Gulluk itleri — ynamdar ýoldaş

Häzirki wagtda ýurdumyzda köpeldilýän türkmen alabaýynyň tohumynyň arassalygyna pugta gözegçilik edilýär. Olar şu güne çenli hem çopanlardyr çarwalaryň iň ygtybarly kömekçisidir. Diýarymyzda türkmen alabaýlaryndan başga gulluk üçin niýetlenen itler hem köpeldilýär. Bu iş Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Gulluk itşynaslygy merkezinde giň gerimde amala aşyrylýar.
Gulluk itleri bu merkeziň tejribeli hünärmenleri tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýär, terbiýelenýär. Merkezde olar üçin ýöriteleşdirilen meýdançalar bolup, dürli görnüşli päsgelçilikler, awtoulaglary, neşe serişdelerini gözläp tapmak endiklerini öwretmek üçin zerur enjamlar bilen abzallaşdyrylandyr. Dürli görnüşli päsgelçilikler itleriň bedenini berkitmäge, zerur ýagdaýda gabat gelen päsgelçiliklerden säginmän geçmek endigini öwretmäge niýetlenendir.
Merkeziň hünärmenleri gulluk itleri bilen ilki başlangyç taýýarlyk okuwlaryny geçýärler. Güjükler 7-8 aýlyk bolandan soň, olar ýörite ugurlar boýunça bölünip, okuw tälimleri geçilip başlanýar. Merkezde itlere dört ugur boýunça: yz çalmak, neşe serişdelerini gözläp tapmak, gorag gullugyna degişli we terrorçylyga garşy göreşmek endiklerini öwredýän okuw tälimleri geçirilýär. Olar öwredilenleri diýseň oňat özleşdirýärler we gerekli pursatda, adatça bolşy ýaly, ornuny çalşyp bolmajak kömekçä öwrülýärler.
Tälim geçilende, bu ugurdan tejribesi ýetik işgärlere ýörite geýim-eşik geýdirilýär. Gulluk işleri üçin ýörite niýetlenip gurlan döwrebap itýataklar bolup, olarda gündelik arassaçylyk işleri talabalaýyk geçirilýär. Şeýle hem olar ýokumly iýmitler bilen iýmitlendirilýär, weterinar lukmanlaryň gözegçiliginde saklanýar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli harby bölüminiň ýaş esgerlerine bellenilen möhletiň dowamynda iki tapgyrlaýyn, ýagny ýazky we güýzki möwsümleýin itşynaslyk okuw tälimleri geçirilýär. Soňra olar içeri işler edaralarynyň gulluklaryna niýetlenip tälim berlen itler bilen şol ýere ugradylýar.
Gulluk itşynaslygy merkezinde yzygiderli geçirilýän ýaryşlara welaýatlaryň Polisiýa müdirlikleriniň itşynaslary gatnaşyp, özara tejribe alyşýarlar. Şunlukda, gulluga öňdebaryjy iş usullary ornaşdyrylýar, şeýle hem işgärleriň hünär ussatlygy ýokarlanýar.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyz 2-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň on bir aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde türkmen alabaýlary babatda halkara derejede işleri geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi. Bu bolsa bize merkezimiz tarapyndan alnyp barylýan işleriň has-da netijeli häsiýete eýe bolmagyny gazanmaga mümkinçilik berýär.
Toýly ABDULLAÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory.