Ösüşlere tarap ygtybarly ýol

Taryh — dünýäniň hakykaty. Hakykat bolsa elmydama özüne çekýär. Adamlary ýüz ýyl, müň ýyl mundan öňki ýagdaýlar hemişe gyzyklandyrýar. Geçmişi öwrenmegiň birnäçe ugurlary bar. Arheologiýa, etnografiýa, etimologiýa, antropologiýa we beýleki birnäçe ylmy ugurlarda toplanan maglumatlarda müňýyllyklaryň dowamynda umumadamzat ösüşiniň ýagdaýlary aýnada görlen ýaly aýdyň bolýar. Şol maglumatlar seljerilende adamzat ýaşaýşynyň, dünýäniň jemgyýetçilik durmuşynyň hemişe ösüşde bolandygyny görmek bolýar.
Ösüşler Zeminiň hemme sebitlerinde deň bolmandyr. Adamzat medeniýetiniň irki zamanlaryndaky has ösen merkezleriň yzlary henize çenli düýpli öwrenilýär. Gadymy döwürde we Orta asyrlarda gülläp ösen medeniýetleriň biri-de türkmen topragynda bolupdyr. Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, meşhur taryhçylaryň gadymy ýazgylaryna ser salnan halatynda bütin adamzat taryhynyň dowamynda türkmen halkynyň parahatçylyk, ynsanperwerlik gymmatlyklary esasynda beýik taryh we medeniýet döredendikleri belli bolýar.
Döwlet Garaşsyzlygynyň binýatlaryny mizemez derejede pugta berkitmek babatda halkymyzyň dünýä derejeli beýik taryhynyň aýratyn uly ornunyň bolandygy äşgär hakykatdyr. Milli köklere daýanmak, beýik geçmişimizden ruh almak diňe bir aňyýetiň zerurlygy bolman, eýsem, ol döwlet berkararlygyny syýasy, ykdysady, durmuş-medeni taýdan esaslandyrmagyň, ösdürmegiň we has kämilleşdirmegiň egsilmez çeşmesine öwrüldi. Bu ugurda ýurdumyzda kuwwatly hereket döredi. Taryhy hakykaty, milli mirasy dikeltmek baradaky işlere Gahryman Arkadagymyzyň özi baştutanlyk edip, maglumatlary bir ýere jemlemekde, ylmy taýdan seljermekde, halkyň aňyna ýetirmekde, dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri bitirýär. Bu işleriň maksady diňe bir türkmeniň beýik taryhyny, baý milli mirasyny giň jemgyýetçilige ýaýmakdan, düşündirmekden ybarat bolmandy. Şunda göz öňünde tutulan maksat örän çylşyrymly, töwekgelçiliklerden, oňaýsyz ýüze çykmalardan doly häzirki zaman dünýä ösüşinde halkyň ruhuny, aňyny täze şertlere uýgunlaşdyrmakdan, ýaş nesliň ukyp-başarnygyny okgunly ösüşleriň batly akymyna akylly-başly gönükdirmekden ybaratdyr. Millet hökmünde mertebeliligi duýmak, ata-babalaryň beýikligine buýsanmak diňe daşarky dünýä özüňi tanatmak bilen çäklenmeýär. Munuň özi taryhda öçmejek yz goýan pederlere hormatyň hem buýsanjyň her bir türkmeniň kalbyny mukaddes duýgulara besleýän düşünjedigini aňladýar.
Asyrlaryň dowamynda berkarar döwletli bolmagyň zaryny çeken, türkmen halkynyň kalbynyň joşguny, göwün islegi, baglanan bentleriň böwsülip açylyşy diýen, Garaşsyzlyk döwründe erkana ýurdumyzyň ruhy howasyny täzeledi. Türkmenleriň başyny belent tutup, beýik halkyň wekili hökmünde dünýä çykýan döwri gelip ýetdi. Gahryman Arkadagymyz öz halkynyň buýsanjyny artdyrmak, mertebesini beýgeltmek ugrunda hemme ugurlarda ýadawsyz tagalla edýär. Durmuş-ykdysady ösüşler bilen birlikde, aňyýet kämilligi ugrundaky işlere-de yzygiderli üns berilýär.
Şu ýylyň 6-njy noýabrynda milli Liderimiziň baştutanlygynda paýtagtymyzyň günortasynda, Köpetdagyň baýyrlarynda güýzki bag ekişlik dabarasy geçirildi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň uzaklardan howalanyp görünýän ýadygärliginiň töweregine müňlerçe düýp agaç nahallary ekildi. Şol pursatlarda Pyragynyň çuň manyly, arzuw-umytlardan doly sözleriniň aýdym bolup ýaňlanmagynyň aýratyn üýtgeşik duýgulara beslenendigini bellemelidiris.
Şahyryň sözlerini türkmen ýüzlerçe ýyl bäri diňläp gelýär. Ol sözler türkmen topragynyň hemme künjeklerine ýetip, asyrlarboýy halkyň kalbyny umytlardan doldurypdyr. Magtymguly ýaly akyldar şahyryna, beýik pederlerine ýürekden ynanyp, ajap eýýamyň geljekdigine umyt baglap gelen halkymyzyň kalbynda bu günki beýik döwürde Pyragynyň sözleri bagtyň mukamy bolup belentden belent ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz ösüş-özgerişleriň durnukly ýolunyň başlangyjynyň dünýä derejeli beýik taryhymyzdan, peder ýollaryna buýsanmakdan gözbaş alýandygyny halkymyzyň aňyna ýetirip, örän dogry çözgüt tapdy.
Türkmenistanyň durnukly ösüş ýolunyň geljegine halkymyzyň tüýs ýürekden ynanmagy, bu ýoly goldamagy, döwlet syýasatynyň ýörelgeleriniň durmuşyň, döwrüň aňsat bolmadyk synaglaryndan geçendiginiň äýdyň güwäsidir. Häzirki döwürde iň beýik ideýalaryň hem halkyň aňynda, kalbynda orun almagy üçin olaryň durmuşda anyk işlerde tassyklanmagy zerur. Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn pragmatizme esaslanýan döwlet syýasatynyň artykmaçlygy halkymyza bähbitli anyk işleri ileri tutýanlygyndadyr. Munuň özi milli Liderimiziň döwleti dolandyrmak tejribesiniň üstünlikli aýratynlygydyr.
Häzirki döwürde halkara gatnaşyklarda garaýyşlaryň belli bir derejede özgerýändigi baradaky pikire ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar. Eýsem, bu özgerişler haýsy ugurlarda has äşgär ýüze çykýar? Bu soraga jogaplary belli bir pikirde jemlemek mümkin däl bolsa gerek. Çünki halkara jemgyýetçilik pikirinde bu özgerişler barada gürrüň edilýän hem bolsa, halkara gatnaşyklaryň umumy ykrar edilen kadalary hem-de ýörelgeleri hökmünde hereket edip gelýän düzgünler öňküligine galýar. Milletler bileleşiginde özgertmeleriň zerurlygy baradaky meseläniň ýüze çykmagynyň düýpli sebäpleriniň bardygyny halkara bilermenler yzygiderli beýan edýär. Dünýäniň syýasy gurluşynda-da, ykdysadyýetiň galkynmagynyň sebitler boýunça özgerişinde-de täzeleniş barha äşgär duýulýar.
Dünýäde soňky döwürde ýüze çykýan howanyň üýtgemegi, ekologik howplar, pandemiýa bilen bagly meselelerden başga-da, onlarça ýyllar dowam edip gelýän, çözgüdini tapmak başartmaýan meseleler bar. Terrorçylyk, ekstremizm, neşe söwdasy, bosgunlar, syýasy, harby gapma-garşylyklar ýaly umumadamzat ösüşine oňaýsyz täsir edýän ýagdaýlaryň soňuna çykmak üçin bütin adamzadyň, ähli döwletleriň tagallasynyň halkara derejede bir ugra gönükdirilmeginiň möhümdigini häzirki döwür anyk görkezýär. Halkara hukugyň onlarça ýyl mundan öň döredilen binýadyny döwrüň ýagdaýlaryna görä özgertmek bilen, öňe tarap hereketi sazlaşykly ýola goýmak barada aýdylýanlar-da, Milletler bileleşigini düzümleýin üýtgedip gurmak arkaly dünýä meselelerini çözmekde ähli döwletleriň hukuklaryny üpjün etmek barada öňe sürülýän pikirler-de döwrüň özgerişleri bilen bagly, hakyky ýagdaýlardan gelip çykýan talaplardyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny döwrüň talaplary esasynda ýola goýmaga çalyşýan hormatly Prezidentimiziň halkara derejede öňe sürýän garaýyşlarynyň durmuşa ukyplylygy ýurdumyzy dünýäde her hili oňaýsyz ýüze çykmalardan gorap saklaýar hem-de sebitde we dünýäde hyzmatdaşlygyň çygryny giňeltmäge ýol açýar. Milli Liderimiziň Türkmenistanyň tutýan ýoly hökmünde ählumumy derejede ýüze çykýan meseleleriň çözgüdini tapmaga gönükdirilen başlangyçlar we garaýyşlar bilen çykyş etmegi diňe bir ýurdumyzyň däl-de, sebit ýurtlarynyň bähbitlerine-de hyzmat edýär.
Dünýäde bolup geçýän özgeriş hökmünde sebitleýin hyzmatdaşlygyň has güýçlenýändigini belläp bolar. Muny ählumumy ösüşiň meselelerini halkara derejede, hemmelere bähbitli çözmegiň gitdigiçe kynlaşýanlygy bilen düşündirmek mümkindir. Strategik mümkinçilikleri uly sebitlerde ösüş bilen baglanyşykly çözgütleri tapmagyň iň netijeli ýoly hökmünde sebitleýin hyzmatdaşlygy ileri tutmak meýilleri soňky döwürde has işjeňleşýär. Merkezi Aziýa, Günorta Aziýa, Hazarýaka sebitleri geljegi uly, çalt ösüşler üçin serişdeler mümkinçiligi ýeterlik geoykdysady giňişlikdir. Bu sebitleriň ýurtlarynyň halkara hyzmatdaşlygyň islendik meselesini ylalaşykly çözmäge, gatnaşyklary özara bähbitli ugurlara gönükdirmäge meýilleriniň barha güýçlenýändigini aýdyň ýüze çykarýan ykdysady taslamalary işläp taýýarlaýandygy, amala aşyrýandygy dünýä gatnaşyklarynyň täze merkezleriniň döreýändigine şaýatlyk edýär. Bu ösüş-özgerişlerde Türkmenistanyň amatly orny eýeleýändigini, birinjiden, hemişelik Bitaraplyk syýasaty, ikinjiden, ýurdumyzyň möhüm geografik giňişlikde ýerleşýändigi aýdyň görkezýär. Iň esasy bolsa, hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga we ynanyşmaga gönükdirilen daşary syýasat strategiýasy döwrüň täze şertlerinde amatly, möhüm orun eýelemek maksadyny ilerletmäge ýol açýar.
Türkmenistanyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň çalt depginde ösmäge mümkinçiligi uludyr. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, döwletara gatnaşyklaryň meselelerini çalt çözmek, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny öz wagtynda ýola goýmak zerurlygy ýüze çykýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň ösüş maksatnamalarynda sebitleýin hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn orun berilýär. Şunda gatnaşyklaryň täze görnüşleri ýüze çykýar. Muňa mysal hökmünde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyny, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşini, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitini görkezmek bolar. Olarda gazanylýan oňyn netijeler geljege tarap hereketiň ygtybarlylygyny kepillendirýär. Bu guramalaryň alyp barýan işiniň anyk ugurlarda netijeli bolmagyny gazanmak üçin hormatly Prezidentimiz möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Awazada birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi munuň anyk subutnamasydyr. Forumda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz: «Biziň ählimiz Hazar sebitini ösdürmek, Hazarda halkara hyzmatdaşlygyň geljegini kesgitlemek meseleleri boýunça köpugurly hem-de yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýetine düşünýän pikirdeşlerdiris. Häzirki zaman garaýyşlaryna we ölçeglerine esaslanýan şeýle hyzmatdaşlygyň täze many-mazmuny onlarça ýyllara niýetlenen bilelikdäki döredijilikli işiň berk binýadyny goýmaga ýardam etmekden ybaratdyr» diýip belledi.
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Awazada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynda-da milli Liderimiz sebitleýin hyzmatdaşlygyň häzirki döwürdäki ähmiýetini belläp, şeýle diýdi: «Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl mundan ozal Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklaryny geçirmek pikirini ara alyp maslahatlaşyp, biz ýokary döwlet derejesindäki syýasy gepleşikleriň bu görnüşiniň Merkezi Aziýada döredijilikli işleri kemala getirmek üçin hemişelik hereket edýän meýdança öwrüljekdiginden ugur aldyk. Gürrüň biziň sebitimiziň durmuşynyň has möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamak we kabul etmek barada barýar».
Görşümiz ýaly, sebitiň ýurtlarynyň syýasy, durmuş-ykdysady ösüşlerini ilerletmek meseleleriniň çözgüdi olaryň bilelikdäki tagallalaryna, özara ylalaşygyna köp derejede bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine Türkmenistanyň synçy hökmünde gatnaşmagyny hem sebitleýin hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady meseleleriň derwaýys çözülmegini üpjün etmek maksadynda görýär. Türki geňeşiň döwlet Baştutanlarynyň 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambulda geçirilen VIII sammitine gatnaşmak bilen, hormatly Prezidentimiz bu guramanyň işini anyk ugurlarda işjeňleşdirmek bilen bagly birnäçe teklipleri öňe sürdi.
Türkmenistan häzirki döwürde dünýäniň 134 döwleti bilen ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. 151 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýlan. Şeýle giň gerimli gatnaşyklaryň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulmagy köp jähetler bilen baglanyşyklydyr. Hyzmatdaşlyk etmekde mümkinçiligi uly bolan, dünýäniň ykdysady, maliýe, tehnologik merkezlerine doly derejede çykmak üçin ilki sebit we goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary sazlaşykly guramagyň zerurlygy öz-özünden düşnüklidir. Ýewropa bilen Gündogar Aziýanyň çatrygynda ýerleşýän Merkezi Aziýa, Hazar sebiti, Günorta Aziýa ýurtlarynyň üstaşyr ulag geçelge mümkinçiliklerini ösdürmek, elbetde, bilelikdäki tagallalara baglydyr. Tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe sebit ýurtlarynyň ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy özara bähbitli ýola goýmagy hem ählumumy ösüşde sebitiň ýurtlarynyň öz ornuny pugtalandyrmagynyň ilkinji şertleriniň biridir. Öz önümleri bilen dünýä bazarlaryna çalt çykmagy maksat edinýän sebit ýurtlarynyň bu ugurda hem bilelikde tagalla etmegi, tejribe alyşmagy zerurdyr. Mundan hem başga, uzak taryhy döwürlerde hemişe özara gatnaşykda bolan, medeniýetleriniň, ynanç-ygtykatlarynyň, kähalatda dilleriniň we däp-dessurlarynyň ýakynlygy bilen tapawutlanýan goňşy ýurtlaryň öz aralarynda düşünişmegi, ylalaşmagy aňsatdyr. Bu parahatçylykly ýaşamagyň, hoşniýetli goňşuçylygyň ilkinji şertleri bolup durýar. Häzirki çylşyrymly döwürde munuň özi halkara, döwletara gatnaşyklaryň gymmatly tarapydyr. Munuň şeýledigini şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti has-da aýdyň ýüze çykardy. Gurama gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet, hökümet Baştutanlarynyň özara hyzmatdaşlygyň ajaýyp geljegine berk ynamy olaryň çykyşlarynda, sammitiň çäklerinde kabul edilen resminamalarda, esasan hem Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynda has-da äşgär boldy. Halklaryň ykbalyna, geljegine jogapkärçilik ol resminamalaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär we sebitiň geljegini kepillendirýär.
Sebitleýin hyzmatdaşlyk guramalarynyň işiniň işjeňleşmegi netijesinde ýurtlaryň arasynda haryt dolanyşygynyň artýandygy, ykdysady ösüşleriň barha rowaçlanýandygy, ylmy-tehnologik ösüşlerde ilerlemeleriň güýçlenýändigi baradaky maglumatlar äşgärdir. Bu bolsa dünýä gatnaşyklaryndaky täzelenişiň umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýändigini görkezýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz bu täzelenişiň, ösüş-özgerişiň merkezindedir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň özgertmeler syýasatynyň ajaýyp miwesidir.
Ata SERDAROW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty.