TÜRKMEN BITARAPLYGYNYŇ GIŇ MÜMKINÇILIKLERI

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara giňişlikde sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmegi bolsa türkmen Bitaraplygynyň häzirki zaman şertlerindäki ähmiýetiniň örän uludygyny aýdyň görkezýär. Ýene-de sanlyja günden ýurdumyz bu şanly senäni dünýä bileleşigi bilen bilelikde baýram eder. 
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tamamlanyp barýan 2021-nji ýyly dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň mazmunyny taýýarlady hem-de ol gurama agza döwletler tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Dünýä bileleşiginiň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelere ygrarlydygyny tassyklaýan bu Kararnamada parahatçylyga we ynanyşmaga halklaryň arasynda durnukly ösüşi, parahatçylygy, howpsuzlygy, adam hukuklaryny üpjün edýän gymmatlyk hökmünde garamaga çagyryş öz beýanyny tapdy. Tutuş ýylyň dowamynda anyk maksatlary göz öňünde tutýan dürli görnüşli çäreleriň guralmagy ady agzalan resminamada bellenen wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge mümkinçilik berdi. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde eden wideoýazgy çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerindäki çäreleri tamamlamak bilen, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirmegiň meýilleşdirilendigini aýdyp, Milletler Bileleşigine agza döwletleridir halkara guramalary bu çärä işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Bu bolsa, öz gezeginde, parahatçylygy, raýdaşlygy we ylalaşygy berkarar etmek maksady bilen, parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek boýunça tagallalarda syýasy gepleşikleriň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, döwletleriň arasynda özara ynamy berkitmek babatda bilelikde pikir alyşmakda uly ähmiýete eýedir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky taryhy Kararnamasy bilen ykrar edilip, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda guramanyň ähli agza döwletleri tarapyndan ikinji gezek biragyzdan goldanylan Bitaraplyk derejesi geçen çärýek asyrdan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny berkitmegiň we sazlaşykly durmuş-ykdysady ösüşiň kepili bolmak bilen, ýurdumyza halkara gatnaşyklary milli bähbitlere laýyklykda amala aşyrmagyň netijeli ýoluny saýlap almaga mümkinçilik berdi. Diýarymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde durnuklylygy, netijeli we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň işjeňligini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. 
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Bitaraplygyň binýatlaýyn esaslary BMG-niň Merkezi Aziýa sebitini parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna, yklymlaýyn durnuklylygyň pugta guralyna öwürmäge gönükdirilen strategik esaslaryna laýyk gelýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan BMG-niň agza döwletlerine, Merkezi Aziýada gepleşikler gurallaryny ösdürmek maksady bilen, «Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak» atly Kararnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak hakyndaky teklip bilen ýüzlendi. Bu täze Kararnamanyň kabul edilmegi şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň Jemleýji resminamasynda göz öňünde tutulan halkara başlangyçlary ilerletmekde netijeli hukuk guraly bolup hyzmat eder. 
Hormatly Prezidentimiziň «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek baradaky teklibi bolsa bu iki sebitde durnuklylygy hem-de abadançylygy pugtalandyrmak meseleleriniň özara aýrylmaz baglanyşyklydygyndan gelip çykýar. Ýewraziýanyň merkezinde, geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly çäkde ýerleşýän Merkezi Aziýa sebiti, uzak geçmişde bolşy ýaly, şu günki günde-de tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlary, adam mümkinçilikleri, Gündogardan Günbatara uzaýan möhüm söwda ýollary bilen tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Hazarýaka sebit hem uglewodorod serişdeleriniň iri tebigy çeşmesi, yklym derejesindäki üstaşyr ulag merkezi hökmünde halkara söwdany giňeltmek üçin geljegi uly giňişlikdir. Şunda Merkezi Aziýanyň we Hazar deňzi sebitiniň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy öňe çykýan esasy ugurlaryň biridir. 
«Ynsanperwerlik ugrundaky meseleler Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biridir» diýmek bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň halkara ynsanperwer ugurly gatnaşyklary giňeltmek üçin ähli tagallalary edýändigini belleýär. Çünki Bitarap Türkmenistanyň içeri syýasatynda bolşy ýaly, daşary syýasy işlerinde-de ynsanperwer gymmatlyklar möhüm orun eýeleýär. Bu, ilkinji nobatda, halkara hukugyň kadalaryny ileri tutmak hem-de adam hukuklaryny goramak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Biziň ýurdumyz halkara ynsanperwer hyzmatdaşlykda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berýär. Çünki bilim hem-de ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni gymmatlyklary wagyz etmek ylmy, bilim we medeni diplomatiýanyň hem möhüm gurallary bolup durýar. 
Belli bolşy ýaly, bilim ulgamynyň edaralarynyň halkara guramalar bilen bilelikde amala aşyrýan taslamalary öňdebaryjy pedagogik tejribeleri bilim bermek işine ornaşdyrmaga amatly mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda has işjeň, netijeli häsiýete eýe bolup, bilelikdäki taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynda», «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynda» kesgitlenen wezipelerdir çärelerden-de aýdyň görmek bolýar.
Çaganyň irki ösüşi bilen bagly milli strategiýanyň dowamy bolan «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» hem BMG-niň Çagalar gaznasynyň we guramanyň beýleki ýöriteleşdirilen agentlikleriniň Türkmenistanda hereket edýän wekilhanalary bilen bilelikde işlenip taýýarlanylyp, onda çagalaryň irki ýaşdan başlap kadaly ösüşini gazanmaga, olaryň mekdebe taýýarlykly barmaklaryny üpjün etmäge, bu babatda ata-eneleriňdir bilim işgärleriniň habarlylygyny we sowatlylygyny ýokarlandyrmaga degişli möhüm wezipeler göz öňünde tutulýar. Şunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralaryny döredip, ýurdumyzdaky orta mekdepleriň birnäçesini bu guramanyň Mekdepler bileleşiginiň düzümine girizmegiň meýilleşdirilendigi aýratyn bellärliklidir. 
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerini goldanmak bilen, diňe bir mähriban halkymyzyň bähbitleri üçin däl-de, eýsem, tutuş Ýer ýüzüniň halklarynyň bähbitleri üçin hem işjeň daşary syýasaty alyp barýar. Beýleki döwletleriň çäk bitewüligini we özygtyýarlylygyny hormatlamak, olaryň içerki işlerine goşulmazlyk, döwletara gatnaşyklarda güýç ulanmazlyk, halkara işlerde Birleşen Milletler Guramasynyň çözgütlerini ileri tutmak, ähli ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmek ýaly binýatlyk ýörelgelerden ugur alýan türkmen Bitaraplygy sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmäge mynasyp goşant goşmak bilen, özüne bildirilen ynamy dolulygyna ödäp gelýär diýip, ynamly aýdyp bileris . 
Baýramgül ORAZDURDYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory, 
hukuk ylymlarynyň kandidaty.