Toýly günleriň ýaraşygy

Şu günler Halkara Bitaraplyk gününiň egsilmez ýakymy bilen gurşalan mähriban Watanymyzyň paýtagtynyň nurana keşbinde toý ruhuny duýmak bolýar.
Mahmal howasy melhem bolup kükrege dolýan, nurana keşbi hemişe toý zynatyna beslenen ak mermerli Aşgabady bu lybasda görmek has-da ýakymly. Gözellikde dünýä nusgalyk paýtagtymyzyň haýsy künjegine ser salsaň, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygynyň toý gutlaglary bilen birlikde, barha ýakynlaşýan Täze ýylyň öwüşginleri ýalkym saçyp görünýär.
Baş şäherimiziň tämizligine, gözelligine, rahatlygyna jogapkär edara-kärhanalaryň hünärmenleriniň şu günlerde hysyrdysy has-da artýar. Halkymyzyň gözellige teşne kalbyny ganatlandyrmak bilen, olar öz işlerinden çäksiz lezzet alýarlar.
Ýaşamak üçin dünýädäki iň amatly şäherleriň hataryna goşulan Aşgabat gözellik döredýän ildeşlerimiziň tutanýerli zähmeti bilen ýylyň ähli döwründe gül-gunçalara beslenýär. Paýtagtymyzda köçeleriň, her bir desganyň, binanyň abatlygyna, arassalygyna aýratyn üns berilýär. Bu asylly işlerde Aşgabat şäher arassalaýyş, abadanlaşdyryş birleşiginiň, şeýle hem Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň suw çüwdürimlerini, seýilgähleri ulanmak we hyzmat etmek trestiniň işçi-hünärmenleriniň mynasyp paýy bar. Olar baş şäherimiziň her bir daban ýerine yhlaslaryny siňdirip, Aşgabadyň gül keşbine juwanlyk çaýýarlar. Paýtagtymyzyň dynç alyş seýilgähleri, şaýollarydyr köçeleriniň ugry, toý meýdançalary olaryň tutanýerli zähmeti bilen gyşa çydamly, möwsümleýin ekilýän güllere beslenýär. Ak şäherimizi bezeýän kaşaň desgalaryň her biriniň arassaçylygynyň, abatlygynyň, gözelliginiň goralyp saklanmagyny üpjün etmekde-de uly işler bitirilýär.
Aşgabadyň agşamlaryny, nurly gijelerini synlamak has-da ýakymly. Ak mermer şäherimiziň ösen tehnologiýalara esaslanýan döwrebap yşyklandyryş ulgamy özboluşly gözellik döredýär. Alnyp barylýan şeýle yhlasly we jogapkärçilikli işleri synlap, bu ugurda gijesini gündiz edip zähmet çekýän ildeşlerimize «Elleriňize güller bitsin, mähribanlar!» diýip ýüzlenesiň gelýär. Toý lybasyndaky paýtagtymyzyň gül keşbinde mähir-yhlaslary, gujur-gaýratlary bilen birlikde olaryň ýürek mähri hem nur saçýar.
Bilşimiz ýaly, 12-nji dekabrda — Halkara Bitaraplyk gününde Aşgabat şäherinde «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu maslahat Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýyly dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda kabul edilen Kararnamanyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň jemini jemlär. Ak mermerli paýtagtymyz bu halkara maslahata gatnaşýanlarda halkymyzyň myhmansöýerligi, arassa we owadan şäher hökmünde ýakymly ýatlamalary galdyrar.
Hawa, ak şäherimiz Aşgabadyň döwrebap şaýollarydyr köçeleriniň ugrunda toý gutlaglaryny halkymyza ýetirip duran elektron tablolar we eziz Diýarymyzyň Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramyny alamatlandyrýan ençeme beýleki toý bezegleri golaýlaşyp gelýän Täze ýylyň gözleri gamaşdyrýan öwüşginleri bilen utgaşyp, her birimizde göwün göteriji ýakymly duýgulary döredýär.
Aýnabat DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».