederlerimiziň bedewlere aýratyn sarpa goýandygyny aňladýar. Biziň milli buýsanjymyz, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň hakyky simwolydyr, onuň parahatçylyga we dünýäniň ähli halklary bilen dostluga ymtylyşynyň şaýadydyr diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu asylly garaýyşlaryň Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynda öz beýanyny tapýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda türkmen Bitaraplygynyň aýratyn orny barada aýdyp, halkymyzyň bedew atyň üstünde asudalygy, abadançylygy, parahatçylygy gorandygyny, ýelden ýüwrük bedewi bilen dünýä ýaýrandygyny we Zemin içre parahatçylygy berkarar etmek ugrunda tagalla edendigini belledi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şu ýylyň noýabr aýynda Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hemmeleri biynjalyk edýän global soraglara seredildi. Bu barada bolsa paýtagtymyzda geçirilen halkara maslahatda aýratyn bellenildi. Umuman, ekologik abadançylyk, tebigata aýawly çemeleşmek, ony gorap saklamak dünýäde wajyp meselä öwrüldi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň bu ugurda jogapkärçiligi duýmak bilen, tebigy baýlyklara, janly-jandarlara örän oýlanyşykly çemeleşýändigini aýdyp, halkymyzyň diňe behişdi bedewine, merdana alabaýyna goýýan sarpasynyň muňa anyk mysal bolup durýandygyny nygtady we bu ugurda alnyp barylýan işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini nygtady.
Global ekologiýa, dünýäniň haýwanat dünýäsi barada aýdylanda, biziň ýurdumyzda bu ugurda ägirt uly işleriň bitirilýändigini bellemelidiris. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy başarypdyr.
Pederlerimiziň döreden milli gymmatlyklary, aýratyn-da, edermen türkmen alabaýlary tebigatyň özboluşly aýratynlygy bilen sazlaşykda kemala gelipdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Alabaýlaryň edermenligi, wepalylygy barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda anyk maglumatlar beýan edilýär. Milli Liderimiziň ajaýyp eserinde bir edermen alabaýyň birnäçe obany howpdan halas edendigi bilen bagly rowaýatlaryň bardygy hemmelere mälimdir.
Türkmen alabaýlarynyň ýetişdirilişi hem özboluşly sungatdyr. Türkmen halky ýetişdiren jandarlaryna-da özüniň paýhasyny, häsiýetini, tebigylygyny siňdirýär. Şeýle terbiýesi bolansoň, türkmen alabaýy her bir kişiniň niýetini bilýär. Eger gowy niýet bilen gelse, diňe gözi bilen garşylap, ony ugradýar. Eger göwnünde azajyk-da bolsa ýaramaz niýet bolaýsa, onda ol topulmakdanam, ýarmakdanam gaýdanok diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Ylalaşyklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynsanperwerlik, wepadarlyk, edermenlik ýaly häsiýetler ata-babalarymyzdan biziň damarlarymyza, süňňümize, aňyýetimize ornan häsiýetlerdir.
Hormatly Prezidentimiz şunuň ýaly asylly ýörelgeleriň türkmen Bitaraplygynyň özenini düzýändigini, onuň düýp manysynyň bolsa asudalygy, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekden ybaratdygyny belläp, Bitaraplyk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň ýurdumyzda, sebitde we bütin dünýäde giňden wagyz edilmegine zerur ähmiýet berilýändigini nygtady.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara bileleşik tarapyndan doly goldanylmagy we dünýäniň abraýly halkara guramasy — Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegi tutuş asyryň, diňe türkmen dünýäsiniň däl, häzirki zaman adamzat dünýäsiniň hem örän uly we möhüm wakasy boldy. Adamzadyň durmuşyny we ýurtlaryň gatnaşygyny guramakda, dogry alyp gitmekde täzelik getiren waka boldy. Güneşli ýurduň mähriban adamlarynyň nurana kalbynyň ýylysy bolup dünýä doldy diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň milletiň erkana we özerkli ýaşaýşynyň kepilidigini belläp, onuň bürgüt hem-de laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzeşdigini, erkana guşlaryň öz goşa ganatlaryna daýanýandyklaryny, edil şonuň ýaly, Garaşsyzlyk bilen Bitaraplygyň hem türkmen döwletliliginiň goşa ganatydygyny aýratyn nygtady.
Nepis halylar barada aýdanymyzda-da, ene-mamalarymyz bu halylarymyzy sünnäläp dokapdyrlar. Ol örän inçe sungat bolup, halyçylyk däpleri asyrlaryň dowamynda döwürleri we nesilleri baglanyşdyryp, gelin-gyzlarymyzyň yhlasy netijesinde biziň günlerimize gelip ýetipdir we bu sungat häzirki döwürde döwrebap derejede kämilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, her halyda, iň bir kiçijek halyda hem millionlap çitim bar. Has takygy, halynyň bir inedördül metrinde ýarym milliondan gowrak çitim ýerleşýär. Türkmen gelin-gyzlary dünýäde meşhurlyk gazanan halylary örän sünnäläp, yhlas bilen dokapdyrlar. Sungat derejesine göterilen halyçylyk hünäri inçe döredijiligiň, zehiniň, irginsiz zähmetiň netijesidir. Taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän nepis türkmen halylary inçeligi, reňkleriniň sazlaşygy we özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanypdyr.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly çuňňur many-mazmuna eýe bolan ajaýyp kitaplarynda nepisligi, inçeligi, ýüpek ýaly ýumşaklygy, dürli öwüşgini, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyz barada giňişleýin gürrüň berýär.
Kitaplarda bellenilişi ýaly, özboluşly türkmen halylarynda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsi jemlenendir. Döwlet nyşanlarymyzda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi bolsa ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyň nyşanydyr, halkymyzyň rowaçlyklara beslenen şu gününe buýsanjynyň, röwşen geljegine ynamynyň alamatydyr.
Milli Liderimiz ene-mamalarymyzyň eline daragyny alyp, “ýa bisimilla” diýip, haly dokap başlanlarynda, ilki bilen, “topragy” bitirýändiklerini, soňra bolsa «äleme» geçilýändigini, onuň bolsa asman bilen Zemin aralygyny, tutuş adamzadyň dünýäsini, parahatçylygy öz içine alýandygyny belledi. Şunuň aňyrsynda-da uly many bar. Ol ähli asylly tutumlaryň binýadynyň toprakdan başlanýandygyny aňladýar. Men her bir adamda, onuň milletiniň tapawudy ýok, hökman bir zada yrym etmeli diýlen düşünjäniň däl-de, onuň göwnünde ynam bardygyna ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň hala salýan nobatdaky nagşyny “aşyjak” diýip atlandyrýandyklaryny, onuň aňyrsynda bolsa ýagşy niýetiň, ynam-umydyň bardygyny, munuň maşgalada oglanjygyň, geljekki gerçek ýigidiň dünýä inmeginiň arzuwydygyny belledi.
Milli Liderimiz Oguz han atamyzdan başlap, geçmişde meşhur türkmen akyldarlarynyň, syýasatşynaslarynyň, nusgawy şahyrlaryň öz iş alyp baran ugurlary boýunça taryhda öçmejek yz goýandyklaryny belläp, Baýram han, Abdyrahym han-hanan, Jelaleddin Türkmen ýaly köp gerçekleriň milletiň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşandyklaryny aýratyn nygtady. Olaryň bitiren beýik işlerine buýsanylýar, ýaş nesiller olaryň watançylyk ruhunda terbiýelenilýär.
Türkmeniň taryhynda Alp Arslan, Görogly beg ýaly edermen şahslar, Magtymguly Pyragy, Mämmetweli Kemine, Gurbandurdy Zelili, Seýitnazar Seýdi ýaly ajaýyp söz ussatlary halkymyzyň agzybirligi, ýurduň berkararlygy ugrunda akyl-paýhasyň, gaýduwsyzlygyň we çeper sözüň üsti bilen göreşipdirler. Olar halka hyzmat etmegiň, Watana wepalylygyň ajaýyp nusgasyny görkezipdirler diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň uly dabaralara beslenjekdigini, ony bilelikde giňden bellemegiň, nusgawy şahyryň hormatyna uly toý tutmagyň meýilleşdirilendigini nygtady.
Milli Liderimiz Magtymguly Pyragynyň öz döwründe aýdan pelsepe sözleriniň, arzuwlarynyň häzirki döwürde amala aşyrylýandygyny aýdyp, nusgawy şahyryň:
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň —
diýen arzuwly goşgy setirlerini okady.
Ine, şu gün, biz Magtymguly atamyzyň belläp geçişi ýaly, bir dogan ýaly bir supranyň başynda otyrys. Munuň özi döwletlilikden nyşandyr. Türkmen ilinde «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýen pähim bar. Hemmämiziň bilelikde şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralara gatnaşmagymyz agzybirligiň, parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkarar bolýandygyny görkezýän hakykat dälmi?! — diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli şygryýetiniň nurana eýýamynyň parlak ýyldyzydyr. Akyldar şahyr özüniň ajaýyp goşgy setirleri bilen hoşniýetliligi, parahatçylyk söýüjiligi, açyklygy, kalbynyň giňligi bilen dünýä tanadan türkmen halkynyň edebi sütünleriniň biridir. Şeýle hem milli Liderimiz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyryljakdygyny belledi. Bu sene mynasybetli guraljak ähmiýetli çäreler beýik şahyryň ýürege ýakyn şygryýetine, nesiller üçin durmuş ýörelgesine öwrülen ajaýyp eserlerine goýulýan hormatyň nyşany bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň BMG, asla ähli ýurtlar tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip ykrar edilendigini, biziň hem öz gezegimizde bu ýyly “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edendigimizi belläp, jemlenip barýan ýylda Halkara Bitaraplyk gününiň uly dabaralara beslenýändigini aýtdy.
Milli Liderimiz her bir adamyň şanly senäni mynasyp garşylamak maksady bilen, oňa özboluşly sowgatly gelýändigini aýdyp, özüniň hem bu baýramçylyga bagyşlap täze goşgy ýazandygyny, ony “Ýaşasyn parahat durmuş!” diýip atlandyrandygyny belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz hemmeleri ýene bir gezek Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, olara berk jan saglyk, rowaçlyk, maşgala abadançylygyny hem-de Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Bu ýerde guralan dabara Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berilmeginiň 26 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli taýýarlanan baýramçylyk konserti bilen dowam etdi.
Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary özleriniň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalanmagynda möhüm ähmiýeti bolan ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini hem-de Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işleri wasp etdiler.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasy dünýäniň abadançylygyna, parahatçylygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejede hem-de birek-birege hormat goýmak esasynda guralmagyna gönükdirilen ýörelgeleriň berkarar bolmagyny şertlendirdi.
Gözel paýtagtymyzda “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” ady bilen geçirilen halkara maslahatyň dowamynda kabul edilen çözgütler, gol çekilen resminamalar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň sebit we ählumumy möçberde parahatçylygyň, asudalygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Şanly sene mynasybetli guralýan dabaralaryň aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşmagy türkmen halkynyň döreden asylly ýörelgeleriniň häzirki döwürde rowaçlyklara beslenýändigini aňladýar. Taryhyň dowamynda dünýä ähmiýetli milli gymmatlyklary döreden halkymyz toý-dabaralary ýatda galyjy pursatlara beslemegi özboluşly ýörelgä öwürdi. Munuň özi ýurdumyzda giňden bellenilýän toý-baýramlarda has aýdyňlygy bilen beýan edilýär.
Sungat ussatlarynyň çykyşlary Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralan dabaranyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyryp, halkymyzyň milli Liderimiziň baştutanlygynda bagtyýar durmuşy gurýandygyny, şöhratly pederlerimiziň nurana arzuwlarynyň amala aşýandygyny görkezen pursatlar boldy. Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlar dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Munuň özi sungat ussatlarynyň ajaýyp zehinlerine berlen ýokary bahadyr.
Baýramçylyk konsertiniň dowamynda abraýly halkara guramalaryň ýanynda Türkmenistana wekilçilik edýänler, daşary ýurtly ilçiler hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we döredijilik işgärleri çykyş edip, baýramçylyk konsertine gatnaşyjylary we tutuş türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny has-da dabaralandyrmaga, howpsuzlygyň, durnuklylygyň hem-de ösüşiň binýadyny pugtalandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.
Aýdym-sazly çykyşlaryň dabara gatnaşyjylaryň gutlag sözleri bilen utgaşmagy bu ýerde guralan baýramçylyk konsertiniň ähmiýetini we derejesini has-da artdyrdy. Mälim bolşy ýaly, özygtyýarly Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde giňden bellenilýär.
Häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty dünýäniň islendik gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek, ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda howpsuzlygy üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri esasy ugur edinýär.
Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça Türkmenistanyň amala aşyrýan işleriniň rowaçlyklara beslenmeginde ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyna wajyp ornuň degişlidigini bellemek gerek. Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň, ähmiýetli eserleriniň we özboluşly senetleriniň halkara derejede ykrar edilmegi olaryň tutuş adamzat üçin gymmatlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Ajaýyp binada guralan baýramçylyk konsertinde hut şu ýörelgeleriň öz beýanyny tapmagy ýurdumyzda şanly seneleriň hormatyna geçirilýän dabaralaryň özboluşly mazmuna eýedigini hem-de ýatda galyjy, şatlykly pursatlara beslenýändigini aňladýar.
Baýramçylyk konsertiniň dowamynda döwlet işinden boş wagtlary çeper döredijilik bilen meşgullanýan Arkadag Prezidentimiziň döreden aýdymynyň ýaňlanmagy bu ýerde guralan dabaranyň ähmiýetini artdyrdy. Milli sungat eserleriniň naýbaşylarynyň birine öwrülen bu aýdym baýramçylyk konsertine gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Bu ýerde guralan aýdym-sazly çykyşlar, aýratyn-da, “Dünýä dursun parahat!” atly aýdymy dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň türkmen dilinde ýerine ýetirmegi Türkmenistanyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş baradaky ajaýyp başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Soňra “Mertebäňiz dünýä dolsun, Arkadag!” atly joşgunly aýdym ýaňlandy. Ol baýramçylyk konsertiniň jemini jemledi. Dabara gatnaşyjylaryň hemmesiniň goşulmagynda ýerine ýetirilen bu aýdym bagtyýar zamana, döredijilikli zähmet hem-de amatly ýaşaýyş ugrunda tagalla edýän Arkadag Prezidentimize halkymyzyň adyndan aýdylan hoşallyk sözleri hökmünde kabul edildi.
Baýramçylyk konserti tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri ýurdumyzda giňden dabaralandyrylan bu ajaýyp sene bilen ýene-de bir gezek gutlady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasaty dünýä ösüşiniň häzirki zaman mümkinçiliklerini, şol bir wagtyň özünde milli we umumadamzat bähbitlerini esasy ugur edinýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň gelýän myhmana “Gelen — döwlet” diýip ýüzlenýändigini, şeýle hem türkmen ilinde “Myhman — ataňdan uly” diýen paýhasly jümläniň bardygyny, şeýlelikde, myhmanlaryň ornunyň tördedigini belläp, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara işjeň gatnaşýandyklary üçin halkara guramalaryň wekillerine, daşary ýurtlaryň ilçilerine minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň durmuş-ykdysady ösüşiniň, abadançylygyň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň mizemez binýadydygyny belläp, soňky ýyllarda ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň oňyn netije berýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag sözüniň ahyrynda hemmelere rowaçlyk arzuw edip, tutuş halkymyzy ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen hem gutlady we bu ýerden ugrady.