GOWAGA SIŇEN TARYH

«Ýekegowak» ýurdumyzyň günortasynda, Tagtabazar şäherçesini gallap oturan Garabil belentliginiň gap böwründe ýerleşýär. Gowagyň näbelli ussalar tarapyndan 1500 — 2000 ýyl mundan ozal gurlandygy hakynda çaklamalar bar. Aşakdan synlanyňda, gowagy saýgarmak kyn. Bu bolsa onuň ýaşaýyş howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen gurlandygyny görkezýär. 
Gowagyň girelgesi uçut gaýada ýerleşýär. Şol döwürler oňa diňe ýa-ha aşakdan dik merdiwanlar bilen ýa-da ýokardan ýüpden sallanyp baryp bolupdyr. Bu sebitde şeýle gowaklaryň 200-e golaýynyň bardygy çaklanylýar. Häzirki wagtda olaryň 20-den gowragy hasaba alnypdyr.
Internet habarlaryndan görnüşi ýaly, Beýik Britaniýanyň goşun kapitany F. de Laesso Garabil belentliginiň bu emeli gowaklaryny gören ilkinji ýewropalydyr. Ol 1885-nji ýylda Londonyň Geografiki Korollyk jemgyýetinde gowaklar barada çykyş edipdir. Soňra bu gowaklar rus harby inženeri we ilçisi P.M.Lessar, yzy bilen bolsa dag-magdan inženeri A.M.Konşin dagynyň ünsüni çekipdir. Bu ýerde ady belli geolog we syýahatçy, akademik W.A.Obruçew hem bolupdyr. Ol 1890-njy ýylda çap edilen «Zakaspiý pesligi» kitabynda Garabil belentligine we bu ýerdäki emeli gowaklara ylmy taýdan ilkinji teswirlemäni ýazýar. 
1955-nji ýylda akademik G.A.Pugaçenkowa sebitdäki gowak toplumlaryny öwrenip, jikme-jik beýan ýazýar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda hem bu sebitdäki gowaklar barada belläp geçýär: «Alymlaryň pikirine görä, gadymy döwürde şu sebitde şeýle gowaklar toplumynyň binagärçiligi örän giňden ýaýrapdyr. Orta asyr аrар geografiýaçysy Kudama Murgabyň obalarynyň biri baradaky ýatlamalarynda şeýle ýazýar: «...Bu kiçi oba, ýaşaýjylaryň öýleri dagasty gowaklarda ýerleşýär».
«Ýekegowak» 1991-nji ýylda «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasy tarapyndan hasaba alynýar. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, gowagyň däliziniň ozalky uzynlygy 46 metr bolup, ol häzirki döwürde 37 metre çenli gysgalypdyr. Gowagyň petigi gümmez görnüşinde gazylypdyr. Onuň içine gireniňde, esasy ünsi çekýän zat diwarlaryň dyrnaçaklanana meňzeýän görnüşidir. Ol sesiň we ýagtylygyň döwülmegi üçin ýörite edilipdir. «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň gözegçisi Ýazmuhammet Jänekow gowagyň diwarlaryny arassalanlarynda, tagmalary ýatladýan dürli şekillere gabat gelendiklerini aýdýar. Gowagyň ini 2,75, beýikligi bolsa 2,25 metr edilipdir. Esasy däliz bilen ýöräniňde, iki gapdalyňda jemi 21 sany hüjre bar. «Ýekegowak» ýadygärligi 2 gatdan ybarat bolup, 45 otagy özünde jemleýär. Olaryň her birinde 3-den 5-e çenli kiçiräk hüjreler ýerleşýär. Olaryň boýy 3 metrden 7 metre çenlidir. 
Otaglarda jemi 11 sany guýy bolup, çuňlugy 4 — 11 metr aralygyndadyr. Guýular 1955-nji ýylda öwrenilip, olaryň azyk önümlerini saklamak üçin niýetlenendigi baradaky çaklamalar orta atylýar. 
«Ýekegowak» 1988-nji ýylda Tagtabazar etrap häkimligi tarapyndan arassalanýar. Häzirki wagtda etrabyň Söýünaly geňeşliginiň çägindäki «Bäşgowak», «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň çägindäki «Dörtgowak» ýaly dürli gowaklar hasaba alyndy. 
Syýahatçylaryň «Ýekegowaga» kynçylyksyz baryp bilmekleri üçin, oňa barýan ýola asfalt düşelip, gowaga çykmak üçin ýörite basgançak gurlupdyr. Gowagyň içi ýörite elektrik çyralary bilen ýagtylandyrylýar. Bu bolsa syýahatçylaryň ony mazaly synlamaklaryna amatly şert döredýär. 
Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan».