Sahawatly işler dowamat-dowam

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşi, jemgyýetdäki agzybirlik we parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlar bu günki günde taryhy çözgütleriň halkyň ykbalyna edýän kesgitli täsirlerinden habar berýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty hemişe parahatçylyga hem hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ymtylýan türkmen halkynyň milli däpleriniň döwrebap ýüze çykmasy boldy. Parahatçylyk ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, agzybirlige sarpa goýmak, birek-birege ýardam bermek biziň döwletli ýörelgelerimizden gözbaş alýar. “Agzybir syrgynyň tamdyry bir”, “Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr” ýaly nakyllarymyz hem türkmen halkynyň hemişe agzybir, birek-birek bilen oňşukly, sylaşykly ýaşamalydygy hakyndaky düşünjäni gursagynda göterip gelendigine şaýatlyk edýär.
Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, baş maksady dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek bolan BMG-niň başlangyçlaryna işjeň goşulyşýar. Goňşy döwlet bolan Owganystana berýän yzygiderli ynsanperwerlik kömekleri halkymyzyň goňşy we beýleki döwletler bilen has-da ysnyşykly gatnaşykda bolmagyny kepillendirdi. Halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze nusgasyny kemala getirmek bilen, XXI asyrda häzirki zaman dünýäsiniň möhüm meselelerine täzeçe çemeleşmek ýörelgesini ugur edinen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş sebitiň, şeýle hem dünýä döwletleriniň durnukly ösüşine gönükdirilendir. Parahatçylyk we durnuklylyk ýagdaýynda döwletiň öz ykdysady ösüşini üpjün etmek mümkinçiliginiň ýokary bolýandygyny bu günki gün Türkmenistanyň tejribesi bütin dünýä äşgär edýär.
Bilşimiz ýaly, 10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz halkymyzyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek hakyndaky Buýruga gol çekdi. Bu Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän taryhy ýylyň buýsandyryjy wakalarynyň biri boldy.
Halkymyzda “Her bir sahawatly işiň müň bir sogaby bardyr” diýilýär. Esasan-da, pederlerimiziň iň naýbaşy adamkärçilik pentleriniň we däpleriniň biri bolan ejizi goldamakda, mätäje hemaýat etmekde döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan işleri bimöçberdir, nusgalykdyr. Bu babatda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça hem-de degişli Kararyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi halkymyzda uly buýsanç döretdi. Ýakynda bu Haýyr-sahawat gaznasy mätäç çagalaryň saglygyny bejermek üçin serişde goýberdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenilýän çagalaryň operasiýa bejergisi, lukmançylyk maksatly degişli serişdeler üçin töleglerini Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna tölemek barada degişli resminama gol çekdi. Şoňa laýyklykda, mätäç çagalaryň operasiýa bejergilerini üçin Haýyr-sahawat gaznasyndan bölünip berlen serişdäniň hasabyna paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, şeýle-de Mary we Lebap welaýatlarynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezlerinde howandarlyga mätäç çagalara operasiýa bejergileri geçirildi. Munuň özi döwletimiziň guwanjy bolan çagalaryň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösüp ýetişmekleri üçin edilýän bimöçber aladalardan nyşandyr.
Ata-babalarymyzyň birek-birege hormat goýmak, özara kömek bermek ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Gözel ÖWEZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.