Keşdeçilik sungaty — gymmatly miras

Düýn ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde el işleriniň sergisi hem guraldy.
Maslahatyň dowamynda türkmen milli keşdeçilik sungatyny dünýä derejesinde ösdürmek bilen bagly çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenleriň hatarynda Türkmenistanyň Gahrymany, halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň Gahrymany, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowa, telekeçi zenan Orazgül Eýeberdiýewa hem bar.
Halkymyzda sünnälenip edilen iş hakynda «Edil keşde çeken ýaly» diýen jümle ulanylýar. Diňe şunuň özi-de keşdeçilik sungatynyň näderejede inçe hem nepisdigini, gelin-gyzlardan uly ussatlygy talap edýändigini görkezýär. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa maslahatda eden çykyşynda bu barada, ine, şeýle diýdi:
— Häzirki wagtda «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» atly hödürnama ÝUNESKO-nyň Sekretariatyna tabşyryldy. Şu boýunça geljek, 2022-nji ýylda degişli çözgüdiň kabul edilmegine garaşylýar. Elbetde, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmeniň keşdeçilik sungatynyň geljekde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu senediň dünýä halklarynyň medeniýetiniň bir bölegine öwrülmegini üpjün eder. Munuň özi halkara medeni gatnaşyklaryň has-da berkemegine hem ýol açar.
— Keşdeçilik sungatymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täzeden gülleýär. Türkmen tebigatynyň bahar paslyndaky görküne çalym edýän bu milli senet zenanlarymyzyň asylly häsiýetlerini, zehinini görkezýär. Şu ýylyň 18-nji maýynda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň sünnäläp bejeren kürtesiniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylmagy hemmämizi tolgundyran ajaýyp wakalaryň biri boldy. Biziň ählimiz üçin görelde bolan mährem enäniň bejeren kürtesi türkmen zenanlary üçin nusgalykdyr, oňa Ogulabat ejäniň näzik ýüreginiň owadan dünýä söýgüsi, egsilmez mähri siňdirilipdir.
Biziň «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa toparymyz şol bir wagtda milli keşdeçilik sungatynyň özboluşly wagyzçylary bolup hem çykyş edýär. Dünýä döwletlerinde çykyş edenimizde, milli lybaslarymyzdaky keşdelerimiz hemmeleri haýrana goýýar. Şeýle ajaýyp senedi has-da ösdürmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys — diýip, görnükli sungat ussady Jemal Saparowa öz çykyşynda belledi.
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy Gurbangözel Amanmyradowa, öz gezeginde, keşdeçiligi heniz ýaş gyzjagaz wagtyndan özüne kesp edinendigini, ony ejesinden, ýeňňelerinden öwrenendigini, indi bolsa öz gyzlaryna, gelinlerine öwredýändigini gürrüň berdi. Keşdeçi zenanyň nygtaýşy ýaly, keşde sungaty — köňül ýaýlasy. Türkmen zenanlaryna mahsus bolan näziklik, mähirlilik, gözellik, asyllylyk ýaly häsiýetleriň ählisi bu sungatda-da jemlenen. Ony zenan kürtelerinde, tahýalarda, milli lybaslarymyzda ýakyndan synlamak bolýar. El işleriniň zynaty mähirdir. Şonuň üçin olar ýyllar geçse-de, könelmän, gaýta, barha lowurdap şöhle saçýar.
Maslahatda çykyş edenleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ene-mamalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, wagyz etmek we ýaş nesillere ýetirmek ugrunda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini buýsanç bilen nygtap, hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda bu maslahat bilen adybir bäsleşik hem yglan edildi. Onuň etrap, Aşgabat şäher, welaýat tapgyrlaryny geljek ýylyň ýanwar-fewral, jemleýji tapgyryny bolsa mart aýynda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.