Milli Liderimiziň hoşniýetli syýasaty: durnukly ösüş, parahatçylyk, oňyn hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk hem-de deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýär.
Türkmen halky ýene-de sanlyja günden milli Liderimiziň baştutanlygynda döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny, Halkara Bitaraplyk gününi baýram eder. Türkmenistan üçin Bitaraplyk halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen hukuk ýagdaýy bolmak bilen, parahatçylygy gorap saklamak, her bir döwletiň gazananlaryna, milli gymmatlyklaryna hormat goýmak, birek-birege ynanyşmaga esaslanýan halkara howpsuzlygy üpjün etmek, daşary ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamaga ýardam etmek, adam bähbitlerine gulluk etmek, sebitde we onuň çäklerinden daşarda bar bolan meseleleri çözmek boýunça netijeli gepleşikleri ýola goýmak üçin şertleri döretmek arkaly halkara gatnaşyklara doly derejeli gatnaşmak ýaly ýörelgeleri özünde jemleýär.
Arkadag Prezidentimiziň işjeň, täzeçil syýasaty durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan dünýäde uly abraýa eýe boldy. Bu gün Türkmenistan güýçli depginler bilen ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, asuda, sebit we halkara taslamalara işjeň gatnaşýan ýurt, ynamdar hyzmatdaş hökmünde giňden tanalýar. Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistanda döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip beýan edilendir. Şoňa laýyklykda, bu günki gün ýurdumyz adam gymmatlyklaryna aýratyn hormat bilen garaýan döwlet hökmünde ählumumy ykrarnama eýe boldy.
Türkmenistan özüniň parahatçylyk babatdaky ýörelgelerini adamzadyň bähbidine gönükdirmäge çalşyp, dünýäniň ähli ýurtlary we halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny birek-birege hormat goýmak esasynda alyp barýar. Daşary syýasatda syýasy we ykdysady meýilleriň özenine çuňňur aralaşyp, ählumumy ähmiýete eýe bolan başlangyçlary öňe sürýär, dünýäniň çylşyrymly wakalarynda anyk, dogruçyl garaýşy eýeleýär. Ýurdumyz halkara gatnaşyklarda oňyn Bitaraplyk syýasatyny gyşarnyksyz amala aşyrýar. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň bu babatdaky Kararnamasynyň mazmunyny öz Esasy Kanunynda beýan eden ýeke-täk döwletdir.
«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary berkitmäge we yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz dünýä döwletleri hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň hoşniýetli däplerini netijeli berkidip, dünýäniň ählumumy meseleleri barada täzeçil garaýyşlary öňe sürýär. Soňky ýyllarda Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga ýardam edýän möhüm başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. Energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, daşky gurşawy goramak meselelerini çözmäge, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge degişli şeýle teklipler dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem tamamlanyp barýar. Dünýäde pandemiýa zerarly bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, Türkmenistan 2021-nji ýylda-da köp sanly halkara çärelere gatnaşdy, ýurdumyzda şeýle çäreleriň ençemesi geçirildi, işjeň daşary syýasaty dowam etdirdi. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy, 28-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti üstünlikli geçirildi. Şeýle iri halkara çäreleriň netijesinde döwletlerdir halklaryň ösüşine täze itergi berilýär.
Ýylyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen onlaýn görnüşde duşuşyklary geçirendigini hem bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahaty, BMG-niň senagat meseleleri boýunça forumy, YHG-nyň 14-nji sammiti, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň maslahaty, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ylym we tehnologiýalar boýunça sammiti, Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forum ýaly iri halkara maslahatlaryň işine işjeň gatnaşdy. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda halkara forumlardyr ylmy maslahatlaryň birnäçesi geçirildi. Munuň özi Türkmenistanyň halkara gatnaşyklardaky işjeň hem täsirli ornuny, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyny ýene bir ýola aýdyň görkezýär.
Ýokarda-da belleýşimiz ýaly, şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu sammiti YHG-nyň gününiň bellenilýän gününde türkmen paýtagtynda geçirmek baradaky başlangyjyň milli Liderimize degişli bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Döwlet Baştutanymyz bu teklibi guramanyň şu ýylyň 4-nji martynda Türkiýede sanly ulgam arkaly geçirilen 14-nji sammitinde öňe sürüpdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan YHG-a agza döwletleriň her biri bilen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär, bu bolsa, öz gezeginde, köpugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin amatly şertleri emele getirýär. YHG-nyň sammitine başlyklyk etmek bilen, Türkmenistan bilelikdäki işleriň degişli derejede ilerledilmegi, täze döredijilikli başlangyçlar bilen üstüniň ýetirilmegi üçin ähli tagallalary edýär. Guramada başlyklyk etmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýylyň dowamynda Türkmenistan netijeli işleri amala aşyrdy. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti gurama gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky bilelikdäki maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen tagallalarda täze sahypany açdy.
Aşgabat sammiti Türkmenistan bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, galyberse-de, bu iri sebitara düzüme girýän döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ilerlemeginde, ykdysadyýet, söwda ulgamlaryndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Sammitiň jemleri boýunça Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi. Esasy çäreleriň çäklerinde YHG-a agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi hem-de işewürlik maslahaty geçirildi.
Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar. Häzirki döwürde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy dünýäde ykrar edilen iri we abraýly halkara düzümleriň biri bolup durýar. Geçen ýyllaryň dowamynda oňa agza ýurtlaryň arasynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça dürli ylalaşyklar gazanylyp, degişli çözgütler kabul edildi. YHG-nyň baş wezipesi ykdysady serişdeler arkaly sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekden, parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri döretmekden ybaratdyr. Agza döwletleriň arasynda ykdysady, tehniki, medeni ugurlarda hyzmatdaşlygy ilerletmek, sebitiň dünýä söwdasyndaky ornuny ýokarlandyrmak, agza ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine goşýan goşandyny yzygiderli artdyrmak, sebitde ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmek, olaryň agrar, senagat mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy tagallalary birleşdirmek, daşky gurşawy goramak, medeni gatnaşyklary berkitmek, sebitara we halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek ýaly meseleler hem guramanyň işiniň esasy ugurlaryny emele getirýär.
YHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň teklibi bilen 2021-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 102-nji plenar mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama kabul edildi. Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ykdysadyýetde, söwdada, senagatda, energetikada, ulaglarda we kommunikasiýalarda, medeniýet hem-de ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň toplumlaýyn mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam bermäge strategik wezipe hökmünde garaýar. Şu maksat bilen, Türkmenistan YHG-nyň çäklerinde ykdysady ugurlary döretmegiň üstünde işläp başlamagy teklip edýär. Guramanyň paýtagtymyzda geçirilen 15-nji sammitinde bolsa Gahryman Arkadagymyzyň teklipleri anyk ädimler we başlangyçlar bilen utgaşdy.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlary ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatlaryny amala aşyrmakda, häzirki zaman işlerine olaryň doly bahaly gatnaşmagyny gazanmakda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynyň esasy orun eýelejekdigi äşgärdir. Sebäbi guramanyň giňişligine Ýewraziýada amatly, düşewüntli, ýokary tehnologiýaly ulag-kommunikasiýa merkezleriniň we ugurlarynyň ulgamy hökmünde garalýar. Bu ugurda ýurtlarymyz birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrdy. Kerki— Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň işe girizilmegini, Owganystanda Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň açylmagyny, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.
YHG-nyň giňişliginde energetika ugurlaryny döretmäge, energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermäge möhüm wezipe hökmünde seredilýär. Şunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisini mysal getirmek bolar. Bu taslamanyň gurluşygy häzirki wagtda üstünlikli dowam edýär. Ýurdumyzda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Hususan-da, gürrüň Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, şeýle hem Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgelerini döretmek barada barýar. Şu ýerde transmilli häsiýete eýe bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň hem uly geljeginiň bardygyny bellemek gerek. Geljekde ykdysady işjeňligi has-da güýçlendirmekde bu demir ýol sebitiň ýurtlary üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi barada aýdanymyzda, ol diňe bir gaz geçiriji bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlary birleşdirýän geçelge bolup hem hyzmat eder. Häzirki wagtda möhüm ykdysady we durmuş wezipelerini çözmegiň nukdaýnazaryndan amatly hasaplanylýan TOPH taslamasynyň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Ony taslama gatnaşyjy taraplaryň hoşniýetli syýasy erkiniň birleşmegi nukdaýnazaryndan deňi-taýy bolmadyk desga diýip atlandyrmak bolar. Görnüşi ýaly, bu taslamalar Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýolunyň täze taryhy şertlerde dikeldilmegine giň ýol açyldy we ony ösdürmek boýunça ähli şertler döredildi. Bu gün Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan Türkmenistanda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň esasy şerti bolan ulag infrastrukturasy täze derejelere çykaryldy hem-de bu ulgamy ösdürmek boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda ýol-ulag ulgamy babatda amala aşyrylan taslamalar, bir tarapdan, Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa — Ýuwaş umman sebitleriniň ýurtlaryna, beýleki tarapdan, Ýewropa, Russiýa, GDA sebitiniň döwletleri ýaly, kuwwatly ykdysady merkezlere çykmaga mümkinçilik bermek bilen, möhüm ugurlarda halkara ulag ulgamyna birleşmek mümkinçiligini emele getirdi. Hormatly Prezidentimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde, aýratyn-da, sebit üçin örän derwaýys ähmiýeti bolan ugurlarda uly mümkinçiligiň bardygyna berk ynanmak bilen, onuň netijeli üpjün edilmeginde syýasy, söwda, ykdysady, ulag, energetika, azyk, ekologik howpsuzlyk we häzirki şertlerde bolsa saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär.
Biz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy we öňdengörüjilikli tagallalary netijesinde döwletimiz ösüşiň dünýä nusgalyk ýoly bilen öňe barýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara derejedäki abraýy barha ýokarlanýar. Goý, ýurdumyzy bedew batly ösüşler bilen täze sepgitlere alyp barýan milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Kasymguly BABAÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary.