Abadançylygyň ak ýoly

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden bitaraplyk ýörelgelerini öňe sürüp başlady. Bu bolsa Watanymyzyň dünýäde durnukly ykdysady ösüşi gazanýan, düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýän ýurt hökmünde giňden tanalmagyna getirdi. Bitaraplyk parahatçylyk, asudalyk, ählumumy howpsuzlyk, dostlukly gatnaşyklar, ykdysady hyzmatdaşlykdyr. Bu halkara hukuk derejesi Türkmenistana beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyna eýerip, netijeli daşary syýasat ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirýär, özüniň parahatçylykly ýörelgelerini bütin adamzadyň bähbidine goýmaga çalyşýar. Munuň netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy barha beýgelýär. Üstünlikli durmuşa geçirilýän parasatly içeri hem-de daşary syýasatyň netijesinde bu gün Türkmenistan dünýäniň syýasy giňişliginde güýçli depginler bilen ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşyjy, ynamdar hyzmatdaşlaryň hatarynda giňden tanalýar.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji we 75-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri BMG bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegidir.
Milli Liderimiziň üstünlikli alyp barýan syýasy strategik ugry bilen Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz güýçli depginler bilen innowasion esaslarda ösdürilýär, ykdysady kuwwaty yzygiderli artdyrylýar. Bu bolsa goňşy we alyslardaky döwletler bilen ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda, himiýa senagatynda we beýleki ugurlarda iri taslamalary amala aşyrmaga örän oňat mümkinçilikleri döredýär.
Hemişelik Bitaraplygy BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistan dünýäde ylalaşygy pugtalandyrmak, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek babatda uly tagallalary edýär. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan çykan «Bitarap Türkmenistan», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaplarynyň ähmiýeti uludyr.
Bitaraplyk türkmen döwletiniň berkararlyk sütünleriniň biridir. Bitarap we ylalaşdyryjy merkez hökmünde Türkmenistanyň bitiren hyzmatlary onuň halkara abraýynyň has-da beýgelmegine getirdi. Türkmen Bitaraplygy öz gözbaşyny gadymdan — Oguz han atamyzyň döwründen alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz goňşy ýurtlar, ähli halklar bilen agzybir, oňşukly, parahat ýaşamaga çalşypdyrlar. Beýleki milletleriň medeniýetlerini, däp-dessurlaryny hormatlapdyrlar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara ähmiýetini doly ykrar edip, 71-nji mejlisinde — 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul etdi. Bu çözgüt daş-töweregi bilen elmydama parahatçylykda, birek-biregi goldap ýaşamagy, hemmeler bilen ak ýürekli, ynsanperwer gatnaşyk açmagy maksat edinen ata-babalarymyzyň arzuwlarynyň Ýer ýüzünde wysal tapmasydyr.
Bu baýramçylygyň şanyna köp sanly halkara ähmiýetli çäreler guralýar. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalary tarapyndan halkara hukugyň we diplomatiýanyň berk ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplyk ýörelgelerini pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary dünýä ýaýmak maksatly çäreler toplumy geçirilýär.
Häzirki zaman dünýäsinde Türkmenistanyň parahatçylyk we hoşniýetli Bitaraplyk syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde oňyn seslenmä eýe bolýar. Hut şonuň üçin-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk — bularyň ählisi bitarap daşary syýasat derejesine eýe Garaşsyz döwletiň Baştutany hökmünde çykyş eden türkmen Lideriniň öňe süren taglymatynda öz beýanyny tapdy.
Garaşsyz we hemişelik Bitarap Watanymyzyň taryhy tejribesini, bütin dünýäde, sebitde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda doganlyk gatnaşyklary ösdürmekde ýetilen sepgitleri öwrenmek biz, ýaşlaryň öňünde esasy maksatlaryň hatarynda durýar. Biz döwletimiziň gazananlaryny ylmy esasda öwrenmek, hünär taýýarlygymyzy artdyrmak, bu üstünlikleri ylmy esasda dünýä ýaýmakda döredilýän mümkinçilikler üçin milli Liderimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Gurbanmuhammet BABAÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.